Türkmenistanyň Prezidenti ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy we Sport ulag merkezine bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýurdumyzyň IIM-niň şahsy düzümine niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulanmaga berlen jaýlarda döredilen şertler we gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine bardy. 

Säher bilen milli Liderimiz häzirki döwürde Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin kottejler toplumynyň bina edilýän ýeri bolan Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çägine geldi. 

IIM-niň ýolbaşçysy I.Mulikow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ýokary ülňülerine laýyk derejede bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda döredilen şertler bilen tanyşdy. 

IIM-niň buýurmasy esasynda bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny bu düzüme degişli gurluşyk birleşigi alyp barýar. Her biri iki gatdan ybarat bolan jaýlarda giň otaglaryň bäşisi ýerleşdirilendir. Ýurdumyzda häzirki döwürde bina edilýän ähli ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem ýaşaýjylar üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulypdyr. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň maddy üpjünçiligini we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň, şahsy düzümleriň we olaryň maşgala agzalarynyň mynasyp işleri hem-de ýaşaýyşlary üçin zerur şertleri üpjün etmek döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanar. Şonuň bilen baglylykda, bu düzümlerde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda serkerdeleriň, harby gullukçylaryň we harby we hukuk goraýjy edaralarynyň beýleki işgärleriniň 500 maşgalasynyň täze öýlere göçüp barandyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Soňra hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän täze jaýlary synlady. Kottej jaýlarynyň içki abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz otaglarda amatlylygy döredýän ähli ugurlara hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow otaglaryň gapylarynyň, penjireleriniň we ikinji gata galýan basgançaklaryň ýerleşdirilişi, olaryň ygtybarlylygy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz otaglar bilen tanyşlygyň dowamynda birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy. Olaryň gapylary we penjireleri amatly we ekologiýa taýdan oňaýly serişdelerden taýýarlanmalydyr. 

Döwlet Baştutanymyz täze jaýlarda türkmen halkynyň däp-dessuryna laýyklykda, toý çärelerini we beýleki dabaralary guramak, myhman kabul etmek, sadakalary geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýratyn belledi. Şunuň ýaly ýaşaýyş jaýlary bina edilende, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr we milli ýörelgeler, häzirki zaman mümkinçilikleri hem-de tejribeleri bilen utgaşmalydyr. 

Ýaşaýyş jaýlaryny synlamagyň dowamynda, döwlet Baştutanymyz olaryň daşky bezegleriniň döwrebap derejede bolmalydygyna ünsi çekdi. 

Şeýle hem otaglaryň ýerleşdirilişi, olaryň içki bezegleri we reňk aýratynlyklary bu jaýlara göçüp geljek maşgalalaryň isleglerine laýyk gelmelidir. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze öýlere telefon aragatnaşygynyň, Internet ulgamynyň we kabelli teleýaýlymlaryň çekilmegi üçin zerur enjamlaryň oturdylmalydygyny tabşyrdy. 

Içeri işler ministri döwlet Baştutanymyza kottej jaýlarynyň gurluşygynda ýerli çig mallardan taýýarlanan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň ulanylandygyny habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz gurulýan täze jaýlaryň häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelmelidigini, olaryň bezeg işlerinde milli binagärlik usullarynyň peýdalanylmalydygyny belledi. Şunlukda, milli tejribeler bilen bir hatarda dünýäniň şähergurluşyk ulgamyndaky oňyn ýörelgeleri işjeň peýdalanmalydyr. Iň esasysy bolsa, bu jaýlarda adamlar üçin ýokary şertler üpjün edilmelidir. 

