Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan çärelere gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli köpsanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňlandyryldy. 

Ir bilen Köpetdagyň dag gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş guraldy. Oňa talyp ýaşlar, dürli pudaklaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki meýdançalarda türgenleriň görkezme çykyşlary we milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar, dürli bäsleşikler guraldy. Baýramçylyk çärelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. 

“Döwletimiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar örän jogapkärli wezipeler bolup, häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris” diýlip, milli Liderimiziň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda bellenilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «Saglyk» döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, derman kärhanalary we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalar guruldy. 

Döwletimiz häzirki zaman sport-sagaldyş düzüminiň giňeldilmegine hem-de halkara ülňülerine laýyk gelmegine ägirt uly serişde gönükdirýär. Ýurdumyzda gurulýan ähli bilim we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň taslamalary ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport zallaryny, basketbol we woleýbol meýdançalaryny, ýüzülýän howuzlary, tennis kortlary we beýlekileri öz içine alýar. 

Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Gökderedäki, ähli welaýatlardaky we Hazaryň arassa kenarynda kemala gelen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar-sagaldyş merkezlerinde işjeň dynç almak üçin ajaýyp şertler döredildi. Munuň özi adam hakyndaky aladanyň döwletimiz üçin ýokary gymmatlyga öwrülendiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara Olimpiýa komiteti we dürli sport federasiýalary bilen ýygjam hyzmatdaşlykda sportuň köp görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty, hokkeý, figuralaýyn typmak ýaly, sportlar işjeň ösdürilýär. Aşgabatda ähli amatlyklary özünde jemleýän Olimpiýa şäherjigi hereket edýär. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. 2020-nji ýylda bolsa bu ýerde sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bellenildi. 

Şol bir wagtyň özünde Olimpiýa şäherjigi 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan milli ýygyndy toparlaryň agzalaryny taýýarlamak üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Şu gün bu ýerde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesiniň stadionyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleriniň wekilleri bilen bolan gürrüňdeşlikde saglygy saklamagyň we berkitmegiň möhüm şerti bolan bedenterbiýäni ösdürmek meselelerine degip geçdi. 

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamlara ähli döwürde boş wagtyny has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär we anyk peýda getirýär diýip, milli Liderimiz belledi. Beden maşklary adamyň aňyna, pikirlenmesine, ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsir edýär hem-de netijeli şahsy häsiýetiň döremegini şertlendirýär. Has takygy, bedenterbiýe adamda tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi, birek-birege bolan oňyn gatnaşyklary, durmuş işjeňligini üpjün edýär. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda her bir adamyň sportuň saýlap alan görnüşi boýunça meşgullanmagy hem-de islegleriniň kanagatlandyrylmagy üçin ähli şertler döredildi. Bu bolsa her bir adamyň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär. 

Şeýlelikde, sport we bedenterbiýe adamlaryň saglygynyň, erkiniň we sazlaşykly ösüşiniň köpugurly guraly bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow bilen salamlaşyp, oňa Aşgabatda «Aziada 2017»-niň oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi barada gürrüň berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz myhman bilen bilelikde bu oýunlara bagyşlanan kompozisiýany synlady. Aziýa ýaryşlaryny geçirmek üçin bolsa Olimpiýa şäherjigi guruldy. 

Diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem deňi-taýy bolmadyk bu sport toplumy ýokary tehnologiýaly düzümi we amatly şertleri bolan sport desgalarynyň 40-a golaýyny özünde jemleýär. Esasy stadionyň ýokarsynda oturdylan we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen bedewiň çeper-monumental şekili bu toplumyň özboluşly binagärlik aýratynlygy bolup durýar. 

Bu kaşaň görnüşli binagärlik çözgüdinde Türkmenistanyň sport ulgamynda ýöredýän syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň belent maksatlara, bütin dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegine, halklaryň arasyndaky dostluga, durmuşyň esasy gymmatlygy hasaplanylýan ählumumy rowaçlygyň, abadançylygyň, saglygyň tassyk edilmeginiň bähbidine döredijilikli hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmalary öz beýanyny tapdy. 

