“Usulyýet, nyrh emeler getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirliginiň” Gurluşyk maşynlaryn, mehanizmleri, enjamlary we awtomobil ulaglaryny ulanmak boýunça harçlamalaryň ölçegleri müdirliginiň başlygy Annamammedow Arslan Maksatmyradow

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE BINAGÄRLIK MINISTRLIGINIŇ

“Usulyýet, nyrh emeler getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirliginiň” Gurluşyk maşynlaryn, mehanizmleri, enjamlary we awtomobil ulaglaryny ulanmak boýunça harçlamalaryň ölçegleri müdirliginiň başlygy Annamammedow Arslan Maksatmyradow

“Binalaryň we desgalaryň gurluşygynda hem-de düýpli abatlaýyş işleri  üçin awtoulag serişdelerinde ýükleri daşamaklygyň çenlik bahalarynyň ýygyndylaryny işläp taýýarlamaklygyň

Usuly Görkezmeleri”   GUR 4.04(1) -16

 

     “Binalaryň we desgalaryň gurluşygynda hem-de düýpli abatlaýyş işleri  üçin awtoulag serişdelerinde ýükleri daşamaklygyň çenlik bahalarynyň ýygyndylaryny işläp taýýarlamaklygyň Usuly Görkezmeleri” atly GUR 4.04(1) -16 täze ykdysady şertlerde, Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyklara we Türkmenistanyň döwlet dolandyryş edaralaryň kadalaşdyryjy namalaryna laýyklykda, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak  hakynda” atly 2005-nji ýylyň 8-nji sentýabryndaky 7518 belgili  kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen  işlenilip taýýarlanyldy

        Şu resminamanyň esasynda işlenip taýýarlanylmaly ýygyndylar Türkmenistanyň çäginde amala aşyrylýan gurluşykda nyrh emele getirişiň we çykdajy ölçegleriniň ulgamynyň  düzüm bölegi bolup,  dürli ugurlara bellenen býujet serişdeleriniň, maksatlaýyn döwlet gaznalarynyň we maksatlaýyn ýörite gaznalaryň serişdeleriniň hasabyna ýerine ýetirilýän gurluşykda hökmany ýagdaýda ulanylýar. Gurluşygyň başga çeşmelerden maliýeleşdirilen ýagdaýynda, görkezilen Çenlik kadalary we bahalary  maslahat berilýän häsiýete eýe bolýar. Çenlik bahalary  işlenilip taýýarlanylanda ýüküň klasyny, şeýle-de daşamagyň şertlerini we aralygyny nazara almaly.

Gurluşykda awtoulag serişdeleri bilen ýükleri daşamakda çenlik bahalary gurluşyk üçin materiallary, önümleri, konstruksiýalary daşamakda bahalary  kesgitlemek üçin niýetlenen.

         Gurluşyk üçin ýükleri daşamakda  dürli ugurlarda kesgitlenen gurluşykda awtoulag serişdeleri bilen ýükleri daşamakda çenlik bahalaryň ýygyndylarynda  şu görnüşdäki ölçeg toparyna girýän awtoulag serişdeleri maslahat berilýär: erňekli awtoulaglar – 10 we 15 tonna; ýüküni özi düşürýän awtoulaglar – 15, 20 we 30 tonna.

Gurluşykda awtoulag serişdeleri bilen ýükleri daşamakda çenlik bahalaryň ýygyndylary 1-nji klas ýollar üçin işlenip taýýarlanylýar. Eger-de ýük daşamaklyk 2-nji we 3-nji klasly ýollarda amala aşyrylýan bolsa, onda ýygyndydaky çenlik bahalar hökmany ýagdaýda  geçiş koeffisiýentine laýyklykda köpeldilmeli