Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde çykaran MB-73/160-Ö belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanyldy

Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmegiň tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

1. Şu Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmegiň tertibi (mundan beýläk – Tertip) “Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 29-njy martynda çykaran 715-nji hem-de “Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda çykaran
1138-nji kararlaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Tertip gurluşykda milli-çykdajy ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri (mundan
beýläk - Binýady işläp taýýarlamak) maliýeleşdirmekligiň tertibini düzgünleşdirýär.

3. Şu Tertibiň maksatlary üçin, şu aşakdaky düşünjeler ulanylýar:

1) Buýrujy - özünde binagärlik-meýilnamalaşdyryş ýumşuna laýyklykda ýerine ýetirilen binagärlik taslamasy bolan, binagärlik obýektiniň gurluşygyny amala aşyrmakçy bolýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

2) Gurujy - Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde özüne berlen ýer böleginde gozgalmaýan emlägiň obýekti öz güýji we (ýa-da) üçünji bir şahslary çekmek bilen gurmak üçin paýçylaryň pul serişdelerini çekýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahs ýa-da ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs- hususy telekeçi;

3) Potratçy - desgany gurmak boýunça maýa goýum taslamasyny doly durmuşa geçirilmegini üpjün edýän, Buýrujy bilen şertnama boýunça
gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirýän we beýleki hyzmatlary amala aşyrýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gurluşyk işiniň degişli görnüşlerini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasy bolan ýuridik şahs.

4. Şu Tertibiň kadalary şu Tertip bellenilen tertipde döwlet belligine alnyp, herekete girizilenden soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda amala aşyrylýan gurluşyk işler boýunça baglaşylýan şertnamalara, şeýle hem Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2006-njy ýylyň 15-nji iýunynda 384 bellige alyş belgisi bilen bellige alnan we Türkmenistanyň Gurluşyk
we gurluşyk materiallary senagaty ministriniň 2006-njy ýylyň 8-nji iýunynda çykaran MB-49 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Gurluşygyň buýrujysy barada Düzgünnama laýyklykda buýrujy tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň 2004-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda çykaran AP/27 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň çäklerinde gurluşyk babatdaky taslamadan öňki we taslama resmi namalarynyň döwlet seljerişini geçirmegiň we onuň bahasyny kesgitlemegiň tertibine laýyklykda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Baş döwlet seljeriş müdirliginden (mundan beýläk – Baş döwlet seljeriş edarasy) netijenama alynmadyk gurluşyk-gurnama alnyp barylýan işlere degişli edilýär.

5. Şu Tertibiň VI babynda görkezilenlerden başga Türkmenistanyň çäginde gurluşyk-gurnama işleri amala aşyrlanda buýrujy, gurujy ýa-da potratçy bolup çykyş edýän dahylly we dahylsyz ýuridik şahslar, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler (mundan beýläk - töleýjiler) tarapyndan tölenýän Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimi, olaryň gurýan, durky täzeleýän, tehnika bilen täzeden üpjün edýän we düýpli abatlaýan binalar we desgalar boýunça gurluşyk-gurnama işleriniň (enjamlaryň bahalary we onuň bilen bagly bolan çykdajylar muňa girmeýär) jemi çykdajy bahasyndan 0,5 göterim hasaplanylýar hem-de şol geçirim Türkmenistanyň Gurluşyk we binägärlik ministrligine hyzmat ediji karz edarasynda açylan Türkmenistanyň Gurluşyk we binägärlik ministrligine Gurluşykda milli
çykdajy-ölçeg işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmek üçin daşary ýurt pulundaky we manatdaky ýörite (mundan beýläk - Türkmenistanyň Gurluşyk we binägärlik ministrliginiň ýňrite hasaby) hasabyna geçirilýär.

 

II bap. Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimiň binýady we onuň özeni, şeýle hem şol geçirimi hasaplamagyň tertibi

6. Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirim Gurluşygyň nyrhynyň jemleýji çykdajylarynyň sanawynyň hasaplamasynda görkezilenleriň jeminden hasaplanylýar.

7. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda amala aşyrylýan gurluşyklar boýunça Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirim gurluşyk-gurnama işleriniň jeminden hasaplanylýar.

8. Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirim hasaplananda binalaryň we desgalaryň Gurluşygyň nyrhynyň jemleýji çykdajylarynyň sanawynyň hasaplamasynda görkezilen milli çykdajy ölçeg binýadyny işläp taýýarlamagyň tertibi hem bellenilýär.

9. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda amala aşyrylýan gurluşyk-gurnama işleriniň taslama-çenlik resminamalarynda göni harajatlaryň jeminden soň milli çykdajy ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Taslama edaralary ýa-da doly taýýar edip gurmak şertinde gurluşyklar alnyp barlanda Potratçylar milli çykdajy binýadyny işläp taýýarlamagyň tertibine laýyklykda Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimiň binýadyny hasaplap, şu Tertibiň onunjy böleginde bellenen möçbere köpeldip serişdeleri göz öňünde tutýarlar.

 

III bap. Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimiň möçberi we ony tölemegiň döwürleri

10. Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimiň möçberi şu Tertibiň II babynda bellenen tertipde hasaplanylan binýadyň 0,5 göterimi möçberinde bellenilýär.

11. Şu Tertibiň II babyna laýyklykda hasaplama işler ýerine ýetirilenden soňra, Gurluşygyň nyrhynyň jemleýji çykdajylarynyň sanawynyň hasaplamasy Baş döwlet seljeriş edarasyna döwlet seljerişinden geçirilmegi üçin iberilýär. Baş döwlet seljeriş edarasy şu Tertibe laýyklykda Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimiň dogry hasaplanylyşyny barlaýar we geçirim dogry geçirilen ýagdaýynda bu barada töleýjilere Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimiň möçberiniň dogry hasaplanandygyny tassyklaýan, onuň möçberi boýunça beýannamany berýär. Töleýji bu beýannamany alandan soňra, onda görkezilen geçirimiň möçberini Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýörite hasabyna geçirýärler. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi geçirim gelip gowuşandan soň 5 (bäş) iş gününden gijä galman töleýjä bu barada tassyknamany berýär hem-de bu tassyknamanyň göçürmesini Baş döwlet seljeriş edarasyna iberýär. Tassyknamanyň göçürmesi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan resmi iberlen ýagdaýynda, Baş döwlet seljeriş edarasy taslama-çenlik resminamasy boýunça bellenilen tertipde taýýarlanan netijenamany berýär.

12. Doly taýýar edip gurmak şertinde alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleriniň dowamynda taslama-çenlik resminamalara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek zerurlygy ýüze çykanda, Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimiň möçberi artýan ýagdaýynda, ol gaýtadan hasaplanylyp, onuň tölenmäge degişli aratapawudy çykarylýar we şu Tertibe laýyklykda degişli işler geçirilýär.
Eger-de, taslama-çenlik resminamalaryna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar netijesinde Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimiň möçberi kemelýän bolsa, onda ol gaýtadan hasaplanylýar we onuň töleilmäge degişli bölegi azaldylyp artyk tölenen geçirim yzyna gaýtarylýar.

 

IV bap. Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimiň möçberini kesgitlemek hem-de Binýady işläp taýýarlamak boýunça işleri maliýeleşdirmek

13. Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimiň möçberini dogry kesgitlemek we ony taslama-çenlik resminamalarynda göz öňünde tutmak boýunça jogapkärçilik taslama-çenlik resminamalaryny işläp düzýän taslama edaralarynyň üstüne (doly taýýar edip gurmak şertinde gurluşyk-gurnama işler alnyp barylanda Potratçylara) ýüklenilýär. Töleýjiler tarapyndan Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimiň möçberi potrat işleri üçin baglaşylýan şertnamalarynda bellenilen pul birliginde hasaplanylýar. Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimi işlenilip düzülen taslama-çenlik resminama laýyklykda, baglaşylýan şertnamalarda bellenilen pul birliginde tölenilýär.

14. Binýady işläp taýýarlamak üçin gelip gowuşýan geçirimler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda çykaran 1138-nji karary bilen tassyklanan, Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2019-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň Meýilnamasynda görkezilen Binýady işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işleri maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Binýady işläp taýýarlamak boýunça işleriň buýrujysy bolup çykyş edýär we ony taýýarlamak üçin çykarlan serişdeleriň harçlanylyşy boýunça her ýyl çenlik resminamasyny tassyklaýar. Binýady işläp taýýarlamak bilen bagly baglaşylýan şertnamalar Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
bilen ylalaşylandan soň maliýeleşdirilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirliginiň (mundan beýläk – Döwlet müdirligi) Binýady işläp taýýarlamak üçin ýerine ýetirýän işleriniň çykdajylary Binýady işläp taýýarlamak üçin gelip gowuşýan geçirimleriň hasabyna tölenilmelidir.

15. Şu Tertibe laýyklykda amala aşyrylýan işleriň netijesi boýunça her ýylda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy meseleleri boýunça Orunbasaryna Binýady işläp taýýarlamak üçin gelip gowuşýan geçirimleriň we olaryň sarp edilişi baradaky hasabatlary berýär.

 

V bap. Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimiň hasabaty

16. Binýady işläp taýýarlamak üçin gelip gowuşýan geçirimiň hasabatyny ýöretmek Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

17. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýörite hasabyna geçirilýän geçirim boýunça beýannama (şu Tertibe goşundy) görnüşine laýyklykda töleýjiler tarapyndan geçirilýän geçirimleriň hasabyny ýöredýär.

18. Binýady işläp taýýarlamak üçin alynýan karz serişdeler we onuň bilen bagly ähli çykdajylar (göterimleri, bank hyzmatlary üçin tölegler) Binýady işläp taýýarlamak üçin gelip gowuşýan geçirimleriň hasabyna gaýtarylmalydyr.

 

VI bap. Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimi tölemekden boşadylýan gurluşyk işleri

19. “Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda çykaran
1138-nji kararyna laýyklykda şu aşakdaky çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýan gurluşyk işleri Binýady işläp taýýarlamak üçin geçirimi tölemekden boşadylýar:

1) «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýan işler;

2) daşary ýurt pul birliginde alnan karz serişdeleriň hasabyna gurulýan binalar we desgalar;

3) daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna amala aşyrylýan gurluşyk işler;

4) Döwlet býujetiniň hasabyna we býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň serişdeleriniň hasabyna gurulýan gurluşyklar;

5) Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk gorunyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän gurluşyk-gurnama işleri;

6) raýatlaryň buýurmagy esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda üç taraplaýyn karz şertnamalary esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlar;

7) paýly gurluşyk esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlar.

 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň maksatlaýyn
 
ýörite hasabyna geçirilýän maksatlaýyn geçirimleri hasaplamagyň
we tölemegiň Tertibine goşundy

 

1

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýörite hasabyna geçirilýän geçirim boýunça

BEÝANNAMA

20 __ -nji ýylyň ___________________ boýunça

2

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine berilýär

3

Töleýjiniň doly ady:

4

Hukuk salgysy:

Poçta indeksi ________________ Welaýat ______________________

Etrap __________________ Şäher ____________________________

Ilatly ýer (oba, säherçe we ş.m.) ______________________________

Etrapça _______________ Şaýoly, köçe, geçelge_________________

Jaý ________________________ Öý __________________________

5

Hakyky ýerleşýän ýeriniň salgysy:

Poçta indeksi ________________ Welaýat ______________________

Etrap ___________________ Şäher ___________________________

Ilatly ýer (oba, säherçe we ş.m.) ______________________________

Etrapça ______________ Şaýoly, köçe, geçelge _________________

Jaý ________________________ Öý __________________________

6

EGTYDB kody:

7

HSB

8

Tel:

9

Beýannamany düzmek üçin jogapkär wezipeli adamyň F. A.A.a:

 

10

Iberilen senesi:20_ýylyň____"__"

11

Alnan senesi: 20__ýylyň____"_"

12

Görkezijiler

Möçberi

13

Geçirilýän geçirimleri hasaplamak üçin Gurluşygyň nyrhynyň jemleýji çykdajylarynyň sanawynyň hasaplamasynyň 1-den 8-e çenli baplarynyň jemi

 

14

Geçirilýän geçirimleriň bellenilen möçberi

0,5 %

15

Geçirilýän geçirimleriň pul möçberi (13set x 14set.)

 

16

Geçen hasabat döwri üçin hasaplanylan geçirimiň möçberi (artýan ýagdaýynda)

 

17

Goşmaça tölemäge degişli (15set. - 16set.)

 

19

Şu beýannamada görkezilen maglumatlaryň dolulygyny we dogrudygyny tassyklaýaryn:

Töleýji                    __________________                          _______

                                                       (familiýasy, ady, atasynyň ady)                                                         (goly)

Baş buhgalter _______________________                        _______

                                              (familiýasy, ady, atasynyň ady)                                                                    (goly)

20

TG we BM barlagyň

netijesinde _______________________________________________

TG we BM barlagyň tamamlanan senesi 20__ý. _______ aýynyň «___»

21

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine berilýär. ýolbaşçysy:                                    _________________    ______

                                                                                               (familiýasy, ady, atasynyň ady)                (goly)

Jogapkär:           __________________                                ______

                           (familiýasy, ady, atasynyň ady)                                                                    (goly)          

22

Şu beýannama boýunça töleýjiniň şahsy hasap sahypasynda hasaplanyldy/azaldyldy

(gerek dälini çyzmaly)

23

Töleýjiniň şahsy hasap sahypasynda ýazgy edilen senesi

20__ý. _____ aýynyň "___"

Hasap boýunça işgär _______________________         _______

                                                               (familiýasy, ady, atasynyň ady)                                           (goly)