Ginnesiň rekordlar kitabynyň ýene bir güwänamasy ýokary halkara talaplaryna laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa serişdelerden döwrebap tehnologiýa esasynda gurlan dünýäde iň uly ýapyk ýüzülýän howuz hökmünde ykrar edilen Olimpiýa suw toplumyna gowşuryldy. 

Wasiliý Şestakow Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň gerimine we binalarynyň oýlanyşykly ýerleşdirilişine ýokary baha berip, bu desgalaryň ak mermerli türkmen paýtagtynyň esasy ajaýyplyklarynyň biri hökmünde köpsanly geljek nesillere hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäherjigiň sport toplumynda Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanda sportuň bu görnüşini ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşyk tamamlanandan soň, myhman milli Liderimize dünýä derejesinde sambony ösdürmäge goşan goşandy üçin güwänamany, hem-de ýadygärlik nyşanyny we samboçy türgeniň degişli sport lybasyny uly hormat bilen gowşurdy. 

Döwlet Baştutanymyz güwänama üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistanyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilmegi we bildirilen ýokary hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy. 

Biziň baş maksadymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmekden, sagdyn-durmuş ýörelgelerini berkitmekden ybaratdyr. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda bu ulgama biz köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Şoňa görä-de, dünýä standartlarynyň ýokary talaplaryna kybap gelýän sport üpjünçilik ulgamyna eýe bolan, Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribe toplady. 

Şu babatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň we «Amul — Hazar» halkara awtorallisiniň üstünlikli geçendigini buýsanç bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şolaryň ýokary baha mynasyp bolandygyny aýtdy. Bu ýaryşlar ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde uly mümkinçiliklerini äşgär etdi. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýakyn geljekde dünýä we yklym derejesinde welotrek, futzal, boks, kenarýaka Aziýa oýunlaryny geçirmek boýunça gepleşikler geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara sambo federasiýasyna ýurdumyza 2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi ynanandygy üçin, minnetdarlyk bildirýärin. Aşgabatda şeýle ýokary derejeli ýaryşy geçirmek biziň üçin uly hormatdyr diýip, milli Liderimiz belledi. 

Ýurdumyzda dünýä birinjiliginiň geçirilmegi Türkmenistana halkara sport bileleşigi tarapyndan bildirilen ýokary ynam, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde hem-de wagyz etmekde Diýarymyzyň goşandynyň ykrar edilmegi bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Türkmenistan bu abraýly ýaryşy mynasyp kabul etmek hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur tagallalary eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysyny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady hem-de oňa abadançylyk, uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Milli Liderimiz Olimpiýa şäherjiginde bolmagynyň çäklerinde, hökümet agzalary hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde şäherjigiň çägi boýunça welosiped sürdi. Şonuň öňüsyrasynda bolsa döwlet Baştutanymyza egindeşleriniň adyndan sport welosipedi gowşuryldy. 

Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň hatarynda ýapyk welotregiň bardygyny bellemeli. Onuň welosiped ýodalary ähli görkezijiler boýunça ýokary halkara ölçeglerine we şeýle görnüşdäki binalara bildirilýän häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu ýerde döredilen şertler halkara ýaryşlaryny, şol sanda dünýä çempionatyny geçirmäge mümkinçilik berýär. 6 müň orunlyk welotrekde ähli zerur düzümler göz öňünde tutuldy. Bu bolsa türgenler, tälimçiler, tehniki hem-de hyzmat gullugynyň wekilleri we welosportuň muşdaklary üçin aňrybaş şertleri üpjün edýär. 

Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda welotregiň gurulmagy bilen milli welosport hereketiniň taryhynda täze sahypa açyldy. Çünki şeýle görnüşdäki sport desgasy Türkmenistanda ilkinji gezek guruldy. Bu toplumyň gurluşygynyň hiline diňe bir milli synag ýaryşlaryna gatnaşyjylar däl, eýsem, Halkara welosiped birleşmesiniň hünärmenleri ýokary baha berdiler. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni hökmünde bellemek hakynda ýörite kararnama kabul etmegi ýurdumyzda sportuň ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosiped sportuny ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan işleriň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 

Häzirki döwürde sport halkara hyzmatdaşlygynyň iň ähmiýetli we möhüm ugry bolup durýar. Ol ynanyşmak we birek-birege düşünişmek ýagdaýynyň emele gelmegine ägirt uly goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. 

