SAGDYNLYK ÝÖRELGÄMIZ, ARKADAG GÖRELDÄMIZ 

2017-njy ýylyň 27-nji aprelinde  Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde hukuk goraýjy edaralarynyň gatnaşmagynda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

 Wagyz nesihat çäresini Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ş.Amanow alyp baryp, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda gün-günden rowaçlyga eýe bolýan Berkarar döwletimiziň bagtyýbarlyk döwründe ýaş nesilleriň sagdyn durmuşy hemişelik hemrasyna öwürmeginiň peýdasy, bu ugurda bütin halkymyza eziz Arkadagymyzyň görelde bolup durýandygyny, sagdynlygyň uzak ýaşamagyň we ruhubelentligiň girewidigi bellenildi.

Aşgabat şäher häkimliginiň ýaşulular guramasynyň agzasy, zähmet weterany O.Annageldiýewa öz çykyşynda halal zähmetiň durmuşyň bezegidigini belläp, uly güýç bolan ýaş nesilleriň wagtyny peýdaly zähmete sarp etmek arkaly hemişe öz durmuşyny rowaçlyga eýe etmelidigini beýan etdi.

Aşgabat şäheriniň Prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň prokurory G.Orazsähedowa ýaşlara ýüzlenip, ata-babalarymyzyň halallyk ýörelgesine eýermeklerini, ynsan saglygyna şikes ýetirýän ýagdaýlardan daşda durmaklaryny ündew etdi. Haçan-da ynsan halal durmuşda ýaşamak düzgünini durmuş ýörelgesi edinse, oňa bagtyýar durmuşyň miýesser edýändigini beýan etdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň başlygy R.Salamatow öz çykyşynda arakhorlugyň, çilimkeşligiň neşekeşligiň ynsan saglygyny berbat edýän närsedigini, ýaşlaryň bu närselerden daşda bolmalydygyny, şeýle ýaramaz endiklere baş goşýanlaryň  jemgyýetimizde ornunyň ýokdugyny beýan edip, ýaşlary halal ýörelgesine eýermäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik bölüminiň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi M.Myradow häzirki döwürde gülläp ösýän ýurdumyzda şäherleriň, obalaryň, şäherçeleriň we etrap merkezleriniň çäginiň giňeýandigini guwanç bilen belledi. Ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmegiň awtomobil we pyýada hereketleriň sazlaşykly akgynlylygyny döretmegiň esasy şertidigini belledi. Bu meselede her bir adamynyň seresaplylygy elden bermän, kada boýunça hereketi amala aşyrmagynyň zerurdygyny barada aýtdy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň wekili R.Hojamow öz çykyşynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýar ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy. Ol ýurdumyzda yzygiderli gurulýan saglyk merkezleri, yzygiderli geçirilýän medeni, sport çäreleri munuň aýdyň mysalydyr. Şonuň üçin, ýurdumyzyň ýaşlary hemişe bir maksada – sagdynlyk ýörelgesine eýerip, eziz Arkadagymyzyň ynamyny ödejekdiklerini beýan etdi.