GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Hormatly sergä gatnaşyjylar!
    Gadyrly myhmanlar!

    Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
    Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergisini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi.

  • Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de halkara çäreleri bilen baglanyşykly meýilleşdirilen meselelere garaldy.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. 

    Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we tutuş türkmen halkyny ýetip gelen baýramçylyk — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli gowulyklary arzuw etdi. 

  • Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.

  • Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtynyň şaýollary boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň iş gününiň öňüsyrasynda başlan 30 kilometrlik welosipedli ýörişiniň ugry Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinden Aşgabadyň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdançasyna çenli dowam etdi.

  • Сегодня, когда в нашей стране отмечается День Конституции и Государственного флага Туркменистана, торжественные акции, приуроченные к этой знаменательной дате, прошли и за рубежом. Одним из таких ярких событий стала церемония открытия школы, построенной по инициативе Президента Гурбангулы Бердымухамедова силами представителей Союза промышленников и предпринимателей Туркменистана в селе Фунтово Приволжского района Астраханской области Российской Федерации. 

  • Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bellenýän wagty bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler daşary ýurtlarda hem geçirildi. Şunuň ýaly ajaýyp wakalaryň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda gurlan mekdebiň açylyş dabarasy boldy.

  • «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän şu ýyl ýurdumyzda baý milli mirasy öwrenmäge we gorap saklamaga örän uly üns berilýändigine şaýatlyk edýän ýene-de bir ajaýyp waka beslendi. 

    Şu gün “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda ýurdumyzda örän iri arheologik toplum hökmünde tanalýan gadymyýetiň täsin binagärlik gurluşy bolan Uly Gyzgalyny gorap saklamak boýunça türkmen-amerikan taslamasynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. 

  • Şu gün Babadaýhan etrabynda täze döwrebap senagat toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy, ol “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde, şeýle hem eksport ugurly önümleriň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina ediler. 

  • Kaka etrabynda durky täzelenen durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermek dabarasy boldy.

    Çärä welaýat we etrap häkimlikleriniň, bilim ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, hormatly ýaşulular, bilim ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Pages