Türgenler parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar. Olar öz ussatlyklary we başarnyklary bilen guralýan bäsleşiklerde olimpiýa hereketiniň asylly ýörelgelerini tassyk edýärler. Bu bolsa işjeň döredijilikli durmuş ulgamynyň döredilmeginde, beýleki halklara bolan dostluk we hormat goýmak gatnaşyklarynyň kemala gelmeginde nusgalyk göreldä eýedir. 

Sport häzirki döwürde jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Türkmen türgenleri bütindünýä sport hereketine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň dürli derejede guralýan ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, medallary hormatly Prezidentimiziň sporty hem-de onuň düzümlerini ösdürmäge berýän ünsüniň we zehinlileri ýüze çykarmak, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň beden saglygynyň möhüm şertidigini yzygiderli nygtaýar. Arkadag Prezidentimiz türgenleşiklere, ylgamaga, welosiped sürmäge wagt tapýar, hem-de sport ulagyna we ýyndam bedewlere ussatlyk bilen erk edýär. Milli Liderimiziň bedewe atlanmagy ýa-da sport ulagyna erk etmegi ähli watandaşlarymyzda buýsanç duýgusyny döredýär we sport bilen meşgullanmaga höwesini artdyrýar. 

Döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesiniň welosiped ýoly bilen ýörişi dowam edýän pursatlary köpsanly türgenler we bu ýerde guralýan dabaralara gatnaşýan bedenterbiýeçiler milli Liderimizi mübärekleýärler. Olar jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda edýän aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny mälim etdiler. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda sport hereketiniň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Soňky ýyllarda dünýäniň onlarça döwletleriniň türgenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän sport ýaryşlary Türkmenistanyň wajyp halkara sport merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrdy. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport, munuň özi diňe bir bäsleşik, üstünlik we medallar däl-de, eýsem, ähli güýçleri birleşdirýän kuwwatly durmuş ulgamydyr. Ol medeniýet, ykdysadyýet we diplomatiýa bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap döwletiň Baştutany bolmak bilen, sportuň parahatçylyk döredijilik ugruna aýratyn ähmiýet berýär hem-de Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrülmegine giň ýol açýar. 

Ýurdumyzda geçirilýän iri sport ýaryşlary, hemişe bolşy ýaly, ägirt uly dostluk baýramçylygyna öwrülýär. Halkymyz myhmanlary uly höwes bilen garşylap, olar bilen tejribe alyşýar. Munuň özi sport ýaryşlarynda bolşy ýaly, beýleki şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň-da baş ýörelgesine öwrüldi. 

Sambo boýunça geçiriljek dünýä çempionatynyň Türkmenistanyň dünýäniň sport ýurtlarynyň hataryndaky ornuny pugtalandyrjakdygy we ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi şübhesiz hakykatdyr. 

Duşuşygyň ahyrynda Wasiliý Şestakowa Türkmenistanyň we Halkara sambo federasiýasynyň baýdaklaryny saklap duran ýurdumyzyň esasy sport nyşany bolan «Wepalynyň» sowgatlyk şekili gowşuryldy. Wepaly «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň we türkmenistanlylaryň hakydasynda türkmen topragynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe adamlary birleşdiren dostlugyň nyşany hökmünde galdy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ussat seçgiçiler hasaplanylýan türkmenler ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy ýaly öý haýwanlarynyň ajaýyp görnüşlerini döredipdir. Olarda iň gowy häsiýetler jemlenipdir we häzirki döwre çenli şol görkezijiler saklanyp gelipdir. Şeýle hem ajaýyp tohumdaky bedewleri, alabaýlary ösdürip ýetişdirmek däpleri häzir hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. 

Türkmen halky alabaýlara bolan söýgini we oňa ygrarlylygy ösdürýär. Alabaýlar göräýmäge, gyňyr ýaly bolsalar-da, bu tohumdaky köpekler oňyn gatnaşyklary duýmagy başarýarlar. Olaryň özüne bolan ynamy alabaýyň häsiýetli aýratynlygydyr. Alabaýda şeýle häsiýetleri kemala getirmek köpasyrlyk yhlasyň oňyn netijesidir. 

