BAŞARJAŇ TOPARLAR ÖŇE SAÝLANDY

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  durmuşa geçirilýän bedenterbiýanyň we sportyň ösdürmegi baradaky syýasatyndan ugur alyp, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýany ösdürmek we köpçülikleýin ýaýbaňlaşdyrmak işleri giňden geçirilýär. Türkmenistanyň  Gurluşyk  we  binagärlik  ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda-da   köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ýaryşlaryny yzygiderli geçirilip durýar.

2017-nji ýylyň iýun aýynyň 14-ne ministrligiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirligi tarapyndan paýtagtymyzyň “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda sportuň milli göreş, futzal, tanap çekişmek, stol tennisi we basketbol 3x3 görnüşleri boýunaça sport ýaryşlary geçirildi.

Sport klubynyň alyp barýan işlerini ilat arasynda wagyz etmek, kärhanalaryň işgärlerini bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli ýagdaýda meşgullanmaga çekmek,  sagdynlygy pugtalandyrmak, sportuň köpçülikleýin görnüşlerini ösdürmek, şeýle hem sport bilen baglanyşyklylykda işgärleriň medeniýetli dynç almaklaryny gazanmak ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan bu ýaryş her bir ugur boýunça başarjaň toparlary öňe saýlady.

 

 

Türkmenistanyň  Gurluşyk  we  binagärlik  ministrliginiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirligi

 

 “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” mynasybetli Türkmenistanyň  Gurluşyk  we  binagärlik  ministrliginiň edara kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda geçirilen köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ýaryşlarynyň hasabaty

 

         14.06.2017ý.                                                                                                         “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplum

 

t/b

 

Gatnaşan kärhanalar

Sportuň görnüşleri boýunça eýelän orunlary

3x3 basketbol

Futzal

Tanap çekişmek

Stol tennisi

Milli göreş

1.      

“Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirligi

---

I

---

I

I

2.      

Baş döwlet seljeriş müdirligi

II

---

V

II

---

3.      

Döwlet ygtyýarlandyryş we hile gözegçilik merkezi

I

---

VI

IV

---

4.      

Hojalyk hasaplaşygyndaky “Gurluşykhyzmat” müdürligi

---

---

II

V

III

5.      

Seýsmiki ýagdaýda durnukly gurluşyk  ylmy-barlag instituty.

---

III

VIII

VI

---

6.      

Usulýet, nyrh emele geliş we çykdaýjy ölçegleri döwlet müdirligi.

II

II

I

III

II

7.      

“Türkmendöwlettaslama”  döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşigi

---

---

III

VII

---

 

8.      

“Türkmenobasenagattaslama” taslama-önümçilik kärhanasy.

---

---

IV

VIII

---

Eminler:

M.Atamedow

G.Kanaýew

Ý.Atjanow

R.Ahmedow

R.Begliýew