Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze, döwrebap obanyň, giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. 

Garagumuň merkezinde ýerleşen bu ähmiýetli emeli suw desgasy, ekologiýa we halk hojalygy babatda bolşy ýaly, ägirt uly durmuş maksatly ähmiýete eýedir. Uzakmöhletleýin netijeli bu taslamanyň hemmetaraplaýyn ähmiýete eýedigini aýratyn bellemeli. 

Köp ugurlary öz içine alýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň yzygiderli gözegçiliginde saklanýar. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň fewral aýynda Türkmen kölüniň töweregindäki ýagdaý bilen nobatdaky gezek tanşan pursatynda, bu ýerde bina ediljek täze obanyň taslamalarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ol döwrebap ýaşaýyş-durmuş düzümini, önümçilik desgalaryny, maldarçylyk, balykçylyk we ekerançylyk toplumlaryny öz içine alýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen dikuçarda Aşgabatdan Serdar etrabyna tarap ugrady. Milli Liderimiz ýol ugruna Garagum sährasynyň çägini özgertmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň barşy bilen tanyşdy. 

Guşuçar belentlikden soňky ýyllarda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly işleriň netijesinde Garagumuň çägi düýpli özgerdi. Emeli kölüň ýerleşjek ýeri bolan Garaşor çöketligi we oňa tarap çekilýän suw akabalarynyň gerimi has-da aýdyň görünýär. Şeýle hem bu ýerlerde çäge alaňlarynyň arasy bilen çekilýän suw akabalarynyň özboluşlylygy sähra gözellik çaýýar. Suwuň gelmegi bilen bu künjeklerde gök zolaklar we ajaýyp ýaýlalar emele geldi. 

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary ýörite taýýarlanan ýerde gondy. 

Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Bu ýere şu günki çärä gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Balkan welaýatynyň häkimi we köpsanly adamlar ýygnandylar. 

Olaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Natalýa German, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Şahim Nilofer, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili we beýlekiler bar. 

Bu taryhy waka mynasybetli guralan dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly myhmanlar, dürli döwletleriň we halkara guramalaryň hem-de dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hemmesi düýn Aşgabatdan demir ýol wagonlarynda Serdar şäherine geldiler. 

Şeýle hem bu günki dabara estrada aýdymçylary, belli sazandalar we tans toparlary gatnaşýarlar. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri bolan ýaş estradaçylar Türkmen kölüne bagyşlanan aýdymy ýerine ýetirdiler. Olar bu köli şahyrana dilde “bagt köli” diýip atlandyrdylar. Sungat işgärleriniň ajaýyp çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy we ol ähmiýetli çärelere gatnaşyjylary türkmen medeniýetiniň, onuň baý mirasynyň dünýäsine çagyrdy. 

Bu ýerde guralan özboluşly derweze açylyp, ýurdumyzyň taryhyna degişli binagärlik şekilleriň we täze desgalaryň görnüşleriniň tutuş sergisi görünýär. Şeýle hem bu ýerde guralan sergide täze obanyň keşbi görkezilýär. 

Serginiň merkezinde haly düşelen ýoda bolup, onuň iki tarapynda taryhy we häzirki zaman binagärlik şekilleri görkezilýär. Toý äheňinde bezelen ak öýleriň ýanynda folklor toparlary we artistler teatrlaşdyrylan çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olarda esasan hormatly Prezidentimiziň iki jiltli «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda beýan edilýän pursatlar janlandyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserine degişli «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» ýaly jümleler goýlupdyr. 

Ýodanyň sag tarapynda milli binagärligiň taryhyna degişli gadymy galalaryň we taryhy eserlerde, rowaýatlarda beýan edilýän şäherleriň keşpleri janlandyrylypdyr. Ýodanyň çep tarapynda bolsa häzirki zaman binagärlik ýörelgeleri, gadymy döwürde kerwen ýollary geçen merkezi Garagumuň çäginde ýakyn geljekde emele geljek desgalaryň taslamalary görkezilýär. Häzirki döwürde sähranyň bu künjeklerinde awtomobil we demir ýollar çekilýär. 

Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklary, ýerli howa şertlerinde emele gelen dessurlar we çarwa adamlarynyň asylly ýörelgeleri barada gürrüň berýän sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. 

Taslamalardan görnüşi ýaly, söwda kerwenlerini kerwensaraý garşylaýar. Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çäginden geçýän ugrunda şeýle kerwensaraýlaryň köpüsi duş gelýär. Bu ýerden uzak bolmadyk künjekde gadymy Uzboý derýasynyň emeli akabasyny görmek bolýar. 

Gadymy döwürlerde uzak ýol geçen kerwenler Uzboýyň kenaryna ýetipdirler. Şo wagtlar doly suwly Uzboý Amyderýadan gözbaş alyp, Hazar deňzine akypdyr. Taryhy döwürlerde Uzboýuň ugry bilen söwda gämileri gatnap, olar bir ýurtdan beýleki bir ýurda dürli harytlary getiripdirler. Bu ugur tutuş sebitde söwda gatnaşyklarynyň ösmeginde möhüm orun eýeläpdir. Şeýlelikde, halklaryň arasynda medeni we dostluk gatnaşyklary ösdürilipdir. 

Uzboýuň ugrunda ýerleşen Igdi gala söwda gämileri üçin möhüm çatryk bolup hyzmat edipdir. Serdar şäherinden iki ýüz kilometre golaý demirgazyk gündogarda ýerleşen bu galany goraýjylar söwda kerwenleriniň suw we guryýer ugurlarynyň, Parfiýa şalygynyň demirgazyk künjekleriniň howpsuzlygyny üpjün edipdirler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda bu barada giňişleýin gürrüň berilýär. 

Türkmenbaşy etrabynyň we Gumdag şäheriniň döredijilik toparlary özleriniň edebi-sazly çykyşlary bilen şol döwrüň kerwensaraýlarynyň durmuşyny beýan edýärler. 