Arassa ganlylygy we wepalylygy saklamagy başaran alabaýlar halkymyzyň, hakykatdan-da, milli baýlygy bolup durýar. Olar söweşjeň we gorag babatda ýokary häsiýetleri bilen örän batyr, akylly hem-de dostana haýwan hasaplanylýar. Olar öz eýelerine örän wepalydyr. Uly meşhurlyga we türkmen halkynyň söýgüsine mynasyp bolan alabaýlar häzirki döwürde maşgalanyň bir agzasy hökmünde görülýär. «Aşgabat 2017» oýunlarynyň baş nyşany hökmünde alabaýyň şekiliniň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Wepaly ýurdumyzyň sport ýeňişleriniň we sport ruhunyň baş nyşanyna öwrüldi. 

... Soňra bu ýerde milli Liderimiz we Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysy bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, hemmeleri Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady. 

Soňra Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungaty sport toplumynda Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakowyň ýurdumyzyň sport jemgyýetçiliginiň wekilleri, dünýä derejesinde geçirilen ýaryşlarda ýokary baýraklara mynasyp bolan samboçylarymyz bilen duşuşygy boldy. 

Olimpiýa şäherjiginde geçirilen dabara gatnaşýanlaryň hatarynda ACB (Absolute Championship Berkut) çempiony we Absolute Championship Akhmat (ACA) turniriniň çempiony bolan garyşyk başa-baş söweş boýunça dünýäniň iki gezek çempiony, ýarym agyrlyk derejede çykyş edýän Türkmenistanyň ilkinji wekili Döwletjan Ýagşymyradow hem bar. 

Döwletjan ýokary derejeli sportda 2012-nji ýyldan başlap, özüni synap başlady. Şol döwre çenli ol karate boýunça Türkmenistanyň 24 ýaşly çempiony we fri-faýt hem-de greppling boýunça Harkow oblastynyň çempiony derejesine mynasyp boldy. 

D.Ýagşymyradow 2016-njy ýylda ACB (Absolute Championship Berkut) bilen şertnama baglaşdy we 2018-nji ýylyň maý aýynda türkmen türgeni ACB-niň çempiony boldy. Ol bu ýeňşi russiýaly Batraz Agnaýewden üstün çykyp gazandy. 2019-njy ýylyň fewral aýynda bolsa ol ACA-nyň birleşdirilen turniriniň ilkinji çempiony diýen derejäni eýeledi. Şonda ol polşaly Karol Selinskiden 4-nji raundda üstün çykdy. 

Kaşaň stadionlarda D.Ýagşymyradow ýeňijiniň münberine hemişe türkmen baýdagy bilen çykdy we Watanyna bolan buýsanjyny mälim etdi. Ýakynda ol Warşawada geçirilen bäsleşikde ACA-nyň çempiony bolanynda hem türkmen baýdagyny ýanyndan goýmady. Şonda ol ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize we goldandyklary üçin bolsa ähli watandaşlarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu wakany göni ýaýlyma çykýan köp ýurtlaryň synçylary aýratyn bellediler we D.Ýagşymyradowy watansöýüji türgen hökmünde atlandyrdylar. 

Duşuşygyň ahyrynda Wasiliý Şestakow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşyk barada aýtdy. 

Myhman milli sport ulgamynda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini hem-de olimpiýa hereketiniň esasy ugurlaryny wagyz etmek we ösdürmek ýaly giň möçberli işleri öz içine alýan özgertmeleriň amala aşyrylmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyzyň ýokary sport ukyplary bedenterbiýe we sport bilen köpýyllyk meşgullanmagynyň aýdyň miwesidir. Milli Liderimiz mekdep ýyllarynda we ýetginjeklik döwründe nusgawy hem-de erkin göreş bilen meşgullandy. Dürli derejedäki ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri, uly ýeňişleri gazandy hem-de 1972-nji ýylda nusgawy göreş boýunça Aşgabadyň çempiony, 1973-nji ýylda bolsa nyşana ok atmak boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy. 

