GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • „Parahat-7“ ýaşaýyş jaý toplumynyň merkezinde ýigrimi müň inedördül metrden gowrak ýerde „Bereketli“ söwda merkeziniň gurluşygytamamlanyp barýar. Taslamany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň tabşyrygy boýunça „Belent jaý“ hususy kärhanasy amala aşyrýar. 

    Eýýäm şu ýylyň özünde bu ýerde senagat we azyk harytlary satylýan söwda nokatlarynyň, et, süýt, balyk we beýleki önümlere ýörüteleşdirilen pawilýonlaryň 280-si açylar. Söwda zalyndan başga-da, kafe, şeýle ýurdumyzda belli belgili „Halk market“ uniwersal dükan hereket eder. 

  • Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün iş maslahatyny geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

    Maslahatyň dowamynda bu ýerde geçiriljek Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň gün tertibine girizilen meselelere garaldy, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, halk maslahatynyň işini ýola goýmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

  • Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) 

    Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş sapary bilen ugrady, bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. 

    Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. 

    Bu ýerde, howa menzilinde milli Liderimiz Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 

  • Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine şol bir wagtda buýrujy we baş potratçy hökmünde Amyderýanyň üstünden geçýän “Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda ýadygärlik ýazgyly monumentiň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak işlerini amala aşyrmaga ygtyýar berildi. 

    Gurluşyk işlerine 2017-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we monumenti 2018-nji ýylyň mart aýynda doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

  • „Hilli gurluşyk önümleri“ hojalyk jemgyýeti ýylda 12 million inedördül metr gipsokarton we 100 müň tonna otaglaryň bezeginde ulanylýan gury gips garyndylaryny çykarar. Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde ýerli telekeçiler bezeg materiallarynyň çykarmak boýunça kärhanany bina edýärler. Onuň sehleri gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhananyň senagat zolagynda ýerleşýär. Bu ýerde güýçli depginlerde önümçilik binalary, durmuş we edara jaýlary gurulýar.

  • Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi.

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan muzdsuz berlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önümleriň umumy bahasy 280 müň manatdan gowrakdyr.

  • Türkmenistan binagärlik taslamalary göçürilmeginden goramagy maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli tabşyryklary berdi.

  • Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda degişli inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümi bolan ýaşaýyş jaý toplumy gurlar .

    Taslama laýyklykda, 32 gektar meýdanda 1120 maşgala niýetlenilen 32 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 35-sini, şeýle hem 160 orunlyk çagalar bagyny, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebi we köpugurly söwda merkezini gurmak göz öňünde tutulýar. Ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen täze ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň buýrujysy ýurdumyzyň Senagat ministrligi bolup durýar. Işleri bäş ýylyň dowamynda iki tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

  • Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hem-de hukuk goraýjy düzümleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

Pages