Daşoguzda döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumy gurulýar

Demirgazyk sebitiň günorta-günbatar böleginde, Görogly köçesiniň ugrunda täze ýaşaýyş jaýlar toplumy gurlar. Onda ýokary amatlykly köp öýli jaýlar we durmuş ähmiýetli binalar bolar. Ýakyn ýyllarda bu ýerde binalaryň on birisini gurmak göz öňünde tutulýar, olaryň aglaba bölegi kerpiçden bina ediler.

“Türkmendemirbetonönümleri” ÖB-niň Daşoguzdaky kärhanasynyň işgärleri täze toplumda iri panelli döwrebap jaýlaryň dördüsiniň düýbini tutdylar, olara şäherli maşgalalaryň 150-si göçüp bararlar. Ozal şäheriň bu gözel sebitinde maýyplar we döwlet goldawyna mätäç raýatlar üçin jaýlary gurmak boýunça sosial taslama durmuşa geçirildi. Olara öýler mugt berildi.

Soňky ýyllarda Daşoguzda ýaşaýyş jaý gurluşygynyň gerimi giňeýär. Häzirki wagtda maliýeleşdirmegiň dürli çeşmeleriniň hasabyna hil we ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän, ýaşamak üçin amatly şertler döredilen köp öýli jaýlaryň onlarçasy bina edilýär. Täze toplumlar zerur inženerçilik-tehniki kommunikasiýalar bilen üpjün edilýär, binalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylýar we gök zolaklar döredilýär.

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=12388