GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berilişi ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan jemi 66 sany iki gatly kottej görnüşli öýleri, suwa düşülýän howuzlary, sport hem-de çagalaryň oýun meýdançalary, jemgyýetçilik iýmiti desgasy bolan bäş sany dynç alyş toplumlaryny gurmak teklip edilýär.

    Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üçin oňaýly bähbitlere eýe bolan ykdysadyýetiň pudagy hökmünde syýahatçylygyň ilatyň girdejileriniň we iş bilen meşgul bolmagynyň uly çeşmesine öwrülmelidigini belledi.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň töwereginde tokaý-seýilgäh zolagyny döretmek boýunça işleri gowulandyrmagy tabşyrdy.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynyň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

  • Daşoguz şäheriniň merkezi böleginde geljekki ýaşaýjylaryň gurluşyga paýly gatnaşmagynda köp öýli dört gatly jaýlaryň üçüsi bina edilýär. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýler giňişdir we olaryň gurluşygynda döwrebap ekologik serişdeler ulanylýar. Olaryň ikisinde timarlaýyş, üçünjisinde bolsa, gurluşyk işleri alnyp barylýar. Ozal Şähribossan köçesinde gurluşyga paýly gatnaşmagyň hasabyna 16 öýli şu kysmy dört gat jaý bina eilipdi. 

  •        SAGDYNLYK.

                                    RUHUBELENTLIK.

                                                                      DOSTLUK.        

                

                   OLIMPIÝA ŞÄHERJIGI –ŞATLYGYŇ MEKANY

     

  • 31.03.2017

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanda resmi saparda bolýan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurdumyzdaky ilkinji hem-de Merkezi Aziýa sebitindäki iri Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdylar. 

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Orta Aziýanyň iň uly derýasynyň üstünden gurlan Türkmenabat-Farap täze awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyş dabarasynyň öň ýanynda çap edilen neşir “Türkmenistan geljege – dostluk we ösüş köprülerini gurýar” diýlip atlandyrylýar.

    Amyderýanyň kenarlaryny birleşdirýän bu täsin inženerçilik – tehniki desga abadançylygyň we ösüşiň, giň halkara hyzmatdaşlygyna, halklaryň ýakynlaşmagyna ymtylyşyň aýdyň alamaty bolup durýar.

  • Ymamnazar demir ýol bekedinde transmilli polat ýoluň — Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Gatnawlaryň sebit ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrüljek Atamyrat — Ymamnazar — Akina täze ýoluň işe girizilmegini alamatlandyrýan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar. Ozal habar berlişi ýaly, owgan Lideri Türkmenistana sapar bilen geldi we 26—27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşdy.

  • Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar! 
    Gadyrly myhmanlar! 

    Sizi «Türkmengurluşyk—2016» atly halkara serginiň we «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň we maslahatyň köpugurly halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam berjekdigine berk ynanýaryn. 

  • Hormatly Prezidentimiziň paýhasly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistanyň halkara daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi gatnaşyklaryda gazanylýan belent sepgitlerde öz beýanyny tapýar.

Pages