“Gurluşygyň hiline gözegçilik, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk müdirliginiň” Hil gözegçilik bölüminiň baş hünärmeni Hommadow Umyt Orazgeldiýewiç

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE BINAGÄRLIK MINISTRLIGINIŇ

“Gurluşygyň hiline gözegçilik, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk müdirliginiň” Hil gözegçilik bölüminiň baş hünärmeni

Hommadow Umyt Orazgeldiýewiç

“Binalarda, desgalarda we gurluşyk meýdançalarda   tehniki howpsyzlyk we zähmeti goramak çäreleriň geçirilişi ”

Häzirki döwirde gurulýan binalaryň we desgalaryň beýiklikligi, ululygy we arhitektura keşpleriniň çylşyrymlygy sebäpli olarda Howpsyzlyk we zähmeti goraýyş çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň hökman bolup durýar.

“Gurluşykda tehniki howpsuzlyk” 3.01.03-06 belgili TGK-ň düzgünleri we talaplary ilkinji orunda ýerine ýetirilmelidir. Kadalaryň ýerine ýetirilmegi elbetde gönüden-göni gurluşyk meýdanyndaky, ilki bilen işçi hünärmenleriň taýýarlygyna we gaýtadan taýýarlanylmagyna bagly bolýar, önümçilikde esasan işleriň howpsuz usullary we ýollary boýunça talabalaýyk okadylmak tejribeli hünärmenleriň ýaş işçilere iş ýerlerinde howpsyzlyk dügünlerini öwretmek şikes ýetmäniň we betbagytçylygyň öňini  almagyna ilkinji çäreleriň biri bolup durýar. Gurluşyk kadalarynyň we zähmeti goramak boýunça talaplaryň ýerine ýetiriýän ýerinde şikes ýetmeleriň  ýokdugyna we gurluşyk işleriniň hiliniň ýokarydygyna göz ýetirmek bolýar.   Türkmenistanyň  Zähmet Kodeksiniň 188-nji maddasyna laýyklykda, iş beriji tarapyndan işgärleri ýörite gorag serişdeleri bilen üpjün edilmelidigi bellenen, bu barada “Gurluşykda tehniki howpsuzlyk” 3.01.03-06 belgili TGK-ň 1.10 we 1.12 bendinde-de  ýörite egin eşigi, ýörite aýakgaby,we beýleki şahsy goranyş serişdelerini mugt bermegiň kadalaryna, şeýle hem hereket edýän beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda, TDS-12.4.011-89 talaplaryna laýyk gelýän şahsy goranyş serişdeleri bilen üpjün edilmeli.

 Şeýle-de 1.11 bendinde-de, Gurluşyk meýdançasynda bolýan ähli adamlar TDS-12.4.087-84 talabyna laýyklykda gorag kaskalaryny we beýleki zerur şahsy goranyş serişdelerini geýmäge borçludyrlar.