GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş ulgamynyň täze desgasynyň – paýtagtymyzyň Arçabil etrabynda bina edilen “Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze bina Köpetdagyň belent dag depeleriniň golaýynda ajaýyp jülgede peýda boldy. “Gala” medeni-dynç alyş merkezi ýerli tebigat aýratynlyklar bilen sazlaşyp, Aşgabatda hem-de tutuş ýurdumyzda kemala gelýän häzirki zaman düzüminiň üstüni ýetirip, halkymyzyň däp bolan myhmansöýerliginiň aýrylmaz bölegi bolup durýan dynç alyş ulgamynyň desgalarynyň birine öwrüler.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen hatlarda daşary ýurtly döwlet ýolbaşçylary 60 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar. 

    Berk jan saglygyny we abadançylyk arzuw edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon öz hatlarynda mähirli gutladylar. 

  • Şu gün paýtagtymyzda uly ähmiýetli binagärlik açylyşlarynyň birnäçesi bolup geçdi -- Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlary, köpgatly awtoduralga, birnäçe ugurly aýrytlary, ýerüsti we ýerasty geçelgeleri bolan zerur düzümli şäheriň onlarça kilometr awtomobil ýoly, şeýle hem paýtagtymyzyň günorta böleginde seýilgäh ulanmaga tabşyryldy. Dabaralara paýtagtymyzyň dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik toparlary aýdym-sazly joşgunly çykyşlaryny görkezdiler. 

  • 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda türkmen halky giň bäsdeşlik esasynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk demokratik saýlawlarynyň barşynda täze döwrüň syýasatçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlady. Bu waka türkmen döwletiniň taryhyndaky täze döwrüň başlangyjy hökmünde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň merkezi künjekleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, oňaýly ekologiýa ýagdaýyny saklamak hem-de şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin amatlyklary üpjün etmek, seýilgäh zolaklaryny döretmek we onuň syýahatçylyk özüne çekijiligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berdi. 

  • Şu günler Aşgabatda boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 120-ä golaý türgen gatnaşýar. Şu gezekki ýaryşlar aýratyn ähmiýetlileriň hataryna girer, sebäbi hormatly myhmanlaryň arasynda belli türgen, dünýäniň absolýut çempiony Konstantin Szýu.

  • Onuň açylyş dabarasyna etrap we welaýat häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Demir ýol ulaglary ministrliginiň dürli bölümleriniň işgärleri, etrap merkeziniň ilaty gatnaşdylar. Dabarada Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň ugrunda demir ýol infrastrukturasyny kämilleşdirmek jähtinden täze binanyň ähmiýetiniň uludygy bellenildi. Tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmaly sowgatlar gowşuryldy. 

  • 2017-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde “Aşgabat geçmişiň, şu günüň, geljegiň beýik şäheri” atly sergi-bäsleşigi hem-de okuw maslahat geçirildi. Ministrligiň giň ýaýlymly zalynda  Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň aýdym-saz topary çykyş etdi. Maslahata gatnaşyjylar sergi bäsleşigine hödürlenen taslamalar we eksponatlar bilen tanyşdylar.  

  • Ýerli çig maldan gury gips garyndylaryny we gipsokartony çykarmaga niýetlenen bölümleri Magdanlyda bar bolan gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhananyň senagat zolagynda ýerleşer.

    Häzirki wagtda bu ýerde 8 gektar meýdanda otaglary bezemek üçin gury garyndylaryň 100 müň tonnasyny hem-de ýylda 12 million inedördül metr gipsokarton çykarmaga niýetlenen hojalyk jemgyýetiniň önümçilik binýady döredilýär. Raýatlaryň alyp barýan gurluşygynda giňden peýdalanmaga niýetlenen önümleri çykarmak üçin häzirki zaman tehnologik enjamlar satyn alyndy.

  • Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň möhüm meselelerine we geljekki ugurlaryna bagyşlanan maslahat geçirdi. Maslahatda paýtagtymyzyň düzümlerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy. 

Pages