Türkmenistan anyk ýörelgeler esasynda dünýä energetika giňişligindäki ýygjam gatnaşyklara taýýar

Aşgabatda “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Halkara energetika hartiýasynyň Forumynyň geçirilmegi energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini nazarlaýan energetika ulgamyndaky ählumumy gatnaşyklaryň esasynyň döredilmegini şertlendirýän resminamanyň düzülmeginiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi.

Energetika Hartiýasy dünýäniň energetika giňişligindäki özara gatnaşyklaryň netijeli we deňeçer guralyny döretmekde möhüm orun eýeleýär. Halkara energiýa akymlarynyň ygtybarlylygy, howpsuzlygy uglewodorod serişdeleriniň ugurlarynyň hukuk goraglylygy barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu meseläniň anyk çözgüdine umumy kabul edilen köpugurly çemeleşmeleriň, energiýa serişdelerini ugradyjylaryň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklaryň anyk we üýtgewsiz ýöreleglerini işläp taýýarlamak zerur bolup durýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew forumda çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň Energetika Hartiýasy boýunça hyzmatdaşlar bilen anyk taýýarlanylan ýörelgeler, ilkinji nobatda bolsa erkin üstaşyr geçirmek esaslaryndaky özara ýygjam gatnaşyklara taýýardygyny tassyk etdi.

Merkezi Aziýanyň söwda-ulag ýollarynyň çatrygynda möhüm orun eýeleýän we birnäçe halkara hem-de sebitara energiýa taslamalaryny öňe sürýän hem-de ugradyjy ýurt hökmünde tanalýan Tükrmeistan üçin energşetika howpsuzlygy we energiýa göterijileriň durnukly üstaşyr geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleler strategiki taýdan möhüm bolup durýar.

Energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Energiýa göterijileriň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny” ady bilen iki kararnamanyň döremegini şertlendiren Türkmenistan BMG, ÝHHG we Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasy ýaly halkara guramalarynda öz başlangyçlaryny öňe srýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1997-nji ýylyň iýul aýynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň doly hukukly agzasy boldy.

Türkmenistan 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasy boýunça konferensiýa başlyklyga saýlanyldy. Ol 2016-njy ýylyň noýabrynda geçirilen 27-nji Konferensiýada yglan edildi. Munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählumumy energetika syýasatynyň meselelerini çözmekde möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar. Türkmenistanyň başlyklygy döwründe Energetika Hartiýasy Konferensiýasyna Nigeriýa, Burkina-Faso, Keniýa we Mali ýaly ýurtlar agza boldular.