Çoganlydaky täze ýaşaýyş jaý toplumy paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu ýerde kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny mundan beýläk-de dowam etmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jaýlaryň mellek ýerlerini synlady. Bu ýerde gök ekinleri ösdürip ýetişdirmek we bag ekmek üçin ýeterlik ýerler bar. Döwlet Baştutanymyz täze jaýlara göçüp gelen maşgalalaryň bu ýerde milli ýörelgelere laýyk gelýän çäreleri geçirmekleri üçin zerur şertleri döretmegi tabşyrdy. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş toplumyň köçeleriniň ugrunda gök zolaklaryň döredilmelidigini, bezeg agaçlarynyň oturdylmalydygyny aýdyp, ýagyn suwlarynyň adamlar üçin oňaýsyzlygy döretmezligi babatda zerur şertleriň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Ýeri ýelende aýtsak, bu ýerde kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 40-sy ulanmaga berildi. Şeýle jaýlaryň 50-siniň bolsa gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu künjekde ýene-de 36 jaýyň gurluşygyna badalga berildi. 

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, tutuş ilatymyz üçin bolşy ýaly, harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň dowam etdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz IIM-niň Sport ulag merkezine geldi. Bu ýerde ministr Belent Serkerdebaşymyza merkeziň ikinji nobatdaky desgalarynyň gurluşygynyň barşy we diň meýdançasynyň gurluşygynyň tamamlanandygy barada hasabat berdi. 

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli täze sport welosipedi sowgat berildi. 

Mälim bolşy ýaly, sportuň ekologiýa görnüşleriniň biri bolan welosiped sportuna ýurdumyzda ägirt uly üns berilýär. Soňky ýyllarda sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary milli Liderimiziň göreldesini eýerip, sportuň bu görnüşine höwesek ýaşlaryň sany has-da artdy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Onuň hormatyna Aşgabatda ýörite bina oturdylar. 

Geçen ýyl ýurdumyzda welosiped ýörişini we ylgaw ýaryşyny öz içine alan “Beýik Ýüpek ýoly” ady bilen köpçülikleýin sport ýaryşlary geçirildi. Köp sanly adamlaryň, ilkinji nobatda bolsa ýaşlaryň çekilmegi bilen guralýan şeýle çäreler jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginiň möhüm şertini emele getirýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli görnüşli we dürli kysymly sport ulaglarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Olar Sport ulag merkeziniň ygtyýaryna ýakynda gelip gowuşdy. Döwlet Baştutanymyz sport ulaglarynyň tehniki aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy we olaryň tizlik boýunça aýratynlyklary bilen jikme-jik gyzyklandy. 

Merkeziň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz türkmen türgenleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmak, sportuň bu görnüşini wagyz etmek we ýaşlaryň awtomobil sporty bilen meşgullanmaklaryny ýola goýmak ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi. 

...Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzyň awtomobil sporty halkara derejelere çykdy. Sportuň bu görnüşli boýunça yzygiderli türgenleşikleri we dürli derejedäki ýaryşlary guramak üçin ähli zerur şertler döredildi. 

Döwlet Baştutanymyz welosiped we awtomobil sporty bilen yzygiderli meşgullanyp, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär hem-de sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda olaryň ösdürilmegine goldaw berýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli çäreleriň hemmesi halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa çagalaryň we ýaşlaryň beden saglygynyň üpjün edilmegine, olarda maksada okgunlylygyň, pugta erkiň we oňyn endikleriň terbiýelenmegine gönükdirilendir. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuş maksatly we beýleki edara binalarynyň taslamalary, şeýle hem olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Taslamalary synlap we olara degişli bellikleri aýdyp, döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde köpçülikleýin medeni çäreleri guramaga niýetlenen sahnanyň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Taslamalardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şeýle hem edara sport desgalary, şol sanda awtomobil sporty boýunça ýaryşlary geçirmäge niýetlenen toplumlaryň gurluşygy dowam etdiriler. 

Milli Liderimiz sport ulag merkeziniň çägini giňeltmegiň zerurdygyny belläp, bu ýerde degişli binalaryň gurulmalydygyny nygtady hem-de görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy, olara degişli düzedişleri girizdi. 

Soňra içeri işler ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan täze sport ulagynda diň meýdançasyna badalga bermegini we ony synagdan geçirmegini haýyş etdi. 