Ýodanyň beýleki tarapynda bolsa birnäçe ýyldan bu ýerde kemala geljek täze durmuş-önümçilik toplumynyň keşbi janlandyrylypdyr. Onda nähili mekdebiň, çagalar bagynyň guruljakdygyny görkezýän görnüşler bar. Taslamalaryň hatarynda Medeniýet öýi, Saglyk öýi, ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem seýilgäh toplumy görkezilýär. Munuň özi «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginiň ýakyn geljekde emele geljek görnüşini beýan edýär. 

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan edebi-sazly çykyşlar «Arkadagyň ajap eýýamy» kitabyndan alnan parçalar esasynda beýan edilýär. Onda türkmen halkynyň we jemgyýetçiligiň ähli ugurlarynda giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagynda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy barada giňişleýin gürrüň berilýär. 

Binalaryň taslamalaryndan soň, bu ýerde täze toplumyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän ýel we gün energiýasy desgalary görkezilýär. Olar önümçilik we durmuş maksatlary üçin gaýtadan dikeldilýän çeşmeden elektrik energiýasyny öndürerler. Şeýlelikde, bu ýerde adamlaryň durmuşy tebigata ýaramaz täsiri bolmadyk ekologiýa nukdaý nazaryndan dörediler. 

Daşky gurşawyň sagdynlygy, jemgyýetiň we çagalaryň doly derejeli sazlaşykly ösüşini üpjün eder diýip, milli Liderimiz belleýär. BMG-niň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ählumumy gün tertibini kabul etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen Sammitinde çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak alada etmezden, dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş hem-de ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigini belledi. 

Milli Liderimiziň konsepsiýasy ekologiýa ýaramaz täsiri bolmadyk dolandyryş usullaryny, önümçiligiň ylmy esasda gurulmagyny we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyny esasy ugur edinýär. Ýurduň yzygiderli senagat taýdan ösüşine garamazdan, Türkmenistanda durnukly ekologiýa ýagdaýynyň saklanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Şu gün bu ýerde düýbi tutulýan durmuş-önümçilik toplumynyň çäklerinde «ýaşyl» ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Esenguly etrabynyň döredijilik toparlary täze obanyň ýaşaýjylarynyň medeni dynç alşyny görkezýän çykyşlary ýerine ýetirdiler. Aýdym-sazly dabaralar täze jaýlara göçüp geljek maşgalalaryň bagtyýarlygyny beýan etdi. 

Gadymy rowaýatlarda beýan edilýän Kaknus atly guşuň ägirt uly şekili dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Rowaýata görä ol asmandan düşüp, mirabyň ýanyna gelipdir we ondan teşneligini gandyrmak üçin suw diläpdir, onuň ýerine bolsa bu künjegi gülläp ösýän baglyga öwürmegi wada edipdir. Ol şeýle hem bolupdyr. Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynyň artistleri we Bereket etrabynyň «Güljan» tans toparynyň agzalary hut şu ertekini sungat üsti bilen janlandyrdylar. 

«Altyn asyr» kölüniň kenarynda ýerleşdiriljek geljekki seýilgähiň şekilinde hem suw meselesi möhüm orun eýeledi. Balkan welaýatynyň Ýörite sungat mekdebiniň «Bagtyýarlyk» tans toparynyň we Magtymguly etrabynyň döredijilik toparynyň bilelikdäki çykyşy köpöwişginli häsiýete eýe boldy. 

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy ekerançylyk meýdanlaryndan çykýan şor suwlary bir ýere jemlemek meselelerine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ozallar bu suwlar Amyderýa we Garagum derýasyna, şeýle hem öri meýdanlaryna akdyrylýan bolsa, indi bu ähmiýetli taslama esasynda Türkmenistan sebitde ilkinji bolup daşky gurşawyň goraglylygyna örän aýawly çemeleşmegiň beýanyna öwrülen şeýle taslamany durmuşa geçirýär. 

Ýurdumyzyň hojalygara we ulgamlaýyn zeý suwlaryny ekologiýa taýdan arassa ýere — Garaşor çöketligine ýygnamak baradaky ýörelge amala aşyrylyp başlandy. Garaşor Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäklerinde ýerleşýär. Umumy uzynlygy 103 kilometre, ini bolsa 18,6 kilometre barabar bolan bu howdanyň ortaça çuňlugy 70 metr bolup, onuň mukdary 132 kub kilometre barabardyr. 

«Altyn asyr» Türkmen kölüne barýan suw akabalarynyň umumy uzynlygy 2 müň 659 kilometrdir. Esasy akaba welaýatlardan çekilen akabalaryň umumy uzynlygy bolsa 1 müň 553 kilometre deňdir. Häzirki döwürde ýygnalyp, soňra köle ugradylýan «Akýaýla» suw howdanynyň möçberi 970 million kubmetre barabardyr. 

Umuman, Garagumda iri suw howdanynyň döredilmegi ähli sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmaga, topragyň şorlaşmagy, batgalyk we guraklyk bilen baglanyşykly köp sanly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. 

Şeýlelikde, ýurdumyzda suwuň ägirt uly gory döredilýär. Ol tebigy taýdan süzülme we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly ony, şol sanda täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, şeýle hem gök zolaklary döretmek we tehniki hajatlar üçin ähmiýetli bolup durýar. 

Türkmen köli ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini saklamak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çözgüdine oňyn goşant goşmaga ukyplydygyny aňladýan täzeçil taslama bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Suwarymly ýerler we gurak zonada suwdan peýdalanmak boýunça ägirt uly tejribe toplan Türkmenistan bu ulgamdaky ylmy barlaglaryň ösdürilmegine we beýleki döwletleriň hem suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga bolan ýörelgeleriň işjeňleşdirilmegine ähmiýet berýär. 

