Ministrlikleriň we pudak edaralaryň 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmegi hakynda” 14989 belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji noýabryndaky “Ministrlikleriň we pudak edaralaryň 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmegi hakynda” 14989 belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2017-nji ýylyň 24-26-njy awgustynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmengurluşyk-2017” atly halkara sergisi we “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahaty geçirilýär.

Sergide Türkmenistanyň Gurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, gurluşyk işlerinde we gurluşyk materiallarynyň önümçiliginde täze tehnikalaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, taslama çenlik resminamalaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça, şeýle hem milli binagärlik işleriniň alnyp barlyşy bilen tanşarlar.

Şeýle hem bu sergä gurluşyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň we işewür adamlaryň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Sergide daşary ýurt kompaniýalary bilen mundan beýläk-de işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek üçin özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de iş tejribesini alyşmakda oňat şertler dörediler .

“Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahatynda ýurdumyzyň alymlary, döwlet we hususy kärhanalaryň wekilleri çykyş ederler. Biziň döwletimizde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli maksatnamalaryň hem-de uly ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gantaşmaga we gurluşyk ugularda hyzmatdaşlygy giňeltnäge uly gyzyklanma bildirýän iri daşary ýurt kompaniýalaryň çykyşlaryna garaşylýar.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurluşyk işlerini alyp barýan hem-de gurluşyk materiallaryny öndürýän döwlet edaralaryny, telekeçileri we hususy kärhanalary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryny “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni “Türkmengurluşyk-2017” atly halkara sergisine we “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýarys.

Sergä we maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen habarlaşmaly.

Sergä gatnaşmak üçin tel: +99312 39-88-81/82/83/84/85/86. Faks: +99312 39-88-71

Maslahata gatnaşmak üçin tel: +99312 39-88-87

website: www.cci.gov.tm