Paýtagtymyzyň täze ýaşaýyş toplumlarynda jaýlary, durmuş we ulag düzümleriniň desgalaryny ulanmaga tabşyrmaga taýýarlyk görülýär

Aşgabat gün günden gözelleşýär. Paýtagtymyzyň täze binalary onuň Köpetdag gerişleri bilen ägirt uly Garagum çöllüginiň arasynda gül açýan ýerde ägirt uly şähere öwrülýändiginden habar berýär. Ýurdumyza gelýän köp sanly myhmanlar şäherimizi synlap, göz öňünde emele gelýän gözel görnüşlere haýran galýarlar. 

Soňky döwürlerde köne jaýlaryň ornunda täze döwrebap şäher binalary emele geldi. Häzirki Aşgabat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabady dünýäniň iň ajaýyp şäherleriniň birine öwürmek barada başlangyçlarynyň durmuşa geçýändiginiň aýdyň güwänamasy bolup durýar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasy we täze binalary gurmagyň baş meýilnamasy batly depginler bilen amala aşyrylýar. 
 

***

Paýtagtymyzyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän “Parahat-7/4” we “Parahat-7/5” kiçi etrapçalarda gurluşykçylar köp gatly jaýlaryň onusyny-4 sany 54 öýlük we 6 sany 36 öýlük belent jaýlary ýaşamak üçin göçüp barmaga taýýarladylar. Şunuň bilen birlikde 600 okuwça niýetlenen umumybilim berýän mekdep hem-de 2 sany çagalar bagy ulanylmaga berler. 

Şu ýyl “Parahat-7” kiçi etrapçasynda eýýäm täze jaýa göçüp gelindi. Müňden gowrak aşgabatly maşgalalar bu ýerde 2-3 we 4 otagly ýokary amatlykly giň jaýlara eýe boldular. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk firmalary 60 sany 9 gatly jaýlaryň we durmuş ugurly binalaryň gurluşygyny alyp barýarlar. Olaryň hatarynda her biri 160 orunlyk 8 sany çagalar bagy, umumy 2 müň 400 okuwçy üçin niýetlenen 4 sany umumybilim berýän mekdep, saglyk öýi, awtoulag duralgalary bar. 

Birnäçe ýylyň içinde “Parahat 7/1”, “Parahat 7/2” kiçi etrapçalarynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy bilen bir wagtda zerur bolan düzümler hem emele getirildi. Öýleriň golaýyndaky ýerlerde köpçülikleýin çäreler üçin ýörite ýerler, çagalar üçin meýdançalar, sport meýdançalary, awtoduralgalar açyldy. 

“Parahat 7/3”, kiçi etrapçasynda häzirki wagtda 2 müň hojalyk üçin 27 bina gurulýar. Şeýle hem ol ýerde 600 okuwçy üçin mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 2 söwda merkezi we awtoduralgalar göz öňünde tutulandyr. 

Paýtagty gurmagyň baş meýilnamasynyň çäklerinde täze amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy şäherimiziň günorta-günbatar böleginde hem alnyp barylýar. Ol ýerde 15-nji tapgyryň binalary gurulýar. Şeýle hem Çogynlyda, Köşüde, Ruhabat etrabynda täze jaýlaryň gurluşygy alnyp barylýar. 
 

***

Aşgabadyň Ruhabat etrabynyň “Täze zaman” obasynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 384-si, 600 okuwça niýetlenen mekdep, hersi 160 orunlyk 2 sany çagalar bagy, saglyk öýi we beýleki desgalar ulanylmaga berler. Bu gurlan ähli desgalar şeýle ýaşaýyş jaýlaryna bildirilýän häzirki zaman talaplaryny hasaba almak bilen guruldy hem-de enjamlaşdyryldy. 

Täze ilatly nokat üçin 257 gektar ýer bölünip berildi. Paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmasy boýunça baş potratçy “Aşgabatgurluşyk” we onuň guramalary bolan telekeçilik düzümleri “Täze zamanda” bir müň 536 sany bir we iki gatly jaýlary gurarlar. Ol ýerde zerur bolan ähli düzümler, şol sanda çagalar baglarynyň 4-si, 1200 okuwçy üçin niýetlenen iki mekdep, iki sany saglyk öýi, durmuş hyzmaty kärhanasy, iki söwda merkezi, ýangyn howpsuzlygy deposy we beýleki desgalar gurlar. 
 

***

400 awtomobil üçin niýetlenen ýene bir köp gatly awtoulag duralgasy aprel aýynyň aýagynda Köpetdag etrabynda Türkmenbaşy şaýoly bilen Atatürk köçesiniň arasynda “Berkarar” söwda merkeziniň golaýynda ulanmaga berler. Binada müşderileriň awtoulaglarynyň ýanyna barmaga amatly bolmagyny üpjün edýän iki lift guraldy. Desgadaky ähli ulag goýmak üçin ýerler ýörite görkezijiler we maglumat tablolary bilen enjamlaşdyryldy. Olar boş orunlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny görkezýärler. 

Mundan başga-da, ähli gatlarda wideo gözegçilik hem-de ýangyna garşy duýduryş ulgamlary oturdyldy. Desganyň birinji gatynda 400 awtoulag goýmaga ýer bolar. Ol ýerde dükanlar ulgamy açylar. Az sanly awtoulaglara niýetlenen duralgalarda awtoýuwalgalar gurlar. 

Aşgabadyň gür ilatly etrapçalarynda her biri 400 ýa-da 240 awtoulaga niýetlenen häzirki zaman köp gatly awtoulag duralgalarynyň birnäçesi guruldy. 
 

***

Türkmenistanyň paýtagtynyň ýol-ulag düzüminiň ähli ýollary we desgalary hil taýdan hem, ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça hem ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Bu talaplary göz öňünde tutmak bilen, nobatdaky köçäni-paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Hoja Ähmet Ýasawy adyndaky köçäniň 4 kilometrlik böleginde doly abatlaşdyrmak işleri tamamlandy. Bu ýerde inžener ulgamlary täzeden goýuldy, gatnawly bölegi 18 metre çenli giňeldildi, täze ýol örtügi düşeldi, elektrik yşyklandyryş sütünleri guruldy hem-de ýanýodalar abadanlaşdyryldy. 

Ýollary döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde, “Türkmenawtoýollary” konserniniň bölümleriniň we ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagynda beýleki magistrallarda hem işler dowam edýär. “Nata Inşaat Turism Ticaret ve Sanayi A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şäher awtoulag düzümlerini abatlamak boýunça baglaşylan şertnamanyň esasy bölegi ýerine ýetirildi. 

Umumy yzynlygy 60 kilometre barabar bolan şäher magistrallarynyň 12-siniň döwrebaplaşdyrmak işleri tamamlanyp barýar. Olarda köprüler, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, bökdençsiz awtoulag geçmegine mümkinçilik berýän çatryklar guruldy. Olaryň gurluşygynda iň täze inžener-tehniki we ylmy işläp düzmeler hem-de häzirki zaman serişdeleri ulanyldy. Ýol örtüginiň ýakasy boýunça owadan yşyklandyryş sütünleri, bezegli haýatlar, amatly awtobus duralgalary guruldy. 

Bökdençsiz çatryklarda hem-de köprülerde paýtagtymyzyň binagärlik keşbine ajaýyp sazlaşýan ýadygärlik heýkel görnüşleri bina edildi. Ösen ýol düzümi Aşgabadyň şäher giňişligini sazlaşykly ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

 

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=8914