GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Paýtagtymyzyň Oguzhan we Ankara köçeleriniň çatrygynda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasynyň açylyş dabarasy ýaýbaňlandyryldy. 2011-nji ýylda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan esaslandyrylan bu bank maliýe ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilýän döwründe möhüm serişdeleriň birine öwrüldi.

  • Şu gün täze binalaryň açylyşy mynasybetli guralýan dabaralar paýtagtymyzyň günbatar künjeginde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde dowam etdi. Bu ýerde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 68-si gurlup ulanmaga berildi.

  • Şu gün ýurdumyzyň baş şäherinde ykdysady we durmuş maksatly binalaryň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, täze ýollaryň açylyş dabaralary boldy. Paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň birbada 5-siniň açylyş dabarasy boldy.

  • Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça Dokma senagaty ministrligine bardy, şol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdy.

  • Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýat merkezlerini, etraplardaky şäherçeleri we şypahana zolaklaryny gurşap alan binagärlik-şähergurluşyk işi okgunly ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz diňe bir gurluşyk işleriniň hiline däl, eýsem, häzirki zaman binagärliginiň bezegine, bu pudakda daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini hem-de ylmy pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlaryny özleşdirmäge hem aýratyn üns berýär.

  • “Türkmengaz” Döwlet konserniniň okuw merkezi Aşgabatda, Çoganly ýaşaýyş toplumynda açyldy. Ak mermerli binalar toplumy 3 gektar meýdanda ýerleşdirildi.

    Ýurdumyzyň känlerinde işjeň ornaşdyrylýan innowasion enjamlary we tehnologiýalary çalt hem-de ýokary hilli özleşdirmek üçin bu ýerde hemme şertler döredildi. Merkezde bir wagtyň özünde 120 hünärmen hünär derejesini ýokarlandyryp biler.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen hatlarda daşary ýurtly döwlet ýolbaşçylary 60 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar. 

    Berk jan saglygyny we abadançylyk arzuw edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon öz hatlarynda mähirli gutladylar. 

  • Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş ulgamynyň täze desgasynyň – paýtagtymyzyň Arçabil etrabynda bina edilen “Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze bina Köpetdagyň belent dag depeleriniň golaýynda ajaýyp jülgede peýda boldy. “Gala” medeni-dynç alyş merkezi ýerli tebigat aýratynlyklar bilen sazlaşyp, Aşgabatda hem-de tutuş ýurdumyzda kemala gelýän häzirki zaman düzüminiň üstüni ýetirip, halkymyzyň däp bolan myhmansöýerliginiň aýrylmaz bölegi bolup durýan dynç alyş ulgamynyň desgalarynyň birine öwrüler.

  • Şu gün paýtagtymyzda uly ähmiýetli binagärlik açylyşlarynyň birnäçesi bolup geçdi -- Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlary, köpgatly awtoduralga, birnäçe ugurly aýrytlary, ýerüsti we ýerasty geçelgeleri bolan zerur düzümli şäheriň onlarça kilometr awtomobil ýoly, şeýle hem paýtagtymyzyň günorta böleginde seýilgäh ulanmaga tabşyryldy. Dabaralara paýtagtymyzyň dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik toparlary aýdym-sazly joşgunly çykyşlaryny görkezdiler. 

  • 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda türkmen halky giň bäsdeşlik esasynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk demokratik saýlawlarynyň barşynda täze döwrüň syýasatçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlady. Bu waka türkmen döwletiniň taryhyndaky täze döwrüň başlangyjy hökmünde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Pages