2010-njy ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzdaky Halkara howa menziline barýan Bitarap Türkmenistan şaýolunyň çatrygynda nesilbaşymyz we onuň ogullaryna bagyşlanyp gurlan «Oguzhan»

2010-njy ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzdaky Halkara howa menziline barýan Bitarap Türkmenistan şaýolunyň çatrygynda nesilbaşymyz we onuň ogullaryna bagyşlanyp gurlan «Oguzhan» suw çüwdürimler toplumy Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy. Suw çüwdürimleriniň 26-syny öz içine alýan bu ýadygärlik toplumynyň umumy meýdany 14,82 gektara deň bolup, paýtagtymyzyň gözelligi bilen aýdyň utgaşýar.