Täze obada ýaş alymlar, ylmy-barlagçylar, rasionalizatorlar we olaryň işleri üçin ähli zerur mümkinçilikler dörediler. Aýratyn-da, maldarçylyk we balykçylyk önümçiligi boýunça gaýtadan işleýän pudaklaryň döredilmegine, ýerleriň özleşdirilmegine gönükdirilen häzirki zaman tehnologiýalaryna, bu ugurdaky ylmy-barlaglara ähmiýet berler. Türkmenbaşy şäheriniň artistleri alymlaryň bu ugurda alyp barýan işlerini janlandyran çykyşlary ýerine ýetirdiler. 

Şeýle hem gadymy türkmen durmuşyna degişli balykçylaryň, awçylaryň we beýlekileriň alyp barýan işleri janlandyryldy. Hazar we Balkanabat şäherleriniň döredijilik toparlary, şeýle hem Magtymguly etrabynyň «Sumbar» folklor topary balykçylygyň we awçylygyň taryhyna degişli çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. 

Häzirki döwürde ekologlaryň maglumatlaryna görä, «Altyn asyr» kölünde balyklaryň 25-e golaý görnüşi bar. Olaryň hatarynda balygyň çapak, akamur, lakga, ak we ala tüňňi maňlaý ýaly görnüşleri bar. Umuman, bu ýerde balykçylygy ösdürmek akwafermalary, köl hojalyklaryny döretmek üçin biologik binýat goýuldy. 

Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegine, kiçi we orta pudaklaýyn işewürligiň ösdürilmegine, şunuň bilen birlikde, sebitde gaýtadan işleýän senagatyň dikelmegine mümkinçilik döreder. 

Soňra dabara gatnaşyjylar Serdar etrabynyň birleşdirilen döredijilik toparlarynyň türkmen halkynyň toý däplerini we täze jaýlara göçüp gelmek mynasybetli guraýan dabaralaryndan taýýarlanan çykyşlara tomaşa etdiler. 

Soňra esasy sahnada «Serpaý» we «Galkynyş» tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşan «Sag bol, eziz Arkadag!» atly aýdym dabaraly ýaňlandy. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we daşary ýurtly myhmanlar baýramçylyk dabaralary guralan hatarlaryň içi bilen geçip, bu ýerde ýörite taýýarlanan ýere bardylar. Milli Liderimiz bu ýerde ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. 

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň şu taryhy gününde biz XXI asyryň beýik gurluşygy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde ýerleşjek täze, döwrebap obanyň gurluşygyna ak pata berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz söze başlady. 

Diňe bir öz ýurdumyz däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa üçin hem örän uly ähmiýeti bolan Türkmen köli biziň Garaşsyzlyk ýyllarynda alyp barýan beýik işlerimiziň ajaýyp miweleriniň biridir, halkymyzyň buýsanjydyr. 

Uç-gyraksyz Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän täsin suw desgasynyň ýakasynda täze döwrebap obalaryň gurulmagy bu sebitde bagtyýar durmuşyň rowaçlanmagyna itergi berer. Iňläp ýatan sährany özleşdirip, ýurdumyz üçin zerur bolan maldarçylyk, ekerançylyk we balykçylyk pudaklaryny ösdürmäge ýardam eder. 

Çäge alaňlary gurşap alan giňişlikler suwuň gelmegi bilen özgerip, gök zolaga bürenýär. Täze obanyň düýbüniň tutulýan ýeri bolsa, ekologiýa taýdan arassalygy, tebigatynyň gözelligi we özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garap, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we köp öwüşginli görnüşini gorap saklamak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, milli Liderimiz Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetimizi ýokary depginler bilen ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.Şeýle hem bu taslama ilat üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam eder. 

Bu mekanlarda suw meselesiniň çözülmegi azyk we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlar üçin amatly durmuş şertlerini döretmek bilen bagly beýleki meseleleri hem çözmegi aňladýar. Şoňa görä-de, kölüň daş-töweregini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň taslamalary köpugurly häsiýete eýe bolýar. Biz bu işleriň ählisini mähriban halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljegi üçin edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Häzirki döwürde ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa ulgamlarynda giň gerimli milli maksatnamalar hem-de taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda toplan baý tejribämizi we döredijilik mümkinçiliklerimizi umumy bähbidiň hatyrasyna gönükdirmäge çalyşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Tutuş sebit üçin ägirt uly ähmiýeti bolan, maksady boýunça deňi-taýy bolmadyk «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmagyň taslamasy hem şol belent wezipelere ýetmäge niýetlenendir. 

Ýakynda bu kölüň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanandygyny belläp, milli Liderimiz olarda Türkmen kölüniň suwuny netijeli peýdalanmak, Garagum sährasyny özleşdirmek, onda tokaý zolaklaryny döretmek, öri meýdanlaryny giňeltmek boýunça anyk çäreleriň toplumy göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Geljekde bu etraplarda dowardarçylygy, düýedarçylygy, balykçylygy we ekerançylygy ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylar. 

Sebitde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biologik köpdürlüliginiň artmagyna, ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna, kölüň suwunyň arassalanmagyna hem-de netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen ylmy barlaglar önümçilik bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýar. 

Örän uly ähmiýeti bolan bu ylmy barlaglary yzygiderli geçirmek üçin ýörite tejribehana döredip, ony kämil enjamlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýakyn geljekde Türkmen kölüniň kenarlarynda çöl we medeni ösümlikler, miweli baglar gök salar, olaryň ösüşi ylmy esasda düýpli öwreniler. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu tutumly işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýakyndan gatnaşmalydyklaryny belledi. Hususan-da, balykçylyk hojalyklaryny, ýörite balyk tutulýan enjamlar ornaşdyrylan gämiler bilen üpjün edilen toparlary döredilmelidir. 

Şol işleriň ilerlemegi, medeni zolakdan alysda ýerleşjek täze obanyň doly manysynda emele gelmegine, bu ýere ilatyň göçüp gelmegine, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyna mümkinçilik berer. 

