MIZEMEZ DÖWLETIŇ SAGDYN ÝAŞLARY

2017-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de TMÝG-nyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde “Mizemez döwletiň sagdyn ýaşlary” wagyz-nesihat çäresini geçirdi.

Wagyz-nesihat çäresini “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň baş redaktory Ý.Ezizowa açyp, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji maý güni geçiren giňişleýin mejlisinde çuň manyly söz sözländigini, onda halal ýaşap halal gazanç etmek arkaly durmuşy özgertmek, zähmet çekip baýlyga eýe bolmak, häzirki döwürde döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna ýaramaz täsirini ýetirýän parahorlugyň we korrupsiýanyň öňüni almak, ata-baba ýazgarylan bu ýaramaz hereketlere garşy göreş çärelerini güýçlendirmek barada düýpli pikirleriň öňe sürlendigini belledi hem-de döwlet Baştutanymyzyň çuňňur manyly çykyşynyň halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapandygyny beýan etdi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berildi. Ilki bilen Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşulular guramasynyň agzasy, zähmet weterany Ogulgül Annageldiýewanyň çykyşy diňlenildi.

O.Annageldiýewa öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Arkadagymyzyň ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşda halal zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredýändigini kanagatlanma bilen belledi. Muňa garamazdan ýüze çykýan käbir näsazlyklaryň, parahorlugyň günübirin öňüni almagyň zerurdygyny nygtady. O.Annageldiýewa çykyşynda hormatly Prezidentimiziň mejlisde: “Eýeleýän wezipesine garamazdan, bikanun hereketleri eden döwlet işgärlerine berk çäre görüljekdigini, şeýle hem parahorlukda we korrupsiýada günäkär adamlaryň hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, jogapkärçilige çekiljekdigini siziň ähliňize ýene-de bir gezek duýdurýaryn” diýendigini ýatlap, parahorluk ýaly ýaramaz närsäni berk ýazgardy. Şonuň üçin ýaşlary bu ýaramaz hadysalardan daşda durmaga çagyrdy.

Soňra çykyş etmek nobatyAňgabat şäheriniň Prokuraturasynyň ulaglarda kanunçylygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory Batyr Orazowa berildi.

B.Orazow çykyşynda milli Liderimiziň mejlisde gozgan halalyk meselesiniň biziň her birimize ýölgörkeziji bolup hyzmat edýändigini, Arkadag Prezidentimiziň çykyşynda: “Ata-babalarymyz ak ýürekli we halal zähmet çekip, halal ýaşamak barada bize köp sanly öwüt-ündewleri, nakyllary, pähimleri miras goýupdyrlar. Biz hem, öz nobatymyzda, halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgasy bolan pederlerimiziň mynasyp nesilleri bolmalydyrys” diýşi ýaly, biziň her birimiziň ata-baba halal ýörelgelere eýermelidigimizi belledi.

Çykyşda ýol-ulag düzgünlerini talaba laýyk berjaý etmek, köpöýjükli telefonlary medeniýetli peýdalanmak meseleleri babatda degerli pikirler öňe sürüldi.

Wagyz-nesihat çäresi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň 2-nji bölümçesiniň işgäri, polisiýanyň maýory Toýly Abdyllaýewiň çykyşy bilen dowam etdi. T.Abdyllaýew çykyşynda halallygyň ynsan durmuşynyň bezegidigini, halal zähmet çekip, bagta eýe bolýandygyny, şonuň üçin biziň her birimiziň ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülen halal ýaşamak, şer işlerden gaça durmak, nebse özüňi aldyrmazlyk ýaly kadalaryny berk berjaý etmegimiziň zerurdygyny belledi.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Ogulgurban Sapardurdyýewa söz berildi. O.Sapardurdyýewa öz çykyşynda ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň halallyk ýörelgesine eýerip, öz päk zähmetleri bilen ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryny belledi. Bu ugurda ähli zerur şertleri döredip, gözel ýurdumyzy beýik üstünliklere alyp barýan eziz Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, halallyk ýörelgesiniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.