Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjigini abadanlaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek esasy stadionynyň abadanlaşdyrylyşy, beýleki guramaçylyk işlerine taýýarlygyň meseleleri, sentýabr aýynda geçiriljek sport baýramçylygynyň wezipeleri bilen tanyşdy.

Aziada-2017-ni geçirmek Merkezi Aziýa sebitinde Aziýa oýunlaryny kabul etmek hukugyna eýe bolan paýtagtymyz üçin uly hormatdyr. Bu şanly wakanyň üstünlikli geçirilmegi döwletimiziň sport we halkara durmuşyndaky iri merkez hökmündäki abraýyny alamatlandyrýar.

“Aşgabat-2017” giň möçberli taslama ýurdumyzyň ýeten derejesini dünýä äşgär etmek üçin oňyn mümkinçiligi üpjün edýär. Ol giň hyzmatdaşlyk, dostluk we işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, sebitde hem-de tutuş dünýäde ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge, köpçülikleýin sporty, milli ykdysadyýetimizi, medeniýet pudagyny we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendir. Hut şonuň üçin hem bu taslamanyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly mesleleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar.

... Olimpiýa şäherjiginiň “Aşgabat” Olimpiýa stadionynyň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi we bu taslamanyň gurluşygy ynanylan Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň baştutany garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde geçirilen işler bilen tanyşmagynyň barşynda Olimpiýa şäherjiginiň paýtagtymyzyň buýsanjy, şäher görnüşiniň aýdyň bölegi boljakdygyny belläp, şonuň üçin hem bu ägirt uly sport toplumynyň Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen sazlaşmagynyň möhümdigini aýtdy. Şäherjigiň her bir aýratyn desgasynyň daşky görnüşi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem uly ähmiýete eýedir. Desgalaryň içiniň hem-de açyk giňişlikleriň bezegi, olaryň göwnejaý derejede saklanylmagy bu ägirt uly taslamanyň derejesine laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Olimpiýa stadionyna tarap ugrady. Milli Liderimiz belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen girelgäniň bezeg aýratynlyklary bilen tanşyp, binanyň ikinji gatyna galdy. Bu ýerde myhmanlaryň netijeli işi üçin aňrybaş şertler döredilipdir. Desganyň balkonyndan 45 müň tomaşaçy orunlyk stadionyň ajaýyp görnüşi açylýar. Bu ýerde göz öňünde tutulan binalarda işewür duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek bolar, munuň üçin ähli zerur bolan enjamlar we mebeller bar.

Hormatly Prezidentimiz desganyň bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekip, bu ýerde goýlan nakgaş eserlerinde beýan edilýän şekilleriň milli sungatymyzyň aýratynlyklaryny beýan etmelidigini, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary we ýörelgeleri barada habar bermelidigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Beridmuhamedow binada goýulýan suratlaryň şekil aýratynlyklaryna, çeper bezegine, olaryň reňkleriniň sazlaşygyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, surat eserlerinde türkmen tebigatyna mahsus şekilleriň esasy orun eýelemelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz tamamlaýjy tapgyra gadam basan stadionda alnyp barylýan gurluşyk we timarlaýyş işleriniň depginleri bilen içgin tanşyp, desganyň özboluşly keşbiniň döredilmeginde milli binagärlik usullarynyň häzirkizaman çemeleşmeler bilen sazlaşmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz şäherjigiň desgalarynyň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde hem-de ýokary hil derejesinde tamamlanmagynyň zerurdygyny nygtap, täze desgalaryň ählisiniň keşbinde häzirki döwrüň ruhunyň, ýurdumyzyň häzirki wagtdaky okgunly durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny, şunda däp-dessurlaryň täzeçillik usullary bilen sazlaşykly utgaşmalydygyny, halkymyzyň beýik mirasynyň bolsa oňyn özgertmeler bilen utgaşmalydygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde döwlet Baştutanymyz desgalaryň enjamlaşdyrylmagynyň halkara ülňülerine hem-de bildirilýän talaplara laýyk gelmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, şäherjigiň gurluşygyny alyp barýan kompaniýanyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aziada-2017-niň çärelerini guramak işlerine gatnaşýan işgärler üçin birmeňzeş gulluk lybaslarynyň hem-de dabaraly çäreler üçin ýörite lybaslaryň nusgalary hödürlenildi. Dabaraly çäreler üçin bezemen lybaslarda dizaýnerler folklor äheňlerini we türkmen milli lybaslarynyň bezeglerini döredijilikli peýdalanypdyrlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çäreler üçin lybaslaryň hersiniň öz aýratynlyklarynyň bardygyny, olardan çen tutulyp, ýurdumyz baradaky ilkinji täsirleriň döreýändigini aýtdy.