Garagumuň merkezinde Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäklerinde guruljak täze oba «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Şeýle hem, raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn tutumly işlerimiziň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu döwrebap obanyň gurluşyk işleriniň birinji tapgyry 2019 — 2022-nji ýyllarda amala aşyrylyp, ikinji tapgyryna 2022-nji ýylda başlap, ol 2025-nji ýylda doly tamamlanar. Birinji tapgyrda bu ýerde Oba Geňeşiniň, Polisiýa we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binalary, 260 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, Saglyk merkezi, içerki ýollar hem-de gaz, agyz suwy, lagym we elektrik geçiriji ulgamlar, suw süýjediji desga gurlar. 

Şeýle hem, kuwwaty 10 MWt bolan utgaşdyrylan gün we ýel elektrik stansiýasy, seýilgäh, aragatnaşyk üpjünçiliginiň içerki we daşarky eltiji inžener ulgamlary, ýangyç guýujy beket, balykçylyk hojalygy, azykdyr senagat harytlary dükany bina ediler. 

Şonuň ýaly-da, birinji tapgyrda 60 sany bir gatly 4 otagly, 20 sany bir gatly 3 otagly ýaşaýyş jaýlary, ikinji tapgyrda bolsa, 44 sany bir gatly 4 otagly, 88 sany hem bir gatly 3 otagly ýaşaýyş jaýlary gurlar. 

Guruljak bu ýaşaýyş jaýlary we beýleki medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly döwrebap desgalar sebitiň howa şertlerine doly laýyk getirilip, bina ediler. Olarda oba ilatynyň we türkmen durmuşynyň milli aýratynlyklary göz öňünde tutular diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn belledi. Şeýle hem, jaýlaryň öňünde mellek ýerleri, hojalyk zerurlyklary üçin telärler, garaž we zerur bolan beýleki inžener-tehniki desgalar ýerleşdiriler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

Bu ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek hem meýilnama esasynda geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Awtomobil ýollary çekiler. Ilatyň maldarçylyk, balykçylyk we gök ekerançylyk bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler dörediler.

Täze obada ýaşajak adamlaryň iş üpjünçiligine, durmuş goraglylygyna aýratyn üns berler. 

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň «Ak ýaýla» şor suw howdanynyň sebitinde guruljak desgalar we ekiljek baglar bu töweregiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsir eder. 

Umuman, täze oba döwrebap şäher bilen bäsleşip, onda adamlaryň ýaşamagy we zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli amatlyklar dörediler. Garagum sährasy özgerip, bu ýerlerde bagtyýar durmuş gaýnap joşar. Bu bolsa, biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ýene-de bir mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Garaşsyz Watanymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan täze obadyr şäherçeleriň, welaýat merkezleriniň döwrebap keşbi, ulanmaga berilýän binalar we desgalar güneşli Diýarymyzyň görküne görk goşýar. Biz alyp barýan bu syýasatymyzy geljekde hem depginli dowam ederis. Sebäbi, biziň esasy maksadymyz halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Umuman, geçirilýän bu ägirt uly işleriň ählisi ýurdumyzyň uly üstünliklere, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetendigine doly şaýatlyk edýär. 

Milli Liderimiz ýurdumyzdaky daşary ýurtly ilçilere, halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine ýüzlenip, olara häzirki waka gatnaşýandyklary hem-de alyp barýan köpsanly işleri, şol sanda «suw diplomatiýasy» ulgamynda anyk işleri ýola goýýan Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny goldaýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. 

Watandaşlarymyzy, dabara gatnaşyjylary «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýakasynda döwrebap, täze obanyň gurluşygyna badalga berilmegi bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýakyn wagtda Garagum sährasyna bezeg berjek täze obanyň gurluşykçylaryna we ilatyna bolsa, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi. 

Oglanjyk bilen gyzjagaz döwlet Baştutanymyzyň ýanyna gelip, joşgunly goşgy setirleri bilen milli Liderimizi gutladylar we Arkadag Prezidentimize berk jan saglyk, alyp barýan köpugurly işlerinde uly üstünlik arzuw etdiler. Çagalaryň haýyşy esasynda hormatly Prezidentimiz şu günki şanly waka mynasybetli geljek nesillere niýetlenen ýadygärlik ýazga gol çekdi. Ol ýörite guta ýerleşdirildi. 

Milli Liderimiz gutyny täze obanyň ilkinji desgasynyň binýadyna oklap, oňa ilkinji beton garyndylaryny atdy. 

Dabara tamamlanandan soňra döwlet Baştutanymyz dikuçaryň ýanynda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi bilen bolan söhbetdeşlikde sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda öňde durýan meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugrady. 

Serdar etrabynda dabara daşary döwletleriň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk görnüşinde dowam etdi. Onuň dowamynda Garagumda «Altyn Asyr» Türkmen kölüni döretmek, şeýle hem ykdysady, durmuş we ekologiýa ýaly esasy üç ugry özünde jemleýän Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek babatda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýurdumyzyň özara gatnaşyklary bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. 

Metbugat maslahatyna BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, BMG-niň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy, Bütindünýä iýmit we oba hojalyk guramasy (FAO), BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, ÝUNESKO, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi, BMG-niň Ilat gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy, Bütindünýä banky, Bütindünýä poçta birleşigi, Aziýanyň Ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiki meseleleri boýunça merkezi ýaly abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň ýolbaşçylary, wekilleri, şeýle hem Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri we daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän kompaniýalarynyň işgärleri we beýlekiler gatnaşdylar. 

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory bu ýere ýygnananlary mübärekläp, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň çäklerinde bu günki wakanyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlaryna milli derejede goşulyp, häzirki döwürde BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli Gün tertibini» amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar. 

Ýurdumyzyň bu ugurda ýeten derejesi we onuň geljekki ugurlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň doktory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda giňden beýan edilýär. 

Ekologiýa abadançylygyny saklamak, Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar. Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik dürlüligi we tebigy aýratynlygy saklamak, çölleşmä we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek babatda iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar. «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa», «Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnama», şeýle hem «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň çäklerinde her ýylda 3 million töweregi bag nahallary oturdylýar. 

