Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginiň düzümleri bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport wekiliýetleriniň ýerleşjek ýeri bolan ýaşaýyş jaý toplumy, lukmançylyk merkezi we Halkara ýaýlyma beriş merkezi bilen tanyşdy.

Bir hepde mundan ozal, ýagny 30-njy maýda döwlet Baştutanymyz oýunlaryň esasy stadionynda alnyp barylýan işler we olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek ägirt uly sport baýramçylygynyň guramaçylyk meseleleriniň çözgüdi boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Aziada-2017-niň başlanjak pursady ýakynlaşdygyça, milli Liderimiz bu iri ýaryşlara paýtagtymyzyň hem-de Olimpiýa şäherjiginiň taýýarlygyna, onuň desgalarynyň abadanlaşdyrylyşyna has içgin üns berýär. Munuň özi öňde boljak ýaryşlaryň derejesinden habar berýär. Onuň üstünlikli geçirilmegi bilen, Türkmenistan dünýäniň sport ýurtlarynyň hataryna goşular we soňlugy bilen Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge dalaş eder.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “Aşgabat-2017” taslamasy ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp Olimpiýa şäherjigi bolsa häzirki we geljekki nesiller üçin Aziadanyň özboluşly mirasyna öwrüler.

... Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Olimpiýa şäherjiginiň ýaşaýyş jaý toplumynyň ýanynda ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, bu desgalar toplumynyň gurluşygy ynanylan Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherjiginiň 2017-niň ýaryşlaryna gatnaşýan türgenler üçin niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyna tarap ugrady.

Milli Liderimiz bu ýerde bina edilen desgalary synlady. Olaryň daş görnüşi we içki bezegi abadanlaşdyrylan şäher durmuşyna doly laýyk gelýär. Öwüşgin atýan aýnaly ak mermerli beýik binalar bu ýerde abadanlaşdyrylan çäkleri, gök zolaklary we ýaş agaç nahallary bilen gurşalan künjekleri bilen tutuş toplumy emele getirýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm desgalaryň ýagdaýyny, olaryň inženerçilik-tehniki üpjünçiligini, şeýle hem bezeg aýratynlyklaryny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Umuman, Olimpiýa şäherjigi 12 müň orunlyk bolup, bu ýerde daşary ýurtly türgenler, tälimçiler, lukmanlar, wekiliýetiň düzümindäki tehniki işgärler, metbugat wekilleri we beýlekiler ýerleşerler. 12 gatly 20 jaýdan ybarat bolan ýaşaýyş jaý toplumlary binalar toplumyny emele getirýär. Olaryň birinde 6 sany ýaşaýyş jaýy bolup, binalar şäherjigi gurmagyň ikinji nobatdakysynyň çäklerinde guruldy. Olar 1 müň 628 öýden ybarat bolup, 3 müň 274 orunlykdyr. Üçünji nobatdaky tapgyrda gurlan 14 sany ýaşaýyş jaýlarynda 2 we 3 otagly öýleriň 1 müň 356-sy bolup, olara türgenleriň 8 müň 800-e golaýy ýerleşdiriler.

Ähli amatlyklary bolan otaglar 75 inedördül metrden 148 inedördül metr aralygyndadyr. Her toplumda mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň ýaşamagyna niýetlenen ýörite öýler göz öňünde tutuldy. Binalar döwrebap liftler, häzirki zaman durmuş we hyzmat ulgamlary bilen üpjün edildi.

Ýaşaýyş jaýlarynyň birinde milli Liderimiz onuň üçünji gatyna galyp, bu ýerde döredilen şertler, aňrybaş ýaşaýşy we dynç alşy üpjün edýän mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Üç orunlyk öýler üçin umumy aşhana we suwa düşülýän otag, şeýle hem her otagda aýratyn suwa düşülýän ýer döredilipdir.

