GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Hormatly Prezidentimiziň paýhasly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistanyň halkara daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi gatnaşyklaryda gazanylýan belent sepgitlerde öz beýanyny tapýar.

  •  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz Adyl Arkadagymyzyň öňden görüjilikli syýasaty netijesinde günsaýyn gülläp ösýär. Haýsy bir ulgama seredeniňde hem Hormatly Prezidentimiziň ýadowsyz aladalarynyň miwesini görýäris. Şeýle begençli pursatlaryň biri hem Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Gazagystan – Türkmenistan – Eýran halkara demir ýolunyň açylyşy bolup durýar. Geçen ýylyň maý aýynda bu demir ýol geçelgesiniň türkmen – gazak bölegi ulanylmaga berlipdi. Şol gurulan demir ýolunyň biziň öz gurluşykçylarymyzyň gurmagy biziň başymyzy göge ýetirýär.

  • Bu günki gün gülleýän gül açýan diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdymyzda ähli ugurlarda  ägirt uly ösüşler gazanylýar. Biziň  her bir günümiz toýdyr-baýramlara beslenýär. “Aziýanyň asudalyk adasy” diýip, tanalýan Türkmenistan Watanymyz baky Bitaraplygymyzyň 19 ýyllyk toýunyň öňi syrasynda, adamlaryň  şatlygyny artdyrýan, ýene bir ýatdan çykmajak wakanyň şaýady boldy. Has takygy Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy.

  • Häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getrimek Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz sebitleýin we sebitara ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr kuwwata eýedir.

  • Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  ýolbaşçylygynda ýurdumyz täze-täze ösüşlere eýe bolýar. Sebitara dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary ýola goýmagyň netijesinde ýurdumyz ykdysady  ösüşlere yzygiderli eýe bolýar. Ulag we aragatnaşyk pudagynyň demir ýol ulgamynda hem sebitara üstaşyr-ulag aragatnaşygyny gurnamak we ony girdeýjili pudaklaryň hataryna goşmak üçin geçirýän halkara demir ýol gurluşyk işleri hem geljekde bähbitli netijelere alyp barar we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we giňeltmäge täze itergi berer.

Pages