GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVI köpugurly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

    Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şu mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergisini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi.

  • Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynyň “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

    Milli Liderimiz ilatyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegini, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi. Şunda hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň – durmuş syýasatynyň esasy ugrudygyny belleýär.

  • UGUR – AZIADA – 2017-A TARAP

     

    TÜRKMENISTAN – RUHUBELETNLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ ÝURDY

     

  • Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa Awtonom çäkli düzümiň Wulkaneşt etrabynyň Çişmikioý obasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen doganlyk halka sowgat hökmünde gurlan “Dostluk” çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.

  • Sergä dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar: bu ýerde guralan “KHBS Belarusda” atly XXI halkara ýöriteleşdirilen sergi diňe bir ýerli metbugat üçin öz mümkinçiliklerini görkezýän meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä maglumatlar giňişliginiň ugurlaryny, žurnalistikanyň okyjylar, teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler bilen özara gatnaşyklarynyň täze ýollaryny hem-de usullaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin foruma öwrüldi.

     

     

  • Türkmenistanda - Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýene-de döwrebap şypahanalaryň ikisi gurlar. 

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde degişli tabşyryklary berip, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylandygyny belledi.

    Türkmenistanda “Saglyk” döwlet maksatnamasy, Türkmenistanyň şypahana gulluklaryny ösdürmek boýunça milli maksatnamasy we beýlekiler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

  • Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirilýär. Bu baýramçylyk ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden, döwlet derejesinde bellenilýär. Milli senenamanyň bu şanly senesine atçylyk ulgamynyň täze döwrebap desgasynyň – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan Halkara karantin merkeziniň açylyş dabarasy gabatlandy. Bu dabara köpsanly daşary ýurtly myhmanlarymyz, şol sanda düýn paýtagtymyzda geçirilen baýramçylyk halkara forumlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

  • Innowasion tehnologiýalaryň we iň oňat dünýä tejribesininiň işjeň ornaşdyrylmagy, adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçegleriniň üpjün edilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanylyp, paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini gurşap alan uly möçberli özgertmeleriň esasy ugrudyr.

  • Toplumyň hünärmenleri her ýyl türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň ekologiýa bölegi babatda Aşgabatda bag ekmeklige we ösümlikler bezegine niýetlenen dürli bezeglik ösümlikleriň onlarça müň düýbüni, möwsümleýin gülleriň şitillerini ýetirşdirerler. 

  • 2017-nji ýylda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawyny tassyklandy. Degişli Buýruga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

    Sanawa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri, degişli ministrlikler hem-de pudak edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan döwlet Baştutanymyzyň ozal kabul eden kararlaryna laýyklykda, gurulýan, umumy bahasy 6,7 milliard amerikan dollaryna barabar bolan dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 586-sy girizildi.

Pages