ÇAGALAR WE ZENANLAR HAKYNDA ALADA

2017-njy ýylyň 28-nji aprelinde  Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde  Zenanlar birleşiginiň maslahaty geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Zenanlar guramasynyň başlygy, Maliýe-ykdysady we hasaplaşyk müdirliginiň bäş hünärmeni, A.Ödegulyýewa açyp, Türkmenistanyň 2018-2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji Geňeşine, şeýle hem 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanandygyny guwanç bilen belläp, bu şanly wakanyň ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligindäki ornunyň barha pugtalanýandygynyň beýanydygyny belledi.

Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. “Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň Taslama işleriniň awtomatizasiýa bölüminiň tehnigi D.Annaçaryýewa “Türkmenistan dünýä döwletleriniň arenasynda” atly   mowzuk boýunça eden çykyşynda hormatly Prezidentimiziň saglyk, bilim ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, çaganyň hukuklaryny goramak, gender deňligi we zenanlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi ýaly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýandygyny, şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birliklerine saýlanmagynyň Watanymyzyň halkara derejede belent abraýa eýedigine şaýatlyk edýändigini beýan etdi.

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň “Gurluşyk materilallarynyň häsiýetleriniň barlagy” barlaghanasynyň müdiri A.Saparowa maslahatda “Işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň ýörelgesi” atly çykyşynda Türkmenistanyň milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda halkara hyzmatdaşlygyny barha giňeldýändigini belledi. Häzirki döwürde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda çagalary goramagyň hukuk esaslaryny güýçlendirmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, sanjymlary geçirmek, çagany ir ýaşdan ösdürmek, bilim we çagalaryň bähbidine gönükdirilen maglumat – habar beriş işleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmenistan Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasyna goşulmak bilen öz üstüne alan borçnamalarynyň ählisini doly üpjün edýär.

Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirliginiň Paýly gurluşygy utgaşdyrýan bölüminiň baş hünärmeni L.Begmyradowa “Mizemez dostluk-doganlyk gatnaşyklary köp asyrlyk ruhy we medeni umumylykdyr” diýen çykyşynda bagtyýarlyga beslenýän häzirki döwrümizde enäniň we çaganyň saglygyny goramak ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň, ýetilýän sepgitleriň, bu ugurda amala aşyrylýan özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň uly ähmiýete eýedigini belledi.

L.Begmyradowa öz çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen bilelikde ýerine ýetirilen “Çaga kesellerini bitewi alyp barmak”, “Howpsuz enelik”, “Bäbeklere ilkinji reanimasiýa kömegini bermegi kämilleşdirmek” ýaly milli Maksatnamalaryň halkara guramalar tarapyndan sebitde iň netijeli ýerine ýetirilen işler diýlip ykrar edilýändigini bellemek bilen, häzirki wagtda bu maksatnamalaryň amaly lukmançylyga giňişleýin ornaşdyrylýandygyny aýtdy.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygyny goramak, aýratyn-da, çagalar we zenanlar babatda durmuşa geçirilýän düýpli işleriniň, tutumly tagallalarynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.