“Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň 3-nji binagärlik –gurluşyk bölüminiň taslamanyň baş inženeri Jumahanow Serdar Agameredowiç

 Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

“Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň  3-nji binagärlik –gurluşyk bölüminiň taslamanyň baş inženeri

Jumahanow Serdar Agameredowiç

Binalaryň ýüz tarapyna keramogranit plitalary berkitmek boýunça

G O L L A N M A»

atly kadalaşdyryjy resminama boýunça çykyş.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ugurlarda ýokary ösüşlere eýe bolýar. Ajaýyp döwrümizde milli Liderimiziň bilim we ylym ulgamlaryny dünýä ölçeglerine laýyk getirmek ugrunda durmuşa geçirýän işleri özüniň ajaýyp miwesini berýär.

Ak mermere bezelen paýtagtymyz Aşgabadyň çäkleri täze ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we seýilgäh zolaklarynyň gurulmagy bilen barha giňäp, täze keşbe eýe bolýar. Häzirki döwürde gurulýan desgalary örtmek üçin mermere görä ýeňil, arzan we binalaryň binagärlik aýratynlyklaryna laýyklykda dürli öwüşgünli reňklere boýalyp boljak alternatiw materiallaryň biri hem keramogranit plitalarydyr.

Keramogranit plitalardan ýasalan örtgüli howa yşy bolan jaýyň (desganyň) bassyrma ýüz tarapy ulgamynyň gurnawy her hili maksatly binalaryň we desgalaryň daşyna aýlanan bezeg örtügi we ýylylyk gatlagy (ýagny izolýasiýasy) üçin niýetlenendir.

Bu ulgam Türkmenistanyň ähli yklym sebitlerinde, senagat we raýat jaýlarynda, täze gurluşyklarda, mundan başga-da durkuny täzelemekde we düýpli gurluşyklarda ulanylýar, şonuň bilen baglylykda  Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Türkmendöwlettaslama” DTYÖ birleşiginiň hünärmenleri tarapyndan «Binalaryň ýüz tarapyna keramogranit plitalary berkitmek boýunça Gollanma» işlenip taýýarlandy.

Gurnawlar ýene gurulýan, durky täzelenýän binalarda we dürli maksatly binalarda, ýangyna durnuklylygyň I-III derejelerinde we aşakdaky howa şertli gurluşyk sebitlerinde we ýerlerinde                         TGK 2.01.02-15 boýunça jaýyň ýüz tarapynyň bassyrma ulgamyny gurnamak üçin ulanylýar.