GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen demirýolçularyny lokomotiw deposynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Onda şeýle diýilýär: Döwlet we halkara ähmiýetli demir ýollaryň, inženerçilik we dolandyryş desgalarynyň gurluşyklarynda siziň gazanan üstünlikleriňiz, çekýän halal we tutanýerli zähmetiňiz eziz Diýarymyzyň ynamly ösüşine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, halk hojalygynyň beýleki ulgamlarynyň pugtalanmagyna uly goşant goşýar. 

  • Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. 

    Iki gatly kottež jaýlaryň we üç hem-de dört gatly ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň günorta künjegine boldy Bu ýerde medeni-durmuş maksatly hem-de häzirkiaman durmuş düzümi bolan desgalaryň täze toplumy emele geldi. 

  • Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. 

    Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen binalar toplumynyň toý bagyny kesdi. 

    Jaýlaryň öňündäki meýdançada baýramçylyk çykyşlary boldy. Medeniýet we sungat ussatlary türkmen toýlaryna mahsus çykyşlary ýerine ýetirdiler. 

  • Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleribilen tanyşdy hem-de atly gezelenç etdi. 

  • Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen bedenterbiýä we sporta raýatlarymyzy işjeň çekmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda yglan edilýän dürli bäsleşikler ýaşlarda çuňňur gyzyklanmalary artdyrýar.

    2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 10-15-i aralygynda Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde erkekleriň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça “Dragon Oil” kompaniýasynyň “Saglyk” Kubogy ugrundaky ýaryşy geçirildi.

  • Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary—stats-sekretary Grigoriý Karasini kabul etdi.

  • Paýtagtymyzda “Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilýän maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. 

  • Gurluşygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýaşlara bilim berýän Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde 2010-njy ýylda döredilen folklor-etnografik tans toparynyň “Ak mermer” ady Gahryman Prezidentimiziň paýtagtymyz Aşgabady dünýä ýüzünde ak mermere beslenen merjen şähere öwürmek babatda alyp barýan işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

    “Ak mermer” folklor-etnografik tans toparynyň düzüminde 40-dan gowrak tansçy oglan-gyz, 20-ä golaý aýdymçy hem-de 15 sazanda bar. Tans toparyna Begenç Murzaýew ýolbaşçylyk edýär.

  •  

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Niklaus” kompaniýalar toparynyň baş direktory Jek Niklausy kabul etdi.

    Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzdaky Golf-klubuň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu klubuň döredilmegi sportuň bütin dünýäde meşhur bolan golf görnüşini Türkmenistanda ösdürmäge ýardam etmelidir.

Pages