YLMA DAÝANÝAN PUDAK

2017-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda Gurluşyk we binagärlik pudagynyň ylmy gadamlary” atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahaty  Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary Ç.Ahmedow açdy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň uly ösüşlere beslenýändigini, bu ösüşleriň özeniniň ylma esaslanýandygyn belledi.

Maslahatda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Döwlet ygtyýarlylandyryş we hile  gözegçilik müdirliginiň Gurluşykda hünär taýýarlygy bölüminiň başlygy K. Berdiýew “Gurluşykda hünär taýýarlygy işleriniň alynyp barylşy” atly tema boýunça eden çykyşynda, gurluşyk işini alyp barmakda öňe sürülýän ilkinji meseleleriň biriniň hünär taýýarlygydygyny belledi. Bu ugurda pudakda işleriň we işçi hünärleriň bitewi tarif-hünär derejesini kesgitlemek möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin, Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirligi tarapyndan bitewi tarif-hünär derejesini kesgitleýji maglumatnama taýýarlanyldy.

Çykyşda häzirki döwürde zähmet çekýän hünärmenlere öwrenmek, döredijilikli işlemek üçin ähli şertleriň döredilýändigi beýan edildi.

Soňra Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň Inženerlik seýsmologiýasy  barlaghanasynyň uly laboranty Ý. Çaryýewiň “Aşgabat şäheriniň käbir topraklarynyň HVSR-seljermesiniň maglumatlary boýunça seýsmiki häsiýetleri” atly çykyşy diňlenildi.

Ý.Çaryýew çykyşynda: “Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we beýleki iri şäherlerde ýaşaýyş jaý gurluşygynyň göwrümi, bina edilýän durmuş we medeni maksatly desgalaryň sany ýylsaýyn artýar. Ussat binagärler şäherlerimiziň gaýtalanmajak keşbini kemala getirmekde bitewi şähergurluşyk-binagärlik konsepsiýasyna eýermek bilen, häzirki okgunly ösüşi özünde jemleýän täze gurluşyk usullaryny durmuşa ornaşdyrmaga çalyşýarlar. Binagärlik sungatynyň şeýle usullaryna, ilkinji nobatda, köp gatly jaşaýyş jaý gurluşygy degişlidir. Olar okgunly ösüşlere beslenen döwrümiziň öňdebaryjy tehniki ösüşini we gurluşyk önümçiliginiň ylmy binýadynyň günsaýyn pugtalanýandygyny ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar” diýdi.  

Çykyşda Türkmenistanda ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalarynyň, durmuş-medeni maksatly obýektleriň, ulag we beýleki gara ýollaryň giň möçberli gurluşygy emele gelen seýsmiki ýagdaýy seljermek we oňa baha bermek boýunça yzygiderli ylmy-barlag işleriniň geçirilmegini talap edýändigini bellenildi.

“Türkmenistanyň çägini ösdürmegiň şähergurluşyk meýilnamalaşdyrylyşy” tema boýunça “Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň Aşgabat şäheriniň baş meýilnamasyny işläp taýýarlaýan bölüminiň baş inženeri E.Esenow öz çykyşynda şäheri ösdürmek boýunça esasy ugur we Aşgabady gurmagyň uzak geljegini nazarlaýan baş meýilnamasy hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip düzülýändigini belledi. Şeýlelikde, E.Esenow şu maksat bilen binagärlerden we dürli kärde zähmet çekýän adamlardan ybarat uly döredijilik toparynyň döredilendigini, toparyň Aşgabadyň belli taslama institutlary we birnäçe ministrlikler we edaralar bilen hyzmatdaşlykda döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerini ýerine ýetirmäge girişendiklerini aýtdy. “Bu ozaly bilen şäheriň geljekki ösüşini we onuň özgermeginiň esasy giňişlik ölçeglerini, görkezijilerini we ýörelgelerini kesgitleýän, öňdengörüjilikli Baş ugur meýilnamasy bolup durýar”.

Soňra çykyş etmek nobaty “Türkmendöwlettaslama” döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň 4-nji şäherleriň we şäherçeleriň meýilnamalandyrylşy we gurluşygy bölüminiň başlygynyň orunbasary S.Saryýewe berildi. Ol “Ilatly ýerleriň we şäher ýaka zolaklarynyň çäklerinden peýdalanmak” atly tema boýunça taýýarlan çykyşynda 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly maslahatda türkmen paýtagtyny ösdürmek we onuň çägini giňeltmek baradaky meselä seredilendigini hem-de degişli resminamanyň kabul edilendigini belledi. S.Saryýewiň belleýşi ýaly, munuň özi Aşgabadyň daş-töwereginde ilatly ýerleriň  we şäher ýaka zolaklarynyň çäkleriniň döwrebap gurluşa eýe bolmagyny şertlendirdi.

Ilatly ýerleriň we şäher ýaka zolaklarynyň çäklerinden peýdalanmak  ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny, binagärligi, medeni zolaklary ösdürmäge ýardam edýär. Bu ugurda ýerine ýetiriljek işleriň hiliniň ýurdumyzyň kanunçylygynda kesgitlenen kadalara laýyk gelmegi hökmandyr.

Okuw maslahatynda çykyş edenler bagtyýarlyga beslenýän häzirki döwrümizde türkmen gurluşygynyň ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň netjesinde täze we ýokary hil derejesine eýe bolýandygy, Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ähli ugurlarda innowasiýalar boýunça iň ösen ýurtlaryň tejribesini özleşdirip, gurluşyk desgalarynyň öz wagtynda we ýokary hilde gurulmagyna giň mümkinçilikler açýandygyny beýan etdiler.