Garabogazda gurulýan karbamid zawodynda sazlaýyş işleri başlandy  

 

 

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde himiýa senagatynyň ägirt uly kärhanasy-karbamid öndürýän zawodyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. «Mitsubishi Corporation» ýapon firmasynyň we Türkiýäniň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň düzümindäki «Gap Inşaat» gurluşyk kompaniýasynyň döreden konsursiumynyň tebigy gazy senagat taýdan gaýtadan işläp, ondan ammiak we karbamid almak boýunça iri taslamany amala aşyrýan hünärmenleri iýun aýynda iň täze tilsimat ulgamlarynda tapgyrlaýyn sazlaýyş-işe goýberiş işlerine girişerelr.

„Türkmenhimiýa“ Döwlet konserniniň iş tabşyrmagyndaky amala aşyrylýan kärhananyň gurluşyk meýdançalarynda «Mitsubishi Corporation» kompaniýasy ammiak we karbamid öndürmek boýunça enjamlaryň 80 göterimini oturtdy. «Gap Inşaat» bolsa gurluşyk işleriniň 66 göterimini ýerine ýetirdi. Potratçylar esasy iş bilen bir wagtda kärhanada işlejekler üçin ýaşaýyş jaşlaryny-da bina edýärler. Häzirki wagtda 5,5 müň adam zähmet çekip, olaryň aglaba bölegi türkmen hünärmenleridir, gurluşyk we ýörüteleşdirilen tehnikalaryň 350-si işledilýär.

Döwrebap tilsimatlaryň esasynda tebigy gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek bilen ondan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önüm almak boýunça iri möçberli önümçilik döredilýär. Konsorsiumyň hünärmenleri işiň her tapgyrynda ekologiýa taýdan howpsuz we ýokary netijeli enjamlary oturtýarlar. Meselem, ammiak önümçiliginde Daniýanyň «Haldor Topsoe AS»kompaniýasynyň we «UOP» amerikan kompaniýasynyň, karbamid çykarmakda «Saipem» italýan kompaniýasynyň tilsimatlary ulanylar. Karbamidiň owradylan erginini öndürmekde hünärmenler niderlandlaryň «Unde Fertilizer» kompaniýasynyň tilsimatlaryndan peýdalanarlar.

Iň täze tehnologiýalary özleşdirmek üçin kärhanada hünärmenleri taýýarlamak hem ýola goýlan. Munuň üçin „Türkmenhimiýa“ DK-nyň Türkmenabatdaky orta hünärment mekdebiniň Garabogazdaky bölüminde oglan-gyzlaryň 270-si hünär öwrenýärler. Olara tejribelli mugallymlardyr „Tejenkarbamid“ we „Marykarbamid“ kärhamanlarynyň hünärmenleri sapak berýärler. Okuwçylar „Türkmenhimiýa“ DK-nyň kärhanalarynda hünär öwrenýärler.

Taslama laýyklykda, täze karbamid zawody gaz ýatakalryndan „Gündogar-Günbatar“ gaz geçirijisine gelýän çig maldan bir gije-gündizde 2000 tonna ammiak we 3500 tona karbamid öndürer.

Mineral dökünleri önürýän kärhananyň işe girizilmegi himiýa pudagynyň girdejilligni, onuň eksport mümkinçiligini artdyrar. Ýurdumyzda ýylda azot dökünleriniň iki million tonnadan gowragy çykarylar. Olary üçden biri üçerki bazara, galany daşary ýurtlara ugradylar.

Täze senagat kärhanasynda tebigy gazyň esasy çig mal boljakdygyny göz öňünde tutsaň, dünýä. bazarlarynda islegli önümleriň öndürilmeginiň hasabyna himiýa we gazy gaýtaan işleýän senagatyň eksport mümkinçiligi has-da artar. Ýene bir bellenmeli zat, sebitde iş orunlary hem köpeler.

Ýurdumyzyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kärhananyň taslamasy bilen tanşanda onuň Hazaryň kenarynda amatly ýerleşmeginiň taýýar önümi sarp edijilere gämiler we awtoulaglar bilen ugratmaga mümkinçiligiň barlygyny belläpdi.

Örän baý çig mal serişdeleriniň bolmagy Türkmenistana iri ýod, brom we beýleki himiýa önümlerini öndürýän ýurtlaryň hataryna girmäge mümkinçilik berýär. Bu babatda Garabogazda şeýle kärhananyň gurulmagy Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlet hökmünde kemala gelmegine tarap ýene bir ädim bolar.