Bu ýerde döredilen şertleri synlap, döwlet Baştutanymyz olaryň bezeginiň göze gelüwli bolmalydygyny, onda öý şertlerine laýyk gelýän oňaýly ýagdaýyň döredilmelidigini, myhmanlaryň bu ýerde özüni rahat duýmagy üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz ýaş türgenler bilen bolan söhbetdeşlikde olaryň dünýäniň köp ýurtlarynda abraýly turnirlere, şol sanda Olimpiadalara gatnaşandygyny aýdyp, bu ýerde döredilen şertleriň daşary ýurtlardaka garanyňda näderejededigi bilen gyzyklandy. Olar bu ýerdäki ýaly şertleri dünýäniň hiç bir ýerinde görmändiklerini aýtdylar. Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ähli ugurlaryň, ýönekeý we çylşyrymly serişdeleriň göz öňünde tutulandygyny aýdyp, türgenler bu mümkinçilikleriň täze derejelere laýyk gelýändigini nygtadylar. Türgenler bu mümkinçilikleri görüp, mähriban Watanymyzda bitirilýän işlere örän buýsanýandyklaryny aýtdylar we ýurdumyzyň sport abraýynyň ýokary galmagyna yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň aşaky gatyna düşdi. Bu ýerde ýörite garaşylýan otag döredilipdir. Onda daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň resmileşdiriş çäreleriniň dowamynda dynç almak, çaý-suw içmek üçin zerur bolan mümkinçilikler ýola goýlupdyr. Bu ýerde döredilen şertler bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz binanyň daşyna çykdy.

Şeýle hem Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň hatarynda türgenleriň dynç almagy üçin niýetlenen medeniýet merkezi bar, onuň düzümine 56 orunlyk naharhana, 171 orunlyk restoran, 130 orunlyk kinoteatr, 128 orunlyk kafe, şeýle hem muzeý, kitaphana, dellekhana, saz studiýasy, bankyň bölümi, dükan, durmuş hyzmatlary we poçta bölümi girýär. Bu ýerde stoluň üstünde oýnalýan tennis hem-de bilýard oýny bilen meşgullanyp wagty gyzykly geçirmek üçin mümkinçilik döredilipdir, medeni-köpçülik çärelerini guramak üçin ähli şertler bar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjiginiň merkezi naharhana toplumyna bardy. Iki gatdan ybarat naharhana 2 müň 64 adama niýetlenendir. Onuň birinji gatynyň umumy meýdany 5 müň inedördül metre, ikinji gatyň eýeleýän meýdany bolsa 4 müň 600 inedördül metre barabardyr. Onda iki lift we iki sany hem eskalator hereket edýär.

Aziada-2017-ä gatnaşyjy ýurtlaryň milli medeniýeti, özboluşly aşhana aýratynlyklary nazarda tutulyp, naharhanada Aziýa, Ýewropa, wegetarian we türkmen milli tagamlary hödür ediler.

Soňra hormatly Prezidentimiz naharhananyň ikinji gatyna galdy. Bu ýerde milli Liderimizi dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilen köpsanly ýaryşlara işjeň gatnaşýan milli ýygyndy toparymyzyň agzalary uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Olar Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde dünýäniň meşhur sport toplumlaryndakydan pes oturmaýan amatly şertleriň döredilmegi ugrunda eden yzygiderli aladasy we goldawy üçin döwlet Baştutanymyza sag bolsun aýtdylar.

Milli Liderimiz türgenler bilen bilelikde ýaryşa gatnaşyjylaryň iýmitleniş ugurlary bilen tanyşdy. Bu ýerde ýola goýlan işler dünýäniň iň gowy tejribelerine laýyk gelýär.

Türkmen aşpezleri daşary ýurtlaryň aşhanalarynyň usullaryny we aýratynlyklaryny, olaryň nahar taýýarlaýyş meýillerini dünýäniň dürli ýurtlarynyň restoran senagatyndan gelen aşpezleriniň we bu ugra degişli ýokary hünärli işgärleriň gatnaşmagynda geçirilen ýörite okuw sapaklarynda ele aldylar.

Şu gün bu ýerde hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýaryşlaryň geçýän pursatlarynda türgenler üçin taýýarlanyljak tagamlaryň birnäçe görnüşleri hödürlenildi.