Häzirki döwürde milli Liderimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde, Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti we wajyplygy ýokarlandy. Türkmenistanda sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň we gyzlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir türgenleriň kemala gelmegin-de däl, eýsem, jemgyýetiň ösmeginde wajyp hasaplanylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenmegi türkmen türgenleriniň dünýä derejesinde sport hereketine gatnaşmagynyň giň gerime eýe bolmagyny şertlendirdi. Ýurdumyzda iri halkara ýaryşlary geçirilýär. Mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, pudaklaryň we welaýatlaryň toparlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän umumymilli oýunlar ýaşlaryň sagdynlygyna, beden we ruhy taýdan kämilleşmegine kuwwatly itergi berýär. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda geçirilýän bu ýaryşlara türkmenistanlylaryň müňlerçesi gatnaşýar. Häzirki döwürde bu şygar ýurdumyzyň we halkymyzyň umumymilli ýörelgesine öwrüldi. 

Şeýlelikde, bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi döwletiň hem-de jemgyýetiň sazlaşygyny, tagallalaryň utgaşmagyny emele getirýär. Şeýle hem sagdynlygy berkitmekde, öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda sportuň ähmiýetine düşünýän halkymyz bu ugurda milli Liderimiziň daşynda has-da mäkäm jebisleşdi. 

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bu babatda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we ýakyn hem-de uzak geljegi nazarlaýan sportuň ösdürilmegine, wagyz edilmegine gönükdirilen anyk çäreler babatda beýleki döwletlere görelde bolýar. 

Şeýle hem Wasiliý Şestakow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ulgamyndaky öňdengörüjilikli we yzygiderli syýasatyna ýokary baha berip, onuň ýurdumyzda sportuň döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadyny döretmekde, beýleki ýurtlardan ussat tälimçileriň tejribelerini ulanmak arkaly bu ugurda hünärmenleri taýýarlamakda ähmiýetlidigini nygtady. 

Türkmenistan iri sport çärelerini mynasyp derejede guramaga ukyplydygyny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, myhman türkmen Lideriniň goldaw bermegi netijesinde, sambo boýunça 2020-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün ediljekdigine ynam bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna möhüm üns berýär. Şu babatda Diýarymyzda iri halkara ýaryşlary geçirilýär we ýurdumyzyň türgenleri olimpiýa hereketine has-da işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiz sportuň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidigini belleýär. Türkmen türgenleriniň dünýä derejesinde gazanýan ýeňişleri ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrýar hem-de halkymyzyň mähriban Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Bu bolsa milli sport mekdebini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. 

Olimpiýa şäherjigindäki dabaralar sportuň dürli görnüşleri boýunça köpçülikleýin meşgullanmak bilen dowam etdi. Oňa türgenler bilen bir hatarda, sportuň muşdaklary we işjeň dynç alşyň tarapdarlary gatnaşdylar. Şu günki köpçülikleýin sport çäreleri bolsa diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda işjeň dowam etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesi, beden we ruhy taýdan kämillige bolan höwes tutuş Türkmenistan boýunça sagdyn durmuş ýörelgesiniň köp sanly tarapdarlaryny sport meýdançalaryna çykardy. 

Ýurdumyzyň Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, beýleki pudaklaýyn edaralar, kärhanalar, ýokary okuw mekdepleri, welaýatlaryň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan köpçülikleýin çäreler bilen bir hatarda, giň möçberli sport ýaryşlary ýaýbaňlandyryldy. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bolsa 2003 — 2004-nji ýyllarda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilýän woleýbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň jemleýji duşuşyklary geçirildi. 

Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda “Saglygym – baş baýlygym” şygary astynda ýetginjekleriň arasynda woleýbol, basketbol we gandbol boýunça bäsleşikler guraldy. Şeýle hem ýoldaşlyk duşuşyklary, bäsleşikler, talyp ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. 

Paýtagtymyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýetginjek toparlaryň arasynda hokkeý boýunça jemleýji ýaryşlary boldy. Şeýle hem figuralaýyn typmak, çeper gimnastika, akrobatika we sport tansy boýunça görkezme çykyşlaryna giň gerim berildi. 

Sport – munuň özi güýjüň, gözelligiň, saglygyň we belent ruhuň utgaşmagydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek durmuş syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. 

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan dabaralar bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hil taýdan täze derejä çykandygyny aýdyň görkezdi. Onuň baş maksady bolsa halkymyzyň we her bir raýatyň abadançylygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=12536