GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  •  

    Şu gün Germaniýanyň paýtagtynyň merkezinde, meşhur Muzeý adasynda ýerleşýän Täze muzeýde “Margiana —–Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi açyldy. Sergide ýurdumyzyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklar daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi hem-de iki ýyl mundan ozal güýje giren “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi netijesinde mümkin boldy.

  • Şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilýän dabaralara daşary ýurtly žurnalistler hem gatnaşýarlar, olar Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralary beýan etmek üçin geldiler. Dabaralaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebit bölüminiň ýolbaşçysy Robert Fransew bilen gürrüňdeş boldy. 

  • Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry bi­len Bal­kan we­la­ýa­ty­na ug­ra­dy. 

    Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar. 

    Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar duz-çö­rek hö­dür et­di­ler. Din iş­gär­le­ri Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ni we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny di­leg edip, do­ga oka­dy­lar. 

  • Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda esasy wakalar ýaýbaňlandy.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde halypa çapyksuwarlaryň at çapyşyklary, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

  • Şu gün bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp guralan Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady.

  • Balkan welaýatynyň administratiw merkezinde iri ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna başlanyldy. “Türkmendöwlettaslama” Institutynyň hünärmenleriniň binagärlik ideýalaryny Senagat ministrliginiň “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň gurluş bölümi bolan Türkmenabadyň “Zergerdemirbetonönümleri” zawodynyň işgärleri durmuşa geçirer. 

  • Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň administratiw merkezinde köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi gurulýar. Olaryň üçüsini, degişlilikde on alty, ýirgimi dört we otuz iki öýli jaýlary “Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasynyň, ýene bir - 32 öýli jaýy bolsa.“Gölli baý” şahsy kärhanasynyň işgärleri bina edýärler. 

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly täze kitabynyň ägirt uly meşhurlygy milli Liderimiziň öz eseriniň giriş böleginde ýazan: «Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetiň geçmişde ata-babalarymyzyň dünýä ösüşleriniň taryhyna saldamly goşant goşan döwürlerine gyzyklanmasy aýdyň ýüze çykdy» diýen sözleriniň subutnamasy bolup durýar.

Pages