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň çözgüdine ýurdumyzyň halkara başlangyçlary gönükdirilýär. Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegi bilen gazna gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «suw diplomatiýasynyň» ähmiýeti has-da ýokarlandy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rio+20» Bütindünýä Sammitinde BMG-niň Aral deňzi üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe boldy. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

«Altyn asyr» Türkmen kölüni döretmegiň taslamasy uzakmöhletleýin ädim bolmak bilen, ol sebitiň daşky gurşawynyň goralmagyna oňyn täsirini ýetirer. Ýurdumyzyň bäş welaýatynyň ekerançylyk ýerleriniň şor suwlaryny ýygnap, bu taslama ýerleriň suwaryş ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga, topragy şorlaşmadan goramaga we özleşdirilýän ýerleriň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär. 

Şora durnukly ekinleri ösdürip ýetişdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, balykçylygy ösdürmek we suw serişdeleriniň goruny döretmek üçin giň mümkinçiliklerini açýar. Köl eýýäm ötegçi guşlaryň gonýan ýerine öwrüldi. Häzirki döwürde bu ýerde guşlaryň 250-ä, balyklaryň 25-e golaý görnüşleri, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen köpsanly haýwanlar duş gelýär. 

Mundan başga-da, durmuş-ykdysady babatda hem bu eko-ulgam bu ýerde ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga, ýüzlerçe maşgalalar üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem durmuş-önümçilik toplumynyň binýadynda bu ýerde ýaşaýyş jaýlary, mekdep, çagalar bagy, Saglyk öýi, söwda merkezi, jemagat hojalygyna degişli desgalar we seýilgäh gurlar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda belleýşi ýaly, türkmen medeniýeti günbatarda Hazar deňzi, gündogarda bolsa Amyderýanyň arasynda, demirgazykda üstýurt tekizliginiň we günortada Köpetdagyň arasynda kemala gelipdir. Şunlukda, täze toplum sebitiň medeni çeşmelerini we taryhyny ylmy esasda öwrenmek üçin esasy binýat bolup hyzmat eder. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ýelena Panowa Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine üns berýändigi üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, bu köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli we okgunly häsiýete eýedigini nygtady. 

Bellenilişi ýaly, täze obanyň gurluşygyna badalga berilmegi «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde degişli düzümi ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň yzygiderli amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar. 

—Maňa şu ýylyň fewralynda bu ýere gelmek nesip etdi. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň netijesi meni haýran galdyrdy. Şeýle hem kölüň çäginde haýwanat we ösümlik dünýäsinde oňyn özgertmeleriň bolandygyny bellemeli — diýip, hanym Panowa aýtdy we bu taslamanyň sebitiň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsiriniň boljakdygyna ynam bildirdi. 

Şunuň bilen birlikde, kölüň ýanynda durmuş we önümçilik düzümleriniň döredilmegi ilatyň iş bilen üpjünçiligi, ýerli ykdysadyýetiň ösdürilmegi we bu künjegiň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Bilim, saglygy goraýyş we ilatyň durmuş taýdan goraglylygy ýaly meseleleriň degişli derejede saklanmagy has-da ähmiýetli ýagdaýdyr. 

Bu ýerde toplumlaýyn we sazlaşykly ösüş üçin zerur şertleriň döredilmegi uzakmöhletleýin durnukly ösüşi üpjün eder. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň ähmiýetini aňladýar diýip, BMG-niň wekili nygtady. 

Birleşen Milletler Guramasy daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, olary gaýtadan ulanmak bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman ösen tehnologiýalarynyň çekilmegine goldaw bermäge taýýardyr diýip, hanym Panowa belledi. Munuň özi Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny aňladýar we durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini şertlendirer. 

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş 2019-njy ýylyň sentýabrynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça Sammiti geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. Onda Pariž ylalaşygyny amala aşyrmagyň meselelerine, kiçi uglerod ösüşi ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmegiň tejribelerine, ýerli şertlerde howanyň üýtgemegine utgaşmagyň we zyýanlaryny aradan aýyrmagyň meselelerine garalar. 

Türkmenistanyň bu sammite gatnaşjakdygyna we howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň çäklerinde amala aşyrýan maksatnamalaryny görkezjekdigine ynanýaryn diýip, hanym Panowa nygtady we Türkmen kölüni döretmek boýunça toplanan tejribäniň Merkezi Aziýanyň suw serişdelerine ýetmezçilik edýän beýleki sebitlerinde işjeň ulanyljakdygyna ynam bildirdi. 

Bellenilişi ýaly, munuň özi Aral deňziniň çäklerinde ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerini çözmek babatda aýratyn ähmiýetlidir. Aral deňziniň meseleleriniň täsiri Merkezi Aziýa sebitiniň çäginden çykdy. Şeýle hem bu taslamanyň Türkmenistanyň Aral deňziniň sebitleriniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, umumy Aral deňziniň sebitinde suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleriň çözülmegine bolan goşandy hökmünde kabul edilýändigi bellenildi. 

Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy şäherleriň we oba ýerleriniň durnukly ösüşine we dürli gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda halkara guramalary, maliýe düzümleri, raýatlyk jemgyýetleri we hususy pudaklar bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine zerur bolan goldawy bermäge taýýardyr diýip, hanym Panowa ynandyrdy. 

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Natalýa German Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda ilkinji obanyň düýbüni tutmak ýaly örän ähmiýetli we wajyp çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Ol Aral deňziniň sebitinde suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak, ekologiýa ýagdaýyny saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň ahyrky netijede ilatyň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna we onuň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilýändigini nygtady. 

Soňky ýyllarda suw, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri halkara gün tertibinde möhüm orun eýeleýär. Bütin dünýäde howanyň üýtgemegi bilen suw gytçylygy duýulýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018 — 2028-nji ýyllary «Suw — Durnukly ösüş üçin» atly Halkara hereketleriň onýyllygy diýip yglan etmegi ýöne ýerden däldir. Şeýle hem suw «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» maksatlaryna ýetmekde möhüm orny eýeleýär. 