Döwlet Baştutanymyz diň meýdançasynyň ýollary, onuň öwrümleri we ugurlary barada gürrüň berýän çyzgylar bilen tanyşdy. 

Ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän ýoluň uzynlygy 300 metre, ini bolsa 145 metre deňdir. Diň merkeziniň umumy meýdany 4,35 gektara barabardyr. 

Milli Liderimiz täze ýoly synagdan geçirmezden öňürti, ähli zerur taýýarlyk çärelerini geçdi. Döwlet Baştutanymyz ýoluň we awtomobiliň tigirleriniň temperaturasyny ölçedi. Olar awtomobil sporty boýunça ýaryşlaryň düzgünine laýyklykda kesgitlenen derejä laýyk bolmalydyr. Bu görkezijiler ulagyň aňrybaş tizligine we ýerine ýetirilýän çylşyrymly öwrümleriň netijelerine täsir edip bilýär. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Nissan» kysymly täze sport ulagyna atlanyp, onuň görkeziji enjamlaryny gözden geçirdi we howpsuzlyk kemerini dakyndy. Milli Liderimiz ilki bilen ulagyň synag sürüşini amala aşyrdy we ýoluň aýratynlyklaryny öwrendi. 

Synag sürüşinden soňra döwlet Baştutanymyz sport ulagyna ýokary derejede erk etmegiň ussatlygyny görkezdi. Milli Liderimiz diň ýoly boýunça birnäçe çylşyrymly öwrümleri we ýokary tizlikde beýleki hereketleri ýerine ýetirdi. 

Milli Liderimiziň tagallasy bilen, soňky ýyllarda awtomobil sporty ösüşiň täze derejesine çykdy. Türkmen türgenler toparynyň awtoralli boýunça halkara derejede geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2009-njy ýylda Kazan — Aşgabat ugry boýunça «Ýüpek ýoly» ady bilen ilkinji halkara awtoralli geçirildi. Oňa ýurdumyzyň türgenler topary gatnaşdy. 

Milli Liderimiz birnäçe gezek sport ulagyna erk etmekde ýokary ussatlygy görkezdi. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Awtomobil sporty merkeziniň açylyş dabarasynda awtomobil ýaryşy boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionaty geçirildi. Şeýle hem 2015-nji ýylyň awgust aýynda paýtagtymyzda Alfremeo kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi. Onda döwlet Baştutanymyz ynamly ýeňiş gazandy. 

2016-njy ýylyň aprel aýynda IIM-niň Sport ulag merkezinde täze motosport toplumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz kwadrosiklde täze toplumyň ýaryş meýdançasyny synagdan geçirdi. Şol gün milli Liderimiz BMW kysymly sport ulagynda ýokary tizlikde dürli derejedäki çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirip, sport ulagyna erk etmegiň ýokary ussatlygyny görkezdi. 

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi uly üstünlikli geçdi. Şeýle hem şu ýylyň fewral aýynda türkmen türgenleriniň «Russiýa — Demirgazyk tokaý 2019» dünýä Kubogy tapgyrynda gar-buzly ralli ýaryşlaryna gatnaşyp, hormat münberinde mynasyp orna eýe boldular. 

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil we motosport bilen yzygiderli meşgullanyp, nusgalyk görelde görkezýär. 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň awtomobil sporty üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Bu işde döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesine wajyp orun degişlidir. 

Çylşyrymly sürüşi tamamlap, milli Liderimiz özüniň ussatlygyny we bu ugurda toplan baý tejribesini ýene bir ýola subut etdi. 

...Drift boýunça ussatlyk görkezen hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň «Nissan» kompaniýasynyň ulaglarynyň artykmaçlyklaryny belläp, dünýäde iri awtomobil öndürijiler bilen tejribe alşylmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şondan soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady. 

Soňra ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, bu ýerde sport ulaglarynda sürüşi amala aşyrdylar.

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=12358