GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

  • Türkmenlerde däp bolan ak öýleri özboluşly gaýtalaýan “Ak öý” binalary Türkmenistanyň ähli welaýat merkezlerinde gurlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna jogakär bellenilen wise-premýerlere, welaýat häkimlerine bu barada görkezme berdi.

    Döwlet Baştutanymyz Balkanabat, Daşoguz we Türkmenabat welaýat merkezlerinde “Ak öý” binalarynyň gurluşygyna girişmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

  • Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine geldi. 

    Türkmen Lideri howa menzilinden çykyp, Gara deňziniň gözel kenarynda ýerleşen “Radisson Blu Resort & Congress Centre” kaşaň myhmanhanasynyň Konresler merkezine bardy. 

    Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy boldy. 

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi. 

    Sergi ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünliklerimizi giňden şöhlelendirilýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary depginler bilen dumukly ösýändigini aýdyň görkezýär – diýlip gutlagda aýdylýar. 

  • Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

  • Hor­mat­ly Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar! 
    Hor­mat­ly ak­sak­gal­lar! 
    Ha­nym­lar we je­nap­lar! 

    Il­kin­ji no­bat­da, men si­zi Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň açyl­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Şu mas­la­ha­ta gat­naş­ýan hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ga­dyr­ly myh­man­lar we mäh­ri­ban adam­lar, si­ziň äh­li­ňi­ze min­net­dar­lyk bil­dir­mek we iň go­wy ar­zuw­la­ry­my be­ýan et­mek is­le­ýä­rin. 

  • Şu gün “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy.

  • Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň dag etegindäki ajaýyp ýaýlasynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şol ýerde bag ekmek boýunça nobatdaky ekologiýa çäresi bolan ählihalk ýowaryna badalga berdi. 

    Ýoluň ugrunda dikilen köpsanly ak öýleriň ýanynda oba durmuşyna degişli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. 

  • Aşgabat-Daşoguz gara ýolunyň 32-nji kilometrinde iri gazhimiýasy önümçiginiň- tebigy gazdan benzin almak boýunça zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. 

    Iş tabşyryjy „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň maglumatlaryna görä, şu özboluşly ýokary tehnogiýaly kärhanada dünýäde ilkinji gezek uly möçberde tebigy gazdan suwuk ýangyç- benzin alnar. 

Pages