Mälim bolşy ýaly, suw meselesi energiýa, azyk, daşky gurşawy goramak, durmuş-ykdysady ösüş, ulag gatnaşyklary we parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek ýaly beýleki köpsanly meseleler bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýanynda täze obanyň döredilmegi döwletiň öňünde durýan möhüm meseleleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmeleriň özboluşly usuly bolup durýar. Şunlukda, bar bolan suw serişdelerini netijeli peýdalanmak wajypdyr. 

Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, türkmen tarapynyň suw serişdelerini utgaşykly dolandyrmak meseleleri babatda ähli ýurtlaryň bähbitleriniň esasynda halkara giňişliginde sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça öňe sürýän başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldawa eýedir. 

BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 2018-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň 12-nji Sammitiniň jemlerine ýokary baha berdi. 

Türkmenistanyň Gazna başlyklyk etmeginiň çäklerinde eden tagallalary netijesinde Sammitiň işi uly üstünliklere eýe boldy. Gatnaşyjy ýurtlaryň ähli derejelerinde geçirilen bu çärä dürli guramalaryň we düzümleriň, şol sanda BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary guramaçylyk derejesinde boldy. Sammit diňe bir sebitleýin hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermän, eýsem, sebitiň ähli ýurtlarynyň Aral ýakasyndaky ekologiýa ýagdaýlarynyň zyýanlaryny bilelikde aradan aýyrmak we mundan beýläk-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine ähli ýurtlaryň taýýarlygyny tassyk etdi diýip, hanym German belledi. 

Öz gezeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd halkara bileleşiginiň Türkmenistanyň Hökümetiniň suw diplomatiýasy ýörelgelerini ilerletmäge, daşky gurşawynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berýändigini nygtady. Bu başlangyçlar ykdysady we ekologiýa wehimlerini peseltmäge, sebitiň ähli döwletleriniň we olaryň raýatlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Merkeziniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suw serişdelerini dolandyrmak boýunça milli maksatnamalaryň we «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine möhüm üns bermeginiň munuň subutnamasydygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, bu taslama Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde amala aşyrylýan Aral deňziniň sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak boýunça Hereketleriň maksatnamasyna girizildi. 

Şu ýylyň fewral aýynyň aýagynda bolan saparymyzyň çäklerinde biz suwarymly ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga, gurakçylyk, topragyň şorlaşmagy bilen bagly meseleleri çözmäge, ötegçi guşlar üçin amatly şertleri döretmäge we Garagumda maldarçylygy ösdürmäge mümkinçilik beren Türkmenistanyň bu gidrotehniki taslamasynyň ähmiýetlidigine göz ýetirmäge mümkinçilik aldyk diýip, hanym Drozd belledi. 

Şu gün bu ýerde täze obanyň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy, «2019 — 2025-nji ýyllarda Altyn asyr Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek boýunça Konsepsiýany» durmuşa geçirmegiň ilkinji ädimi bolup durýar. Tapgyrlaýyn esasda amala aşyryljak bu konsepsiýa ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologiýa nukdaýnazaryndan örän ähmiýetlidir diýip, ÝHHG-niň Merkeziniň ýolbaşçysy nygtady. 

Natalýa Drozdyň belleýşi ýaly, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini aradan aýyrmak, tebigaty netijeli peýdalanmak, şol sanda suw serişdelerini durnukly dolandyrmak babatda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan sebit ähmiýetli işlere mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw berer. Bu işlere türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow uly ähmiýet berýär. 

Şeýlelikde, 2019-njy ýylda Merkez AHHG-nyň daşky gurşawy goramak, Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermegi boýunça degişli düzümlerine goldaw bermek babatda taslamany öňe sürdi. Mundan başga-da, tebigy serişdeleri dolandyrmakda täzeçil tehnologiýalar boýunça Sebitleýin maslahaty guramaga goldaw bermegi meýilleşdirýär. Şeýle hem Orhus konwensiýasynyň we başga-da birnäçe başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine möhüm üns berler. 

Bütindünýä iýmit we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa üçin sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutu öz çykyşynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýanynda täze obanyň gurluşygyna badalga berilmeginiň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebitiň ýurtlary üçin taryhy ähmiýeti bolan wakadygyny nygtady. 

Bu taslamanyň şol bir wagtyň özünde beýleki ýurtlar üçin nusgalyk häsiýete eýedigini we onuň Garagum sährasynda maldarçylygyň, ekerançylygyň we balykçylygyň ösdürilmeginde möhüm tapgyra öwrüljekdigi bellenildi. Şol bir wagtyň özünde bu taslama künjegiň biodürlüligini saklamakda, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda, şeýle hem azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde örän ähmiýetlidir. 

Şeýle hem iýmit we oba hojalyk guramasynyň taýýarlan maksatnamasynda bu wezipelere, şunuň bilen birlikde, gurakçylyga çydamly ösümlikleriň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilen meseleler türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary möhüm orun eýeleýär. Serişde tygşytlaýjy täze, häzirki zaman tehnologiýalaryň ulanylmagyna gönükdirilen bu taslamanyň geljek nesiller üçindigini aýratyn bellemek isleýärin diýip, jenap Wiorel Gutu sözüni jemledi. 

Bütindünýä bankynyň wekili Dewid Sislen bu ýere ýygnananlary dabara bilen gutlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda amala aşyrylmagyna badalga berilýän bu taslamanyň Türkmenistanyň ekologiýa sagdynlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrýan işleriniň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr diýip belledi. 

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi geljekki nesilleriň bagtyýar ýaşaýşynyň we ilatyň mynasyp durmuşynyň kepilidir. Taslama diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin möhümdir. Bütindünýä banky Türkmenistanyň durnukly ösüşiň maksatlaryna gönükdirilen başlangyçlaryny, şeýle hem ekologiýa bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgütlerini dolulygyna goldaýar hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanýar. 

