GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň ýeňşine uly goşant goşan türkmen tälimçileriniň hem-de türgenleriniň—milli ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň üstünligini ýokary döwlet sylaglary – “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlar bilen belledi.

  • Türkmenistanyň Gurluşyk  we  binagärlik ministrliginiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň ussat türgenleriniň “Aşgabat 2017” oýunlarynda gazanan ýeňişleri  bütin dünýäniň sport janköýerlerini buýsanja besledi

  • Çarşenbe güni Aşgabat 2017-niň ähli medallary öz ussatlygyny görkezen mynasyp türgenlere gowşuryldy, emma şu wagta çenli geçirilen iň gowy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagyna ýene-de bir ädim galdy.   

    Oýunlaryň ahyrky tapgyry bolan ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni agşam  Aşgabat 2017-ni ýapyk diýip yglan etmegi bilen başlandy.

  • 27 sentýbrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy.

    Şeýle derejedäki we örän giň möçberli çäreleri geçirmek — munuň özi örän uly jogapkärçilik bolup durýar. Aşgabat bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelip, medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň merkezi, parahatçylyk dörediji şäher hökmünde asylly ýörelgäni ýerine ýetirdi. Tutuş ýurdumyz täze taryhynyň şanly wakasyna örän taýýarlykly geldi. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini hem berdi.

  • Düýn “Aşgabat 2017” oýunlarynyň iň soňky medallar toplumlary ugrunda bäsleşikler geçirildi. Tutuşlygyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi. 

  • Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda tamamlanmagyna bir gün galanda Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Watandaş türgenlerimiz sambo, kikboksing, grek-rim göreşi, küşt boýunça ýaryşlarda medallaryň 15-sine, şol sanda altyn medallaryň 4-sine mynasyp boldular. 

  • V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda görkezilen ajaýyp sahnalaşdyrylan çykyşlaryň barşynda gadymy Marguş ýurduna amala aşyran syýahatymyzy jemlemek bilen, biz ägirt uly monitorda yşyk-lazer enjamy arkaly Kiçi we Uly Gyzgala, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly ýadygärlikleriň döreýşini gördük.

    Şonda Olimpiýa stadionynda bolan ýurdumyzyň myhmanlarynyň biri “Bu gözellikleri nirede görmek bolýar? Olar nirede ýerleşýär?..” diýen sowal bilen ýüzlendi.

    6. Gadymy Merw – şalaryň kalby

  • Şu gün V Aziadanyň çäklerinde sportuň on bir görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi - olardan sambo, kikboksing, erkin göreş, agyr atletika, bilýard, sport tanslary boýunça türgenlerimiz 23 medala, şol sanda 6 altyn medala mynasyp boldular.

    Häzirki pursada çenli Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi 229 medala – 85 altyn, 65 kümüş we 79 bürünç medala eýe bolup, umumy hasapda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda uly tapawut bilen ynamly öňdeligi eýeleýär.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

  • “Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşy boldy”. Şanly waka baradaky bu habary dürli ýurtlaryň, ozaly bilen bolsa Aziýa sebitiniň köpsanly täzelikler hem-de sport elektron neşirleri, habarlar agentlikleri, tele we radio ýaýlymlary ýyldyrym çaltlygynda bütin dünýä ýaýratdylar. 

Pages