GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getrimek Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz sebitleýin we sebitara ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr kuwwata eýedir.

  • Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  ýolbaşçylygynda ýurdumyz täze-täze ösüşlere eýe bolýar. Sebitara dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary ýola goýmagyň netijesinde ýurdumyz ykdysady  ösüşlere yzygiderli eýe bolýar. Ulag we aragatnaşyk pudagynyň demir ýol ulgamynda hem sebitara üstaşyr-ulag aragatnaşygyny gurnamak we ony girdeýjili pudaklaryň hataryna goşmak üçin geçirýän halkara demir ýol gurluşyk işleri hem geljekde bähbitli netijelere alyp barar we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we giňeltmäge täze itergi berer.

Pages