Şeýle hem daşary ýurtlardan gelen myhmanlara türkmen aşhanasynyň tagamlary hödürlener. Bu ýerde habar berişleri ýaly, milli tagamlar taýýarlanylanda hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alynýar we bu düýpli eserde görkezilen usullar işjeň ulanylýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen aşhanasy ýüzlerçe özboluşly tagamlary özünde jemleýär. Ol tagamlar döwrüň synagyndan geçen we iýmitleniş usullaryna laýyklykda çuňňur oýlanyşykly taýýarlanylan özboluşly tagamlardyr. Munuň özi ajaýyp özboluşly usullaryň we tagamlaryň sazlaşygynyň toplumydyr.

Türkmenistan medeniýetleriň we ekologiýa taýdan arassa önümleriň merkezi bolmak bilen, bu ýerde milli aşhana däpleriniň ajaýyplygy saklanýar. Biziň ýurdumyz dünýäniň dürli künjeklerinden özboluşly tagamlara gadyr goýýan syýahatçylary çekmekde özboluşly merkeze öwrülip biler.

Şeýle hem türgenler üçin türkmen topragynda bitýän gawun, garpyz, üzüm ýaly datly önümleriň, şol sanda ýerli bejeriş ähmiýeti bolan otlardan taýýarlanylan ýakymly çaýlar peýdaly bolar, olaryň gudratly güýji barada milli Liderimiz öz kitaplarynda ýazyp görkezdi.

Aziada gatnaşyjylara we myhmanlara medeni hyzmatyň çäklerinde taýýarlanylýan tagamlar iň ýokary talaplara laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türgenler üçin iýmit taýýarlanylanda sportuň görnüşini, birnäçe önümleriň fiziki taýýarlyga we türgenleriň netijeliligine täsirini nazarda tutup, ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryň ulanylmalydygyny tabşyrdy.

Iýmit ähli zerur serişdeler, witaminler we minerallar bilen üpjün edilmelidir. Şunlukda türgeniň nähili iýmite isleg bildirýändigini, sportuň görnüşlerini nazara alyp, aşpezleriň degişli kadalara laýyk hereket etmelidigini belläp, milli Liderimiz bu işleriň degişli derejede alnyp barylmalydygyny aýtdy.

Doly we oýlanyşykly iýmitlenmek bedeniň kuwwatyny artdyrýar. Bu bolsa ussatlyga we täze ýokary netijelere ýetmekde möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türgenler bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Fiziki tälimleriň derejesine we yzygiderliligine laýyklykda iýmitiň düzüminde zerur serişdeleriň bolmagy zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem türgenlere eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä derejesinde belende göterýän täze ajaýyp ýeňişler arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz olimpiýa şäherjiginiň dikeldiş we okuw otagy bolan ylmy-barlag barlaghanany özünde jemleýän lukmançylyk toplumyna tarap ugrady.

Iki gatly dikeldiş merkeziniň umumy meýdany 3 müň 225 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde hünärmenler birbada 202 adamyny kabul edip bilýärler. Anyklaýyş, fizioterapiýa, EKG, ultra ses, tomografiýa we beýleki otaglar häzirki zaman ugurdaş enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň näsaglary kabul edip bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Binada bejeriş ähmiýetli bedenterbiýe üçin gimnastika zaly, ýüzüş howzy, refleksoterapiýa, akupuntura, infragyzyl şöhle, elektroterapiýa, wakuum terapiýasy, galbanoterapiýa, ingalýasiýa, lazer ulanylýan otag, ozon, parafin-ozokerit, owkalama otaglary bar. Barlaghanalarda iň täze barlag enjamlary oturdyldy. Bu ýerde 44 orunlyk çaýhana hereket edýär. Şeýle hem näsaglar üçin 8 ýatyş otagy bar.

Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe türgenleriň şikes alan halatynda tiz kömek bermek üçin dürli ugurlar boýunça Germaniýadan ýokary hünärli lukmançylyk işgärleri çagyrylar.

Şeýle hem ýaryşlaryň geçirilýän ýerlerinde sport lukmanlary, şol sanda daşary ýurtly lukmanlar işlärler, olar türgenleriň bäsleşiklerine gönüden-göni gözegçilik ederler. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Oýunlara edilýän lukmançylyk hyzmatynyň derejesi ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmeginde uly ähmiýete eýe bolar.

