Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda çykaran MB-05 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

Baş bin Tertip.docx

 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik
ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda
çykaran MB-05 belgili buýrugy
bilen
tassyklanyldy

Baş binagäriň (binagärleriň) wezipesine dalaşgärleri seçip almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň Tertibi

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

    1. Baş binagäriň (binagärleriň) wezipesine dalaşgäri seçip almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň Tertibi (mundan beýläk – Tertip) «Binagärlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasynyň 2-nji bendiniň «d» kiçi bendine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de welaýatyň we Aşgabat şäheriniň baş binagäriniň (binagärleriniň) boş wezipesine mynasyp dalaşgärleri seçip almak boýunça bäsleşikleri (mundan beýläk – bäsleşik) geçirmegiň düzgünlerini belleýär.
    2. Bäsleşik, Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugynyň elýeterliligine bolan hukugyny üpjün edýär hem-de welaýatyň we Aşgabat şäheriniň baş binagäriniň (binagärleriniň) boş wezipesine dalaşgärlik edýäniň (mundan beýläk – dalaşgär) synag tabşyrmagyny we onuň netijesinde mynasyp ýeňijiniň kesgitlenilmegini göz öňünde tutýar.
    3. Bäsleşigi geçirmeklik ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ýerli edaralary- welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri (mundan beýläk – häkimlik) tarapyndan şu Tertibiň düzgünlerine laýyklykda tölegsiz görnüşde amala aşyrylýar.

                 Bäsleşik hususy nukdaýnazarlary aradan aýyrýan we dalaşgärlere hakyky baha bermegiň tertibinde, şeýle hem bäsleşige gatnaşmak üçin bildirilýän talaplaryň hemme dalaşgärler üçin birmeňzeşlik ýörelgesi bilen geçirilmelidir.

    1. Bäsleşige binagärlik, şähergurluşyk, landşaft binagärligi ýa-da binagärlik töwereginiň dizaýny ugry boýunça hökmany ýokary bilimli, şähergurluşyk we binagärlik çygrynda azyndan 5 (bäş) ýyl iş tejribesi bolan we döwlet dilini bilýän Türkmenistanyň raýatynyň gatnaşmaga hukugy bardyr.
    2. Bäsleşigiň geçiriljekdigi ýa-da bäsleşigiň möhletiniň uzaldyljakdygy barada bildiriş şu Tertibiň dördünji we on altynjy böleklerinde bildirilýän talaplary we tabşyrylmaly resminamalaryň sanawyny görkezmek bilen, häkimlik tarapyndan bäsleşigiň geçirilýän gününden bir aý öňünden «Türkmenistan» gazetinde, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yglan edilýär.

 

II BAP. BÄSLEŞIK TOPARY

  1. Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ýerine ýetiriji häkimiýeti amala aşyrýan häkim (mundan beýläk – häkim) tarapyndan başlykdan, başlygyň orunbasaryndan, kätipden we topar agzalaryndan ybarat Bäsleşik topary döredilýär we Bäsleşik toparynyň üstüne bäsleşik geçirmegi guramak hem-de geçirmek meseleleri ýüklenilýär.
  2. Bäsleşik toparynyň düzümi azyndan ýedi adamdan ybarat bolmalydyr, onuň düzümi toparyň agzalarynyň üçden iki bölegi şähergurluşyk we binagärlik çygrynda ýokary tejribeli hünärmenlerden, beýleki agzalary häkimligiň wekillerinden ybarat bolmalydyr.

        Bäsleşik toparynyň agzalygyna ýa-da Bäsleşik toparynyň mejlislerine synçylar hökmünde beýleki ministlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň şähergurluşyk we binagärlik çygryndaky tejribeli hünärmenleri çagyrylyp bilner.