«Altyn asyr» Türkmen köli ýaly adamzadyň durmuşyna oňyn täsiri bolan taslamalary amala aşyrmakda ägirt uly tejribe toplan Türkmenistanyň bu ugurdaky tejribeleri bütin adamzat üçin möhüm ähmiýete eýedir we bütin dünýä üçin nusgalykdyr diýip, jenap Dewid Sislen sözüni jemlemek bilen Bütindünýä bankynyň netijeli işlemegi üçin döredilen amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir ýola hoşallyk bildirdi we bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeň häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. 

BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Lidiýa Bardakowa enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş, zenanlaryň reproduktiw saglygy babatda ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga 25 ýyl bolandygyny nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, Ilat gaznasy meseleleriň daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak ýaly ugurlar bilen berk baglanyşyklydygyny belledi. Hususan-da, ekologiýa abadançylygynyň enäniň we täze dünýä inen çaganyň saglygyna, şeýle hem ýokary bilim alyp, öz obalaryna dolanmaga meýilli ýaşlaryň iş öndürijiligine oňyn täsiriniň bardygy bellenildi. 

L.Bardakowa şu gün badalga berlen taslamanyň diňe bir Türkmenistanyň gülläp ösüşine we abadançylygyna däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň rowaçlygyna gulluk etjekdigine ynam bildirdi. 

BMG ÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili häzirki döwürde Türkmenistanyň Aral deňziniň meselesine çemeleşmek ulgamynda wajyp orun eýeländigini nygtady. 

Biz Türkmenistanyň Prezidentiniň oňyn başlangyçlaryny goldaýarys. Aral meselesiniň ýaramaz täsirini aradan aýyrmak boýunça ähli çäreleriň durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge biz hemişe taýýardyrys diýip, hanym Naswlişwili belledi. 

Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde BMG ÖM ýerleriň zaýalanmagyna, suw ýetmezciligine, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmegi öz içine alýan täze maksatnamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. 

Bu ugur boýunça hyzmatdaşlyga ähli guramalar diýen ýaly çekildi. Soňky bäş ýylyň dowamynda BMG howanyň üýtgemegi, energetika we tebigy betbagtçylyklar bilen baglanyşykly töwekgelçiligi peseltmek boýunça taslamalara ABŞ-nyň 20 million dollaryndan gowrak maýa goýum serişdelerini gönükdirdi. 

Özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda ekologiýa durnuklylygy baradaky hyzmatdaşlyk bar. Onda howanyň üýtgemegi boýunça taýýarlanan Milli strategiýa möhüm orun eýeleýär. Suw, energiýa we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, täzeçil usullary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe taslamalara aýratyn ähmiýet berilýär. Pagtadan alynýan hasylyň mukdaryny 50 göterim artdyrmak bilen bir hatarda suw serişdeleriniň 50 göterim derejede tygşytlanandygyny möhüm mysal hökmünde getirmek mümkindir. 

BMG-niň Ösüş maksatnamasy oba hojalygyny has netijeli dolandyrmak maksady bilen, bilimlerini we tejribesini, şeýle hem zerur bolan goldawy bermäge taýýardyr diýip, hanym Naswlişwili belledi we bu taslamalaryň amala aşyrylmagyna oba zenanlarynyň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. 

BMG ÖM-niň wekili çykyşyny tamamlap, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen ýüze çykýan töwekgelçiligi azaltmak boýunça iş ýüzünde amala aşyrýan hereketleriniň aýdyň beýanyna öwrülen bu günki çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasy ekologiýa, ykdysadyýet we durmuş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin pugta esas bolup hyzmat eder. Ol ýurdumyzyň durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak babatda gazanan oňyn tejribesini tutuş sebit boýunça ýaýratmak üçin ägirt uly mümkinçilikdir. 

Bu ugurda sebitara we halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegini nazarlaýan Türkmenistan bu işleri anyk başlangyçlar we giň möçberli milli maksatnamalar bilen berkidýär. BMG we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen, «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini» durmuşa geçirmek boýunça anyk netijelere gönükdirilen hyzmatdaşlygyň işjeň we netijeli häsiýete eýedigini bellemeli. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň esasynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerini durnukly ösdürmek boýunça giň möçberli meýilnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Şeýle hem şu gün Serdar etrabynda dabaraly çäreleriň çäginde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň tebigaty goraýyş we durmuş-ekologik ulgamy ösdürmekdäki ähmiýetine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan maslahata TYA- nyň ylmy-barlag ugurlarynyň — Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa institutynyň, Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň, Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Milli bilim institutynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we institutynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, ýolbaşçylary hem-de işgärleri, şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmensuwylymtaslama» institutynyň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, bu günki wakanyň hormatly Prezidentimiziň geljekki nesilleriň abadançylygyny we gülläp ösüşini ileri tutýan durmuş-ykdysady strategiýasynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly uly taryhy ähmiýeti bardyr. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň golaýynda täze –durmuş önümçilik toplumynyň gurluşygynyň başlanmagyny türkmenistanlylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu taslama beren uly ünsi üçin hoşallyk sözleri aýdyldy we berk jan saglyk, uzak ýaş, halkymyzyň we döwletimiziň abadançylygy ugrunda alyp barýan köptaraply işlerinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw edildi. 

Maslahata gatnaşyjylar «Altyn asyr» Türkmen kölüniň — hakykatda tebigaty gorap saklamakda, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmakda ägirt uly ähmiýeti bolan bu iri gidrotehniki desganyň Garagumda gurulmagy we işläp başlamagy bilen baglanyşykly meseleleriň giň tapgyryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Çykyşlarda häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary üçin suw meselesiniň, ony tygşytly peýdalanmagyň, suw üpjünçiliginiň täze çeşmelerini gözlemegiň örän möhüm mesele bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, kollektor-zeý suwlaryny peýdalanmak meselesini ylmy we toplumlaýyn esasda çözýän Türkmenistanyň tejribesi örän täsindir. 