Ylmy-barlag we okuw merkezi üç gatly binada bolup, onuň umumy eýeleýän meýdany 706 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde 23 hünärmen işlär. Okuw merkezi 44 diňleýji üçin niýetlenendir. Bu ýerde olar üçin usulyýet we amaly sapaklar otaglary bar. Şeýle hem binada uly bolmadyk maslahat zaly hem-de aşhanasy bolan naharhana hereket edýär.

Ylmy-barlag merkeziniň barlaghanasyndaky hünärmenler bu ýerde bar bolan dünýäniň belli önüm öndürijileriniň ýokary derejeli we kämil enjamlary barada gürrüň berdiler hem-de döwrebap enjamlaryň mümkinçilikleri barada aýtdylar.

Türgenleriň beden ýagdaýyny anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýän kompýuter enjamlary özünde biologik synaglaryň döwrebap usullaryny jemleýär.

Hususan-da, barlag we barlaghana enjamlarynyň, himiki serişdeleriň we kliniki serişdeleriň önümçiliginde dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan ABŞ-nyň “Tihermo Fished Scientific” kompaniýasynyň toplumlaýyn operasiýa ulgamyny üpjün edýän anyklaýyş işlerini üpjün edýän toplumy gurlupdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginiň Halkara ýaýlyma beriş merkezine tarap ugrady. Munuň özi esasy maglumat merkezi bolmak bilen, ol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin hahab beriş serişdeleriniň wekilleri işlärler.

Bu ýerde gepleşikleri ýazmak, sorag-jogap alyşmak üçin studiýalar, maslahat zallary, teleradio kompaniýalaryň, gazetleriň, žurnallaryň, habarlar agentlikleriniň işgärleri üçin enjamlaşdyrylan we beýleki kömekçi otaglar göz öňünde tutuldy. Ýeri gelende aýtsak, olar birnäçe ulgamlara bölünipdir. Bu bolsa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň birek-birege päsgel bermezden iş alyp barmagyna mümkinçilik döredýär.

Milli Liderimiz bu ýerde döredilen şertler bilen içgin tanyşdy. Ol tehniki aýratynlygy we inženerçilik çözgüdi bilen tapawutlanýar. Özboluşly bezeg aýratynlygy bolan dört gatly binanyň otaglary häzirki zaman aragatnaşyk ulgamy, awtomatlaşdyrylan dolandyryş usuly bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde enjamlaryň ýagdaýyna, žurnalistleriň maglumatlary dünýä ýurtlaryna öz wagtynda ibermegine gözegçilik ýola goýlupdyr. Şeýle hem bu ýerde metbugat maslahatlaryny, bilermenleriň geňeşleriniň, onlaýn usuly boýunça ýaýlyma beriş işlerini, işewür duşuşyklary, teleköprüleri, tanyşdyryş çärelerini we maslahatlary geçirmek üçin zerur şertler döredilipdir.

Şeýlelikde, binanyň birinji gatynda 260 orunlyk metbugat maslahatyna niýetlenen zal, 62 orunlyk fotosuratçylar üçin açyk görnüşli edara ediş otaglary, 110 orunlyk kafe-restoran, ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen otaglar, şeýle hem tehniki we beýleki edara desgalary bar.

Onuň ikinji gatynda 98 orunlyk mediaotaglary ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde tehniki gözegçilik enjamlary bolup, olarda hünärmenler degişli gepleşiklere gözegçilik edip bilerler. Merkezi enjamlar otagynda gepleşikleriň sesiniň we görnüşleriniň hiline gözegçilik ýola goýlar. Şeýle hem merkezde alyp baryjylaryň sesleri 3G we 4K görnüşinde işleýän ýaýlym enjamlary bilen ugradylar. Bu bolsa aragatnaşyk ulgamy boýunça wideogörnüşleriň ýokary hilli geçirilmegine mümkinçilik berýär. Ýaýlym enjamlarynyň işgärleri aýratyn edara ediş otagy göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem radio we radioýaýlymyň enjamlary, B3TC gözegçilik enjamy, abatlaýyş topary, wakalary kebşirleýän enjam, ulgama degişli bolmadyk kebşirleýiş enjamy, grafika, görnüşleri üýtgedýän, maglumatlary saklaýan we ýazýan enjamlar bilen üpjün edildi.

