2017-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde “ Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Gurluşyk we binagärlik pudagynyň ylmy gadamlary” atly okuw maslahaty geçirildi

 Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy. Maslahaty Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrniň orunbasary Ç.Ahmedow açyp, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda ýetilýän belent sepgitler we gazanylýan  üstünlikler, paýtagtymyz Aşgabadyň durmuş-senagat hem-de ulag infrastrukturaly şäher hökmünde bütin dünýäde tanalýandygyny, soňky birnäçe ýylyň dowamynda welaýatlarymyzda gurluşyk işleriniň güýçli depginler bilen dowam etdýändigini beýan etdi.

Soňra maslahatda Seýsmiki sebitlerde gurluşygyň alnyp barlyşy barada   ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň Jaýlaryň we desgalaryň seýsmiki çydamlylyk barlaghanasynyň inženeri Ö.Kulyýew, Binagärlik işi barada institutyň Hile gözegçilik bölüminiň esasy hünärmeni T.Täşliýew, Şäher gurluşyk işi dogrusynda “Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň Ylym iş boýunça Baş direktorynyň orunbasary A.Jumakulyýew, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Gurluşyk we binagärlik pudagynyň ösüşi hakynda Baş döwlet seljeriş müdirliginiň 4-nji toplumlaýyn seljeriş bölüminiň baş hünärmeni A.Nurullaýew çykyş etdi.

Okuw maslahatynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen gurluşygynyň ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň netjesinde täze we ýokary hil derejesine eýe bolýandygy, Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ösüşinuiň häzirki tapgyrynda ähli ugurlarda innowasiýalar boýunça iň ösen ýurtlaryň tejribesini özleşdirip, gurluşyk desgalarynyň öz wagtynda we ýokary hilde gurulmagyna giň mümkinçilikler açýandygyny bellediler.

Okuw maslahatynda çykyş edenler ýurdumyzyň Gurluşyk pudagynyň uly ösüşlere beslenmegi üçin döwlet Baştutanymyzyň döredýän  giň şertleriniň   pudakda uly yhlas bilen zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny beýan etdiler.