MINISTRLIK HAKYNDA

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi we onuň garamagyndaky edara-kärhanalary barada maglumat

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýurtda gurluşyk ulgamynda döwlet syýasatyny alyp barýan döwlet dolandyryş edarasy bolup, ol bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça baş ugry kesgitleýär.

Ministrlik öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda:

binagärlik, taslama we gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlalýar we neşir edýär;

Türkmenistanyň şäherleri boýunça taslama taslama-meýilnamalaşdyryş çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün edýär;

Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň pudaklaýyn tabynlygyna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalar tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär;

gurluşyk babatda taslamalaryň, çykdajy sanawlarynyň we tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryň döwlet seljermesini geçirýär;

taslama, nyrh emele getirmek, çykdajy ölçegleri we inženerçilik gözlegleri babatda usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;

binagärlik, gurluşyk, gurluşygyň hiline gözegçilik, ylym, seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk, gurluşyk işleriniň bahalaryny emele getirmegi kämilleşdirmek we gurluşyk taslamalary babatdaky döwlet hem-de döwletara maksatnamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirmegi üpjün edýär, şeýle hem ýerleşdiriş, taslama düzüş-gözleg we ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirýär;

gurluşyk desgalarynyň ygtybarlygyna we ýer titremesi babatda durnuklylygyna, gurnama parçalarynyň hiline, olaryň bellenen standartlara laýyklygyna döwlet binagärlik-gurluşyk gözegçiligini bellenen tertipde guraýar hem-de üpjün edýär;

gurluşyk meýdançasynyň seýsmiki görkezijisi 9 derejeden   ýokary ýerler babatda degişli tehniki-ykdysady esaslandyrma bar mahaly desgalary gurmak üçin rugsatnamalary berýär;

paýly gurluşyk babatda ygtyýarlyk berlen edaranyň wezipelerini amala aşyrýar;

gurluşyk we binagärlik babatda bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini bellenen tertipde guraýar;

bellenen tertipde dahylly daşary ýurt kärhanalary bilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürýär hem-de amala aşyrýar, pudakda öňdebaryjy tilsimatlary ornaşdyrýar;

garamagyndaky edara-kärhanalary we guramalary bellenen tertipde döredýär, üýtgedip guraýar we ýatyrýar, olaryň tertipnamalaryny (düzgünnamalaryny) tassyklaýar;

pudaklaýyn we sebitara sergileri guraýar hem-de olara gatnaşýar;

edara-kärhanalaryň netijeli işlemegi, kömekçi hojalyklary ösdürmek, ýaşaýyş jaý-durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de sagaldyş çärelerini geçirmek üçin zerur şertleri döredýär;

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrmagy boýunça halkara maslahatlarynda we mejlislerinde Türkmenistanyň bähbitlerine öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde wekilçilik edýär;

Türkmenistana gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini getirmek baradaky şertnamalary baglaşmagyň maksadalaýyklygyny, tehniki, hil we estetiki aýratynlyklaryny, şeýle hem bahasyny nazara alyp kesgitleýär;

Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin pudagara toparynyň işine ýolbaşçylyk edýär.

 

“Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşigi

“Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň we onuň düzümindäki “Ahaltaslama”, “Türkmenbaşytaslama”, “Daşoguztaslama”, “Lebaptaslama” we “Marytaslama” döwlet taslama institutlarynyň esasy wezipeleri önümçilik kärhanalarynyň, ýaşaýyş jaýlaryň, binalaryň we desgalaryň taslama-çykdajy resminamalaryny düzmek hem-de şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň we ilatly nokatlaryň Baş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak şeýle hem topografiki we inžener-geologiýa gözlegleri ýerine ýetirmek hem-de kadalaşdyryjy-usulyýet namalary işläp taýýarlamakdan ybarat.

 

“Türkmenobasenagattaslama” taslama-önümçilik kärhanasy

Ministrligiň “Türkmenobasenagattaslama” taslama-önümçilik kärhanasynyň we onuň garamagyndaky “Daşoguzobasenagattaslama”,  “Türkmenabatobasenagattaslama” we “Maryobasenagattaslama” taslama-önümçilik  kärhanalarynyň esasy wezipeleri senagat kärhanalarynyň we durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň taslama-çykdajy resminamalaryny düzmek, obalaryň we şäherçeleriň Baş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak hem-de ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny taslamalara girizmek boplup durýar.

 

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty aşakdaky meselelere seredýär ýagny, seýsmiki hadysalaryň monitoringi, seýsmiki howplulyga baha bermek üçin maglumatlaryň habar beriş binýadyny döretmek; Türkmenistanyň çägindäki, seýsmiki taýdan howply zolaklaryň seýsmiki etraplaşdyrma we mikroetraplaşdyrma boýunça kartalaryny düzmek; seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek; seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk pudagynda degişli kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmek; seýsmologiki howpsuzlyk boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek; seýsmologiýa we seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk işlerini alyp barýar. 

 

Baş döwlet seljeriş müdirligi

Ministrligiň Baş döwlet seljeriş müdirliginiň we onuň welaýatlardaky şahamçalarynyň esasy wezipeleri gurluşyk babatda taslamadan öňki we taslama resminamalarynyň hem-de çykdajy sanawlarynyň döwlet seljerişini geçirmek, gurluşyk baradaky kadalary we beýleki ölçegleri bellenen tertipde işläp taýýarlamaga we ylmy işläp taýýarlamalary gurluşyga ornaşdyrmaga gatnaşmak bolup durýar.

 

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

Mekdebiň alyp barýan işiniň esasy maksatlary türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň ýokary gymmatlygy bolan adam şahsyýetini hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmekden, Türkmenistanyň ýokary taýýarlykly işgärlere we orta hünär bilimli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.

 

Hojalyk hasaplaşygyndaky “Gurluşykhyzmat” müdirligi

Müdirligiň esasy wezipesi hyzmatlaryna, önümlerine, işlerine, bolan islegleri kanagatlandyrmakdan, gurluşygyň buýrujylaryna we potratçylaryna we beýleki gurluşyga gatnaşyjylara hyzmat etmekden, bagçylyga   hyzmatlary  ýerine ýetirmekden ybarat bolup durýar.

 

Döwlet ygtyýarlylandyryş we hile gözegçilik merkezi

Merkeziň esasy maksady eýeçiliginiň görnüşine, pudaklaýyn degişliligine garamazdan, Türkmenistanyň çäklerinde işleýän we işlemek isleýän edara görnüşli taraplary  hem-de hususy telekeçileri ygtyýarlylandyrmak boýunça resminamalary bellenen tertipde bermek bolup durýar.

 

Gurluşykda nyrh emele getirmek syýasaty we ylmy-tehniki innowasiýalar

Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirliginiň esasy wezipeleri:

Binagärlik, taslama we gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we neşir edýär;

Türkmenistana gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini getirmek baradaky şertnamalary baglaşmagyň maksadalaýyklygyny, tehniki, hil we estetiki aýratynlyklaryny, şeýle hem bahasyny nazara alyp kesgitleýär;

Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin pudagara toparynyň işine ýolbaşçylyk edýär.