  1. Bäsleşik toparynyň agzalarynyň sany, düzümi, ygtyýarlyklarynyň möhleti, şeýle hem bäsleşigiň geçiriljek senesi we ýeri häkim tarapyndan kesgitlenilýär.
  2. Bäsleşik topary, bäsleşigiň geçiriljekdigi barada bildiriş yglan edilen we bäsleşik toparynyň düzümi tassyklanan gününden öz işine başlaýar.
  3. Bäsleşik toparynyň başlygy bäsleşik babatda:
  1. bäsleşigiň guralmagyna we bäsleşik synagynyň alnyp barylmagyna gözegçiligi amala aşyrýar;
  2. bäsleşige goýberilen dalaşgärleriň sanawyny tassyklaýar;
  3. Bäsleşik toparynyň mejlisinde serediljek meseleler boýunça gün tertibini kesgitleýär;
  4. bäsleşik synagy üçin soraglary tassyklaýar;
  5. Bäsleşik toparynyň mejlisiniň çagyrylmagyny üpjün edýär;
  6. bäsleşigiň geçirilişi we onuň netijeleri barada häkime hasabat berýär.
  1. Bäsleşik toparynyň başlygynyň orunbasary bäsleşik babatda:
  1. Bäsleşik toparynyň agzalarynyň işiniň utgaşdyrylmagyny we usulyýet üpjünçiligini amala aşyrýar;
  2. Bäsleşik toparynyň mejlisini guraýar;
  3. Bäsleşik toparyň başlygynyň bäsleşige gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda onuň ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar.
  1. Bäsleşik toparynyň kätibi bäsleşik babatda:
  1. dalaşgärleri bäsleşigiň şertleri bilen tanyşdyrýar;
  2. dalaşgärleriň arzalaryny hasaba alýar;
  3. Bäsleşik toparynyň mejlisiniň geçiriljek senesi, wagty we ýeri barada Bäsleşik toparynyň agzalaryna habar berýär;
  4. bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalary kabul edilen her bir dalaşgäre bäsleşigiň geçiriljek senesinden öň 5 (bäş) senenama gününden gijä galman onuň geçiriljek senesi, wagty we ýeri barada habar berýär;
  5. Bäsleşik toparynyň mejlisiniň teswirnamasyny, dalaşgäriň bäsleşik synag sahypasyny (şu Tertibe goşundy) ýöredýär we olary resmileşdirýär.
  1. Bäsleşik toparynyň agzalary bäsleşik babatda:
  1. bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren dalaşgärleriň resminamalaryna garalmagyny amala aşyrýar;
  2. resminamalary kabul edilen dalaşgärleriň sanawyny Bäsleşik toparynyň başlygynyň garamagyna hödürleýär;
  3. dalaşgäriň dalaş edýän wezipesi bilen baglanyşykly meseleler boýunça, şähergurluşyk we binagärlik işi babatda Türkmenistanyň kanunçylygyndan we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ugur alyp bäsleşik synagy üçin soraglary düzýär we ony Bäsleşik toparynyň başlygynyň tassyklamagyna hödürleýär;
  4. bäsleşik synagynyň alnyp barylmagyna gatnaşýar.
  1. Bäsleşik topary öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şeýle hem şu Tertibi goldanýar.
  2. Bäsleşik topary bäsleşigi adalatly geçirmäge borçludyr.

 

III BAP. DALAŞGÄRIŇ BÄSLEŞIGE GATNAŞMAGYNA BILDIRILÝÄN TALAPLAR

  1. Dalaşgär bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalaryň kabul edilýändigi barada bildiriş yglan edilen gününden başlap 30 (otuz) senenama gününden gijä galman Bäsleşik toparynyň başlygynyň adyna şu aşakdaky resminamalary goşmak bilen, arza bermelidir:
  1. suratly şahsy maglumat;
  2. pasportyň göçürmesi;
  3. binagärlik, şähergurluşyk, landşaft binagärligi ýa-da binagärlik töwereginiň dizaýny ugry boýunça bilimini tassyklaýan resminamanyň (resminamalaryň) göçürmesi;
  4. zähmet depderçesiniň göçürmesi.
  1. Dalaşgär arzanyň ýany bilen şu Tertibiň on altynjy böleginiň 1-4-nji bentlerinde görkezilen resminamalardan başga, onda bolan degişli hünär derejesini tassyklaýan resminamanyň göçürmesini, alymlyk derejesi hakyndaky resminamanyň göçürmesini, binagärlik (şähergurluşyk) obýektlerini döretmek boýunça ýerine ýetiren taslama işleriniň, neşir edilen ylmy işleriniň we oýlap tapyşlarynyň sanawyny, şeýle hem bäsleşigiň şertlerine ters gelmeýän beýleki maglumatlary we resminamalary tabşyryp biler.
  2. Şu aşakdaky ýagdaýlarda dalaşgär bäsleşige goýberilmeýär:
  1. ýokary hünär biliminiň bolmazlygy;
  2. ýokary hünär bilimi boýunça hünäriniň we/ýa-da iş tejribesiniň şu Tertibiň dördünji böleginde görkezilen talaplara laýyk gelmezligi;
  3. şu Tertibiň on altynjy böleginiň 1-4-nji bentlerinde görkezilen resminamalar dolulygyna tabşyrylmadyk ýagdaýynda;
  4. bäsleşige gatnaşmak üçin zerur bolan maglumatlaryň görnetin nädogry ýa-da resminamalaryň galplaşdyrylyp berilmegi ýüze çykarylan ýagdaýynda;
  5. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gaýry halatlarda.