2009-njy ýylda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ilkinji nobatdakysynyň ulanyşa girizilmegi bilen, tebigy gelip çykyşly Garaşor çöketligine Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlaryndaky şor suwlar akdyrylyp başlandy. Munuň özi ýerasty suwlaryň derejesiniň peselmegine, ahyrky netijede bolsa, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna getirýär. Garagumuň giňişliklerinde öri ýerleriniň müňlerçe gektaryny dolanyşyga girizmäge mümkinçilik döredi, sebitiň biodürliligi artdy. 

Bu ekogidrotehnik taslamanyň durmuşa geçirilişi hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kölüň işlemegi, daşky gurşawyň goralmagy, ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy bilen baglanyşykly ähli meselelere ylmy esasda çemeleşmegiň möhümdigini nygtamak bilen, alymlaryň we hünärmenleriň öňünde bu ugurda anyk wezipeleri goýdy hem-de işleriň alnyp barlyşy bilen yzygiderli gyzyklanýar. 

Bu taslama giň halkara jemgyýetçiliginde ýokary baha eýe boldy. Dünýä jemgyýetçiligi bu işe Merkezi Aziýanyň ähli sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga Türkmenistanyň goşan saldamly goşandy hökmünde baha berýär. 

Döwlet Baştutanymyz suw diplomatiýasyny we ekologiýasyny ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk belledi. Hormatly Prezidentimiz halkara maslahatlarynda, şol sanda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň, Hazarýaka we GDA döwletleriniň baştutanlarynyň sammitlerinde çykyş edip, häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde halkara tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilen netijei başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. Olaryň arasynda BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklip hem bar. 

Sebit üçin «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ekologiýa ähmiýeti ähli ugurlarda ýüze çykýar. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi Aralyň ýaramaz täsirini peseltmäge, çölleşmäge garşy göreş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, floranyň we faunanyň baýlaşmagyna mümkinçilik döredýär. Garagumda köpçülikleýin bag ekmäge, mikroklimaty gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri eýýäm köp ýyllardan bäri «Altyn asyr» Türkmen kölüniň, şeýle hem öz gözbaşyny ýurdumyzyň gündogaryndan we Daşoguz şahasyndan alyp gaýdýan Baş akabanyň ýagdaýyna monitoring seljerme geçirýärler, bu ýerde gidro himiýa we fizika-himiýa barlaglaryny alyp barýarlar. Bu maksatlar üçin häzirkizaman ylmy enjamlary, apparaturalary, programma üpjünçiligi bilen enjamlaşdyrylan göçme barlaghanalar peýdalanylýar. 

Hususan-da, suwda erän himiki elementleriň 100-e golaýyny seljermäge mümkinçilik berýän atom-emission spektrometr, şeýle hem howany hapalaýan gaz görnüşli elementleriň ýedisini derňeýän gazometr bar. Alnan maglumatlaryň esasynda suwaryş üçin kölüň kollektor-zeý suwlaryny peýdalanmagyň ekologiýa kartasy işlenip taýýarlanyldy, balykçylyk üçin kölüň iri suw howdanlarynyň ýaramlylyk ýagdaýyna ekologiýa taýdan baha berildi. 

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň innowasion tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. Alymlar häzirki wagtda ony önümçilige ornaşdyrmagyň degişli gollanmalaryny taýýarlaýarlar. Bellenilişi ýaly, ot-iýmlik ösümlikleri – şora durnukly, minerallaşan topraklarda ösmäge ukyply galofitleri ösdürip ýetişdirmek boýunça köp sanly barlaglar geçirildi. 

Meselem, tomsuň dowamynda zeý suwlary bilen iki-üç gezek suwarylan ýabany ot-iýmlik ösümlikleriň birnäçe görnüşi gektardan ýedi-sekiz tonna hasyl berdi. Munuň özi uzakdaky öri meýdanlarynda gyşlamaga galdyrylýan mallar üçin ot-iýmlik hökmünde peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Öz nobatynda munuň özi ot-iýmleri daşalýan wagtyndaky ulag çykdajylaryny tygşytlamaga hem mümkinçilik döredýär. 

Türkmen kölüniň gurulmagynyň, ozalky zyňyndy zeý suwlarynyň ikinji gezek peýdalanmagyň netijesinde ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagy bilen baglylykda diňe bir döwlete degişli hojalyklary däl, eýsem, hususy maldarçylyk hojalyklaryny ösdürmek üçin hem täze mümkinçilikler açylýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, el bilen döredilen suw howdanyna ýanaşyk ýerleriň özleşdirilmegi balykçylygy, guşçulygy, bagçylygy we tokaý hojalygyny, ähli agrosenagat toplumyny ösdürmäge täze badalga berer. 

Garagumuň landşafty hem düýpli görnüşde özgerer. Bu ýerde ýokary amatlykly jaýlary bolan şäher görnüşli täze şäherçeler peýda bolar. Şunuň bilen birlikde, täze iş orunlary dörär. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi ýokarlanar. Tutuşlygyna alnanda, bularyň hemmesi döwletimiz tarapyndan durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, şol sanda, ýurdumyza daşyndan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmäge we öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga ýardam berer. 

Şeýlelikde, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasynyň düşewüntliliginiň ýokarydygy şübhesizdir. Onuň ykdysady peýdasy geljekde has hem ýokarlanar. Iň esasy zat bolsa, bularyň hemmesiniň tutuşlygyna ägirt uly durmuş netijeliligini berýänligidir. Durnukly ösüşiň we tutuş sebitde tebigaty amatly peýdalanylyşyň üpjün edilmegi onuň esasy many-mazmunydyr. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň oba we suw hojalygynyň ösdürilmegine, ylmy-barlag işleriniň geçirilmegine ähli şertleriň döredilmegine berýän ägirt uly ünsi we ählitaraplaýyn aladalary üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler we milli Liderimizi ylmy jemgyýetiň wekilleriniň ýurdumyzyň ylmyna mundan beýläk-de hyzmat etmekde, Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy ugrundaky iri möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=12686