Bagt köşgi

2012-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýene-de bir ajaýyp desga – «Bagt köşgi» ady agzalan kitabyň sahypalaryny bezedi. Dört tarapyndan Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzyny ýatladýan gurluşlar bilen aýlanýan Ýer görnüşindäki togalagyň diametri 32 metr bolup, onuň daşky örtgüsi üçin iň ýokary derejede ýagtyny serpikdirýän ýörite ýylmanak metal plastinalar ulanyldy. 8 sany esasy girelgeden, ýerzemini bilen 10 gatdan ybarat bolan binada 500 orunlyk iki sany toý zaly we 1000 orunlyk uly toý zaly, dürli maksatlar üçin niýetlenen dükanlar we işgärler üçin otaglar bar.