Ylmy makalalary çapa taýýarlamakDA bildirilýän talaplar

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynda çap etmek üçin žurnalyň öz mowzuklaýyn ugruna gabat gelýän ylmy makalalar türkmen, rus we iňlis dillerindäki nusgalarda kabul edilýär. Çapa hödürlenýän işler üç dilde, çap edilmäge doly taýýar, edebi taýdan doly işlenilen we awtor tarapyndan gol çekilen görnüşde tabşyrylýar. Makalanyň ahyrynda onuň awtory baradaky takyk maglumatlar: awtoryň familiýasy, ady, atasynyň ady, iş ýeri, habarlaşmak üçin telefon belgisi, elektron poçtasynyň salgysy görkezilýär. Redaksiýa, awtor bilen ylalaşmak arkaly makalanyň beýanyna zerur hasaplanan düzedişleri girizmek, ony gysgaltmak hukugyny özünde saklap galýar. Hödürlenýän makalalaryň her biri http:www.antiplagiat.ru Internet-sahypasyndaky «Антиплагиат» hyzmatlar ulgamy arkaly düýpli barlagdan geçirilýär.

Makalanyň umumy möçberi 10 müň belgiden, ondaky suratlaryň, tablisalaryň ýa-da diagrammalaryň mukdary 5-den köp bolmaly däldir.

Makalanyň elektron nusgasy Word for Windows formatynda tabşyrylmalydyr hem-de içine salnan faýl görnüşinde arhit_magazine@mail.ru salgysy boýunça iberilmelidir.

Diagrammalar, suratlar, fotosuratlar 1 (bir) dyuýmda 300 nokatdan az bolmadyk çözgütli aýratyn faýl görnüşinde tabşyrylýar, giňeldilişi jpg ýa-da tif nusgalarynda bolmaly. Şekilleriň her biriniň aşagynda degişli teswir ýazgysy getirilmeli. Şekilleriň her birine makalanyň beýanynda salgylanma saklanmalydyr. Şekilleri teswir ýazgylarynyň arasynda ýerleşdirmek maslahat berilmeýär.

Tablisaly maglumatlar skanirlemek usulyny, dürli reňk düşeklerini, goýy çyzylan tablisa öýjügini peýdalanmazdan ýerine ýetirilmelidir. Tablisalar Word for Windows formatyndaky ülňülere laýyklykda çapa taýýar edilmelidir. Tablisalaryň her biri degişli tertip sany bilen belgilenmelidir.

Peýdalanylan edebiýatlara we çeşmelere salgylanmalar iki burçly şekiliň içinde şu tertipde berilýär: çeşmäniň peýdalanylan edebiýatlara laýyklykdaky tertip sany, goşa nokat, sahypa belgisi. Meselem: [1: 98].

Bellikler. Aýry-aýry sahypalar boýunça bellikler, tutuş golýazmanyň sahypalaryny uçdantutma san belgilemek bilen, degişli sahypanyň aşagynda berilýär.

Edebiýatlaryň we çeşmeleriň sanawy aýratyn sahypada elipbiý tertibinde ýerleşdirilýär we iki bölekden ybarat bolmaly: birinjisinde – latyn elipbiýinde, ikinjisinde bolsa – kiril elipbiýinde çap edilen işler berilýär. Şol bir awtoryň ýerine ýetiren işleri çap edilen seneleriniň yzygiderliliginde ýerleşdirilýär. Dürli işler şol bir ýylda çap edilen bolsa, olar «a», «b», «ç» harplary bilen belgilenen bentlerde, ilkinji adyny görkezmek arkaly getirilýär. Edebiýatlaryň sanawynda maglumatlaryň gysgaldylan (her sözüniň baş harpyndan düzülen) aňlatmasynyň görkezilmegine ýol berilmeýär. Ýazuw çeşmesiniň kitapteswirçilik (bibliografik) beýany üçin zerur maglumatlaryň çeşmesi hökmünde neşiriň sahaby (daşky sahypasy) hyzmat edýär.Ylmy monografiýalaryň we ýygyndy neşirleriniň kitapteswirçilik beýanynda çeşmäniň çap edilen ýyly onuň çap edilen şäherinden soň goýulýar, şunda neşirýatyň ady görkezilmeýär. Döwürleýin neşirlere salgylanylýan bolsa, şol neşiriň jilti, № belgisi, goýberilişi anyk görkezilmelidir.

Çapa taýýarlyk derejesi ýokarda beýan edilen şertlere gabat gelmeýän we sowatly terjimesi bolmadyk makalalar redaksiýanyň garamagyna kabul edilmeýär. Makalany çapa hödürlemek baradaky oňyn çözgüt Redaksiýanyň geňeşi tarapyndan deslapdan golýazmalara berlen synlar hem-de umumy düzümde ses bermegiň netijeleri boýunça çykarylýar. Makalany çapa hödürlemeli däl diýen çözgüdiň çykarylmagyna hödürlenýän işde ozal belli bolan ylmy maglumatlaryň gerimini giňeldýän, ylmy-amaly taýdan gymmatly maglumatlaryň ýoklugy delil bolup biler. Çykarylan ahyrky netije barada awtoryň özüne habar berilýär. Redaksiýa tabşyrylan makalalar yzyna gaýtarylyp berilmeýär.

Žurnalyň sahypalarynda gurluşyk kompaniýalary, gurluşyk serişdeleri we tehnikalary barada mahabatlar çap edilýär

Tel. (993 12) 92 18 44; 92 18 55

E-mail: arhit_magazine@mail.ru