YLYM – ADAMZADYŇ AŇ-PAÝHASYNYŇ MIWESIDIR

Her ýylyň 12-nji iýuny ýurdumyzyň senenamasynda aýratyn dabaraly gün hökmünde şöhlelenýär. Bu günde halkymyz dabara bilen Ylymlar gününi belläp geçýär. Şu ýyl hem adaty ýyllarda bolşy ýaly, türkmen paýtagty şanly waka mynasybetli Russiýa Federasiýasy, Fransiýa, Çehiýa, Alžir, Angliýa, Germaniýa, Hytaý, Malaýziýa, Niderlandiýa, Polşa, Koreýa, ABŞ, Belarus, Gruziýa Azerbaýjan ýaly dünýäniň onlarça ýurtlaryndan gelen alymlary garşylady.

Ylymlar güni mynasybetli guralan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwürnde ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat dabaraly çäräniň baý mazmuna eýedigini kesgitledi. Halkara maslahatyň umumy mejlisi ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde açyldy. Halkara ylmy maslahata Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly ylmy-barlag instiututynyň alymlary işjeň gatnaşdy.