        Dalaşgäri bäsleşige goýbermezlik barada gelnen netije esaslandyrmalar bilen, ýazmaça görnüşde 5 (bäş) senenama gününden gijä galman Bäsleşik toparynyň kätibi tarapyndan dalaşgäre habar berilýär.

  1. Dalaşgär bäsleşige gatnaşmakdan ýüz dönderse, bu barada bäsleşigiň geçiriljek senesinden öň 5 (bäş) senenama gününden gijä galman Bäsleşik toparyna ýazmaça görnüşde habar berýär.

 

IV BAP. BÄSLEŞIK TOPARYNYŇ MEJLISI

  1. Bäsleşik toparynyň mejlisi Bäsleşik toparynyň başlygy tarapyndan çagyrylýar.
  2. Bäsleşik toparynyň mejlisine topar agzalarynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, şol mejlis çözgüt kabul etmäge ygtyýarly hasap edilýär.

        Bäsleşik toparynyň mejlisini Bäsleşik toparynyň başlygy, toparyň başlygynyň gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda onuň orunbasary alyp barýar.

  1. Bäsleşik toparynyň mejlisiniň barşynda bäsleşik synagyny alyp barmak, bäsleşigiň jemini ara alyp maslahatlaşmak, olar babatda degişli çözgütleri kabul etmek we bäsleşigiň ýeňijisini yglan etmek amala aşyrylýar.

 

V BAP. BÄSLEŞIK SYNAGY

  1. Bäsleşik synagy Bäsleşik toparynyň başlygy tarapyndan tassyklanylan soraglara laýyklykda ýazmaça, şeýle hem söhbetdeşlik görnüşlerde alnyp barylýar.

Synagyň ýazmaça görnüşi ýörite kompýuter programmalaryny ulanmak arkaly kompýuterde hem alnyp bilner.

Synagyň söhbetdeşlik görnüşi dalaşgäriň nazaryýet taýdan bilimine, tejribe ukyplylygyna we şahsy häsiýetlerine baha bermek, şeýle hem onuň şähergurluşyk we binagärlik işi babatda Türkmenistanyň kanunçylygy we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary baradaky düşünjesini anyklamak üçin geçirilýär.

  1. Bäsleşik dalaşgäriň hökmany gatnaşmagynda geçirilýär.

Bäsleşik geçirilýän wagty esassyz sebäpler bilen bäsleşige gatnaşmadyk dalaşgär bäsleşige goýberilmeýär.

  1. Bäsleşik döwri dalaşgär tarapyndan kagyz we/ýa-da elektron maglumat göterijilerden, aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanmaklyga ýol berilmeýär we şeýle ýagdaýa ýol berlen mahalynda ol bäsleşikden çetleşdirilýär.
  2. Bäsleşik synagynyň netijesinde dalaşgäriň dalaş edýän wezipesi bilen baglanyşykly meseleler boýunça onuň binagärlik we şähergurluşygy babatda bilimi, soraglara beren dogry jogaplarynyň sany, toplan iş tejribesi, intellektual derejesi, işewürlik we guramaçylyk ukybynyň barlygy nazara alnyp, Bäsleşik toparynyň mejlisine gatnaşýan agzalarynyň açyk beren sesleriniň ýönekeý köplügi esasynda degişli çözgüt kabul edilýär.

Ses bermegiň netijesinde sesleriň sany deň bolan ýagdaýynda, Bäsleşik toparynyň başlygy (onuň gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda-orunbasary) gutarnykly çözgüt kabul etmäge ygtyýarlydyr.

  1. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Bäsleşik topary tarapyndan şu aşakdaky kararlaryň biri kabul edilýär:

1) baş binagäriň wezipesine laýyk gelýär;

2) baş binagäriň wezipesine laýyk gelmeýär.

Kabul edilen karar Bäsleşik toparynyň mejlisiniň teswirnamasy görnüşinde resmileşdirilýär.

