BAŞARJAŇ TOPARLAR ÖŇE SAÝLANDY

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  “Saglyk  we bagtyýarlyk” ýörelgelerini ösdürmek, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni köpçülikleýin ýaýbaňlandyrmak işlerini durmuşa geçirmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň  Gurluşyk  we  binagärlik  ministrligi garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda   köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ýaryşlaryny yzygiderli geçirip durýar.

2017-nji ýylyň iýun aýynyň 14-ne ministrligiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirligi tarapyndan paýtagtymyzyň “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda sportuň milli göreş, futzal, tanap çekişmek, stol tennisi we basketbol 3x3 görnüşleri boýunça sport ýaryşlary geçirildi.

Sport klubynyň alyp barýan işlerini ilat arasynda wagyz etmek, kärhanalaryň işgärlerini bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli ýagdaýda meşgullanmaga çekmek, sagdynlygy pugtalandyrmak, sportuň köpçülikleýin görnüşlerini ösdürmek, şeýle hem sport bilen baglanyşyklylykda işgärleriň medeniýetli dynç almaklaryny gazanmak ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan bu ýaryş her bir ugur boýunça başarjaň toparlary öňe saýlady.