2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda ýurdumyzyň taryhynda ýene-de bir möhüm waka – paýtagtymyzda Halkara howa menzili açyldy

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda ýurdumyzyň taryhynda ýene-de bir möhüm waka – paýtagtymyzda Halkara howa menzili açyldy. 1200 gektara golaý meýdanda 100-den gowrak desgany öz içine alýan bu toplum täsin binagärlik keşbine eýedir. Ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.