GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Häzirki zaman şäher gurluşyk ýörelgesi sazlaşykly durmuş gurşawyny göz öňünde tutýar, ol oňaýlylygy, innowasiýalary, ekologiýa taýdan arassalygy öz içine alýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy bilen bir wagtda olaryň ýanynda durmuş we medeni-dynç alyş infrastrukturasy hem döredilýär, seýilgäh zolaklary kemala getirilýär, landşaft bezegleri binalalryň sazlaşygyna görk goşýar. 

  • „Lebap“ sement zawody gündogar sebitde dört ýyl mundan ozal bina edilipdi. Şu döwürde kärhanada ýokary hilli gurluşyk materialynyň 623 müň tonnasy öndürildi, onuň bir bölegi goňşy Owganystana ibeirilýär. 

    Zawod logistika ýörelgelerine laýyklykda Köýtendag etrabynyň gazylyp alynýan peýdaly magdanlara baý ýerinde guruldy. Golaýdaky karýerllerde önümçilik üçin zerur hek, kwars çägesi, gips we toýun ýaly çig mal alynýar. Taslama amala aşyrylanda esasy üç ugra: sementiň hiline, önümçiligiň tygşytlylygyna we ekologiýasyna üns berildi. 

  • Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlarynyň başlanmagyna az wagt galdy. “Aşgabat 2017” taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar, milli Liderimiz öňde boljak iri bäsleşiklere taýýarlyk görmek meselelerine uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini guramakda iri möçberli işler geçirilýär.

  • Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly möçberli goşulyşmak ugruna eýermek bilen, häzirki wagtda okgunly ösýän döwletleriň sanawynda mynasyp orun eýeledi. Tutuş halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion ýoly bilen ösdürmek syýasatynyň esasyny düzýär.

  • Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly möçberli goşulyşmak ugruna eýermek bilen, häzirki wagtda okgunly ösýän döwletleriň sanawynda mynasyp orun eýeledi. Tutuş halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion ýoly bilen ösdürmek syýasatynyň esasyny düzýär. 

  • Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň döwlet maksatnamalary gurluşyk materiallaryny öndürmek ulgamynyň çalt depginlerde ösmegine getirdi, ol daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlary ýurdumyzda öndürmegiň esasy ugry boldy.Ýurtda ekologiýa taýdan howpsuz, ýokary hilli gurluşyk we bezeg materilallaryny, dürli ähmiýetli turbalary, demir gurnamalary we başga-da ençeme zatlary öndürmek üçin baý çig mal binýady bar. Tutuş ýurtda bazaryň talaplaryna görä täze kärhanalar gurulýar, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenilýär we ugry üýtgedilýär. 

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda geçirilýän iri möçberli işleriň barşy, şeýle hem Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdy. 

  • Tutuş ýurdumyz boýunça—paýtagtymyzda we welaýatlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Aşgabat-2017” taslamasynyň çäklerinde 29-njy iýulda guralmagy göz öňünde tutulýan täze wagyz ediş çäresine - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe taýýarlyk görülýär. 

  • Aşgabadyň gür ilatly ýerinde ulanmaga berlen Saglyk öýi maşgala lukmanlary hem-de beýleki hünärmenler we zerur bolan işgärler bilen üpjün edildi. Ol keseli anyklaýyş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Saglyk öýi maşgala lukmançylygy, enjamlar arkaly anyklaýyş, aýallara maslahat beriş, hirurgiýa, stomatologiýa, fiziobejeriş, bejeriş-bedenterbiýe, barlaghana we gündizki hassahana bölümlerinden ybaratdyr.

  • Mary welaýatynyň merkezinde täze ýöriteleşdirilen hassahananyň — Iç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy. Ol Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Pages