Ikinji gatda Halkara Olimpiýa komitetiniň edara binalary ýerleşdirildi. Üçünji gatda hem 98 adama niýetlenen açyk görnüşli otаglar, sene-merkeziniň serwer enjamlary, tehniki otaglar bar. Binanyň dördünji gatynda söhbetdeşlikleri ýazgy etmek üçin studiýa, onuň ýanynda bolsa studiýa enjamlary, duşuşyklary taýýarlamaga niýetlenen otaglar bar.

Şeýlelikde, Aziýa oýunlary bilen baglanyşykly gepleşikleri, söhbetdeşlikleri radio we telewideniýe boýunça bermäge niýetlenen ýörite ýaýlyma beriş telearagatnaşyk enjamlary bar. Ol gepleşikleri ugratmaga we paýlamaga, oýunlardan taýýarlanýan reportažlary ýaýlyma bermäge niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri üçin ähli amatlyklary üpjün edýän şertler döredilipdir.

Türkmenistanyň Prezidenti metbugat serişdeleri üçin merkeziň uly tehnologiýa mümkinçilikleriniň, onuň innowasiýa serişdeleriniň doly derejede peýdalanylmagynyň zerurdygyny aýtdy. Habarlary ýygnamakdan, saklamakdan, özgertmekden başlap, maksatnamalaryň düzülmegine hem-de Aziadanyň wakalarynyň dessin beýan edilmegine çenli ähli tapgyrlaryň eşitdiriş we görkeziş ulgamynyň iň soňky gazananlaryna esaslanmalydygyny aýtdy. Bularyň ählisi sport ýaryşlarynyň millionlarça tomaşaçylar üçin has gyzykly bolmagyna, baýramçylyk ýagdaýyny, bäsleşikleriň energiýasyny, ýeňiş şatlyklaryny hem-de rekordlaryň dabaralanmagynyň ruhuny beýan etmäge ýardam berer.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ägirt uly halkara tomaşaçylar köpçüligine bu ýerde bolup geçýän wakalary dolulygyna, döredijilik ruhunda, dessin hem-de ähli aragatnaşyk ýaýlymlary boýunça habarlary jikme-jik ýetirmek üçin iň täze sanly ulgamlary peýdalanmakda iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň hem-de özümiziň tejribe toplamagymyzyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Olimpiýa şäherjiginiň halkara ýaýlyma beriş we metbugat merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň öňýanynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galmagy mynasybetli Maryda geçiriljek dabaralara bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew dabaralaryň maksatnamasy we “Aziada-2017 dünýä metbugatynda” atly halkara mediaforumyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu foruma dünýäniň 39 ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli dabaralary hem-de sport media forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynda, Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanan netijelerini wagyz etmekde, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Soňky ýarym ýylyň dowamynda Aziada taýýarlyk işleri giň halkara seslenmesine eýe boldy. Daşary ýurtly myhmanlar, bilermenler we sport dünýäsiniň öňdebaryjy hünärmenleri ýurdumyzda bu ugurda alnyp barlan işleriň derejesine we hiline ýokary baha berýärler. Maryda geçiriljek dabaralar, žurnalistleriň nobatdaky duşuşygy we olaryň dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaýlyma berilmegi Türkmenistanyň esasy sport çäresi bolan Aziada-2017-ä dünýä giňişliginde bildirilýän gyzyklanmalaryň has-da artmagyny şertlendirer.

Maslahatyň dowamynda ýolbaşçylaryň Aziada-2017-niň dabaralaryny, sport we medeni çärelerini ýokary derejede geçirmek, şeýle hem Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryny dolandyrmak we olary netijeli peýdalanmak meseleleri hakyndaky hasabatlary diňlenildi.

Hususan-da, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabatynyň çäklerinde Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryny dolandyrmak boýunça ýörite düzümi döretmek hakyndaky teklip öňe sürüldi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Sport baradaky Döwlet komitetiniň geçiren seljermesiniň esasynda ýolbaşçylaryň, Türkmenistanyň milli sport federasiýalarynyň tälimçileriniň, şeýle hem Halkara we Aziýa sport federasiýalarynyň hünärmenleriniň pikirine görä, 2016-2017-nji ýyllarda daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen 9 synag ýaryşlarynyň netijeleri boýunça Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň ähli desgalary iri halkara, yklymlaýyn we bütindünýä sport çärelerini geçirmek boýunça ýokary talaplara laýyk gelýändigi bellenildi.