  1. Bäsleşik toparynyň mejlisine gatnaşýan topar agzalarynyň iň köp ses sanyny alan dalaşgär bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilýär.
  2. Bäsleşik toparynyň «baş binagäriň wezipesine laýyk gelmeýär» diýen karary kabul etmegi dalaşgäriň bäsleşikden geçmändigini aňladýar.
  3. Bäsleşik toparynyň mejlisiniň teswirnamasy we dalaşgäriň bäsleşik synag sahypasy bäsleşigiň jemini jemlemekde, onuň geçirilişi hem-de Bäsleşik topary tarapyndan gelnen netijeler barada hasabat düzmekde maglumat saklaýan esasy resminamalardyr.

Bäsleşik toparynyň mejlisiniň teswirnamasy we dalaşgäriň bäsleşik synag sahypasy bir nusgada düzülýär we olar Bäsleşik toparynyň mejlisine gatnaşýan Bäsleşik toparynyň başlygy, başlygyň orunbasary, Bäsleşik toparynyň kätibi we topar agzalary tarapyndan gol çekilip resmileşdirilýär hem-de häkimlikde saklanylýar.

 

VI BAP. BÄSLEŞIGIŇ MÖHLETINIŇ UZALDYLMAGY

ÝA-DA GAÝTADAN YGLAN EDILMEGI

  1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren dalaşgärleriň sany ikiden az bolan halatynda, şeýle hem bäsleşige diňe bir dalaşgäriň goýberilen ýa-da hiç bir dalaşgäriň goýberilmedik ýagdaýynda bäsleşigiň geçirilmeginiň möhleti şu Tertibiň bäşinji böleginde bellenilen düzgüne laýyklykda uzaldylýar.
  2. Eger-de bäsleşigiň dowamynda baş binagäriň (binagärleriň) wezipesine mynasyp dalaşgär (dalaşgärler) ýüze çykarylmasa, şu Tertip bilen bellenilen düzgünde bäsleşik gaýtadan yglan edilip, geçirilmelidir.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

  1. Dalaşgär bäsleşigiň geçirilişi we/ýa-da bäsleşigiň netijesi bilen närazy bolan halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edip biler.
  2. Bäsleşigi geçirmek bilen baglanyşykly jedelli meselelere Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda garalýar.
  3. Welaýatyň we Aşgabat şäheriniň baş binagäri (binagärleri) häkimlik tarapyndan bäsleşik esasynda seçip almagyň netijeleriniň hasaba alynmagy we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen ylalaşylmagy boýunça wezipä bellenilýär.

 

 

 

 

 

 

Welaýatyň we Aşgabat şäheriniň
baş binagäri (binagärleri) wezipesine
dalaşgärleri seçip almak boýunça bäsleşikleri
geçirmegiň Tertibine goşundy

 

Dalaşgäriň bäsleşik synag

SAHYPASY

 

1. Familiýasy, ady, atasynyň ady _________________________________________

2. Dalaşgäriň bäsleşik döwründe eýeleýän wezipesi, wezipä bellenilen wagty _____________________________________________________________________

3. Umumy iş tejribesi ____________________________________________________

4. Bäsleşik topary tarapyndan berlen teklipler we bellikler  ______________________

_______________________________________________________________________________

_______________________________________________________________________________

5. Bäsleşik topary tarapyndan gelnen netije___________________________________

___________________________________________________________________

(baş binagäriň wezipesine laýyk gelýär, baş binagäriň wezipesine laýyk gelmeýär)

6. Bäsleşik toparynyň mejlisine toparyň ____________ agzasy gatnaşdy

«Garşy däl» ses sany ________________

«Garşy» ses sany       ________________

7. Bellik ______________________________________________________________

8. Dalaşgäriň bäsleşigiň geçirilişi we/ýa-da bäsleşigiň netijesi bilen närazy bolmagynyň sebäbi

___________________________________________________________________

(bäsleşigiň geçirilişi we/ýa-da bäsleşigiň netijesi bilen razylaşmaýanlygynyň anyk sebäplerini görkezmeli)

Bäsleşik toparynyň başlygy   ___________                    __________________________

      (goly)                                                 (familiýasy, ady, atasynyň ady)

Bäsleşik toparynyň agzalary ___________                     __________________________

      (goly)                                                 (familiýasy, ady, atasynyň ady)

___________              __________________________

      (goly)                                                 (familiýasy, ady, atasynyň ady)

Bäsleşik toparynyň kätibi      ___________                    __________________________

      (goly)                                                 (familiýasy, ady, atasynyň ady)

Bäsleşigiň geçirilen senesi we ýeri «____» ______________ 20___ý.  ____________

Bäsleşik synag sahypasy bilen tanyşdym:

__________     _____________________           «____» _________________ 20___ý.

        (goly)                    (familiýasy, ady, atasynyň ady)