HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGY  

         2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna we iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga dalaşgär türgenleri taýýarlamak we olaryň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň “Gurluşykçy” futzal topary 2017-nji ýylyň 24-nji maýyndan 6-njy iýuny aralygynda Ýaponiýanyň Kobe şäherinde   futzal boýunça geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanşygyna we halkara ýaryşyna gatnaşdy. Onuň düzüminde “Gurluşykçy” futzal toparynyň oýunçylary Watan Ataýew, Ahmet Allaberdiýew,  Allaberdi Meredow we Serdar Rejepow bar.

  2017-nji ýylyň iýun aýynyň 01-04-aralygynda “Kobe futzal festiwal 2017” Turnirine gatnaşan 6- futzal toparyň 1-nji toparynyň jemleri:

 

1.Horwatiýa  – Türkmenistan  

0 : 1

2.Ýaponiýa - Türkmenistan  

3 : 3

3.Horwatiýa - Ýaponiýa  

3 : 2

1-nji topardan Türkmenistanyň “Fytzal” ýygyndy topary 4-utuk bilen finala çykdy.

2-nji topardan Ýaponiýanyň “Kobe futzal kluby” finala çykdy.

 

Toparlardan finala çykan toparlaryň final duşuşygynyň jemleri:

 

Türkmenistanyň “Fytzal” ýygyndy topary - Ýaponiýaň “Kobe futzal kluby”

2 : 4

Hasap boýunça “Kobe futzal festiwal 2017” Turniriniň netijesinde Türkmenistanyň “Fytzal” ýygyndy topary 2-nji oruny eýeledi.