Bu desgalary mundan beýläk-de netijeli ulanmak üçin Aşgabat şäher häkimliginiň ýanynda Olimpiýa şäherjiginiň müdirligini döretmek teklip edildi. Munuň özi ähli maddy-enjamlaýyn we şäheriň edara ediş ulgamynyň guramaçylyk meselelerini nazara almak bilen, onuň düzümine ulgamlaýyn jemagat we hojalyk hyzmatlaryny guramak üçin zerur bolup durýar.

Deslapky hasaplamalara görä, müdirligiň garamagyna beriljek binalarda, desgalarda we onuň merkezi edara ediş binasynda täze iş orunlarynyň 1273-si dörediler. Aşgabat şäher häkimliginiň ýanyndaky täze dörediljek Müdirligi Olimpiýa şäherjiginiň işewürlik merkezinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz teklibi oňlap, “Aşgabat şäherinde bina edilen Olimpiýa şäherjiginiň binalar we desgalar toplumyny dolandyrmak meseleleri baradaky” Karara gol çekip, şäherjigiň desgalarynyň Aziýa oýunlary geçirilenden soň hem işjeň herekete girizilmelidigini belledi. Hut şonuň üçin hem häzirden olary dolandyrmak, olaryň binýadynda işjeň dynç alşyň, sagaldyş ulgamynyň iri merkezini döretmek, köpçülikleýin medeni we sport çärelerini, ýaryşlary geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri işläp taýýarlamak zerurdyr.

Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda Aziada-2017-niň maglumat üpjünçiligi we onuň beýan edilişi bilen baglanyşykly meselelere, Oýunlaryň baş meýilnamasynda görkeziden beýleki ugurlar boýunça öňde durýan wezipelere garaldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe iýmit bilen üpjünçiligi guramak boýunça geçirilen işler barada hasabat bermek bilen, geçirilen bäsleşigiň jemleri barada habar berip, onda ýurdumyzyň hususy kompaniýasynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy. Munuň özi türkmen telekeçiliginiň hünär babatda kämilleşýändiginiň hem-de mümkinçilikleriniň artýandygynyň subutnamasydyr. 
Döwlet Baştutanymyz maslahatyň dowamynda “Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça işleri ýerine ýetirmek hakynda” Karara gol çekdi. Karara laýyklykda Oýunlara taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitete Konsorsiumyň düzümine girýän “Gül Zaman” hojalyk jemgyýeti we Şweýsariýanyň “Gourmet Sports Hospitality AG” kompaniýasy bilen Aziada gatnaşyjylary jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça işleri ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşmak tabşyryldy.

Oýunlaryň geçirilişi iň täze ylmy-tehniki derejede we döwrebap guramaçylyk çemeleşmeleri bilen utgaşmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we hakyky taryhy waka öwrüljek ýylyň iri sport çäresi üçin aňrybaş hyzmatyň üpjün edilmegi babatda anyk görkezmeleri berdi. Munuň özi sebitde ilkinji bolup Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny y geçirmek hukugyna eýe bolan Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýynyň ýokary galmagyna ýardam berer.

Iş maslahatynyň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-niň guramaçylarynyň öňde durýan wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşip, oýunlaryň netijeli geçirilmegini üpjün etmegi ýene bir ýola belledi. Munuň özi ýurdumyzyň we tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde, diplomatik we ynsanperwer ulgamlarda, sport we syýahatçylyk pudaklarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynda has-da möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagy üçin ähli zerur şertleri üpjün etjekdigini aýtdy we Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde ykrar edilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek, oňa gatnaşýanlaryň sanynyň artdyrylmagy ilatyň saglygynyň berkidilmegine, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý ýaşlaryň terbiýelenmegine gönükdirilendir. Munuň özi Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky işleriň dowam etjekdigini belläp, ähli türkmen türgenlerine ýurdumyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.