Şeýlelikde, biz çeperçilik çözgütleri baý many-mazmun, özboluşly milli nyşanlar we öwüşginler bilen birleşdirip, aýdyň keşpleri döredip bileris, bu bolsa myhmanlarymyza türkmen halkynyň häsiýeti, onuň ruhy dünýäsi, däp-dessurlary barada köp zatlary habar berip biler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli lybaslarymyzyň häzirki döwrüň meýillerine laýyklykda, bezeg aýratynlyklary diňe hereketde, ösüşde hem-de täzelenişde durmuşyň dowamatlylygynyň jemlenýändigini aýdyň görkezmelidir.

Şunda, myhmanlara türkmen medeniýetiniň ol ýa-da beýleki ýörelgeleri, dessurlary, olaryň ähmiýeti, gaýtalanmajak taraplary barada gürrüň berilmelidigi, olarda biziň ýurdumyz bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de ýurdumyz barada içgin düşünje almaga gyzyklanma döredilmelidigi bellenildi.

Oýunlaryň nyşanlarynyň milli bezegleriniň, Olimpiýa şäherjiginiň binagärliginiň, meýletinçileriň lybaslarynyň, türgenleriň sport lybaslarynyň we beýlekileriň üsti bilen ata-babalarymyzyň bize goýup giden mirasyny wagyz etmelidiris, biz ol mirasy aýawly gorap geljekki nesillere ýetireris, milli medeniýetimiz halklaryň arasyndaky dost-doganlyga, özara hormat goýulmagyna hem-de ýer ýüzünde parahatçylygyň berk saklanmagyna hyzmat etdi—bularyň ählisi biziň ägirt uly (Aşgabat-2017) taslamamyzyň ruhy binýadyny emele getirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde iş maslahatyny geçirdi, onuň öň ýanynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna hem-de ýaryşlary geçirmegiň meýilnamalaryna bagyşlanylan wideofilm görkezildi.

Maslahatyň barşynda Aziada-2017-niň dabaraly, sport we medeni çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Oýunlaryň medeni çäreleri babatynda aýdyp, onuň many-mazmunynda türkmen halkynyň köp müňýyllyk taryhynyň öz beýanyny tapmalydygyny, ýurdumyzyň myhmanlarynyň taryhymyzyň şöhratly sahypalary, milli gahrymanlarymyz, beýik we meşhur şahsyýetler, meşhur türkmen şäherleri hem-de olaryň Gündogaryň siwilizasiýasynyň ösüşinde eýelän orunlary, ýadygärlikler, şol sanda gadymy döwürlerde ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy ýadygärlikler barada köp zatlary bilmelidiklerini belledi. Beýleki bir tarapdan, biziň häzirki döwürde ägirt uly gazananlarymyz hem-de haýran galdyryjy üstünliklerimiz, iri möçberli özgertmelerimiz äşgär edilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara bu mesele boýunça tabşyryklar berdi.

Şeýle hem maslahatyň barşynda, Aşgabat Aziýa oýunlarynyň çäklerinde türgenleşik işleriniň we bäsleşikleriň guralyşy boýunça, olara maglumat goldawuny bermek hem-de beýan etmek, Aziada-2017-niň baş meýilnamasynda göz öňünde tutulan beýleki köp ugurlar boýunça öňde durýan wezipelere garaldy.

Milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmeginiň sebitde ilkinji bolup, Aziadany kabul etmek hukugyna eýe bolan Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň belende göterilmegine, ýurdumyzyň halkara sport merkezi hökmündäki ornunyň berkidilmegine ýardam berer diýip, bu ugurda ýaýbaňlandyrylan köptaraplaýyn işi, şol sanda sport ugry boýunça çäreleri hem, beýleki ugurdaş çäreleri hem berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Aziada-2017-ä köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegine garaşylýandygyny aýdyp, ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türgenler, tälimçiler, eminler we beýleki hünärmenler – Oýunlara gatnaşyjylaryň ählisiniň myhmansöýerligiň iň gowy däplerine laýyklykda kabul edilmelidigini hem-de ähli zerur zatlar bilen üpjün edilmelidigini, iň ýokary derejede hyzmat bilen gurlaşmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemlemek bilen, Aziada-2017-ni kabul edýän ýurt hökmünde üstümize ägirt uly jogapkärçiligiň düşýändigini ýene bir gezek aýtdy hem-de maslahata gatnaşyjylara bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi.