AÝDYŇ MAKSATLY SPORT KLUBY

Berkarar döwletimiziň sport ulgamyny ösdürmek wezipesiniň döwlet derejesinde garalýan esasy meseleleriň birine öwrülmegi bu ugurda göwünleri galkyndyryjy netijeleri gazanmaga itergi berdi. Adamlaryň saglygyny goramagyň baş setirleriniň biri bolan sporty we bedenterbiýäni ösdürmek ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen köpçulikleýin häsiýete eýe boldy. Il-gün bähbitli, döwlet ähmiýetli bu ýörelge ýurdumyzyň çagalar edarlaryndan başlap, ähli ministrlikleri, jemgyýetçilik guramalarydyr pudak edaralaryny gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiziň aladalaryndan ruhlanyp, ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň ösüşine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden ornaşmagyna goşant goşmak maksady bilen döredilen sport klublaryň biri-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyndaky “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirligidir.

Haçanda aýdyň maksat we ony durmuşa geçirmekde döredilen şertler bolanda işler ilerlemek bilen bolýar. Bu sport kluby üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Paýtagtymyzdaky “Galkynyş” bedenterbiýe sagaldyş toplumy bu sport klubynyň ygtyýarlygyna berildi. Häzirki wagtda ady agzalan ministrligiň tagallasy netijesinde sport kluby üçin niýetlenen döwrebap sport toplumynyň gurluşygy dowam edýär.

Spor klubynyň düzüminde birnäçe sport görnüşi, ýagny milli göreş, futzal, woleýbol, basketbol, tennis, stol tennisi, ýeňil atletika, suwda ýüzmek we küşt görnüşleri hereket edýär. Klubuň düzüminde Babageldi Annageldiýew, Hanjar Ödäýew (küşt), Aleksandr Paşkow, Aýna Gökowa (basketbol), Walentina Meredowa (ýeňil atletika), Gylyç Jumaýew, Nasiba Surkiýew, Mälik Annabaýew (milli göreş), Ahmet Allaberdiýew, Allaberdi Meredow (futzat), Raşid Ahmedow (stol tennisi) ýaly sport ussatlary bolup, olar ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň hatarynda ýokary derejedäki ýaryşlarda çykyş edýärler.

Elbetde, sport klubuň ösüşi onuň görkezýän netijelerinde aýdyň ýüze çykýar. Bu babatda hem sport klubuň ýolbaşçylarydyr hünärmenleriniň, toparlarynyň buýsanmaga haky bar. Olar “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy”ady bilen geçirilen VIII spartakiada ýaryşlarynyň, umumy jemi boýunça ýeňijisi bolmagy başardylar. Sport klubuň türgenleri Türkmenistanyň mnistrlikleriniň, pudak edaralarynyň işgärleriniň arasynda 9 sport görnüşi boýunça ýaryşa gatnaşdylar we 128 utuk toplap, hormatly 1-nji orna mynasyp boldular.

̶̶̶̶̶̶ ̶ ̶ Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirligimiz 2016-njy ýylyň awgust aýynda döredildi. Döredilen gününden bäri ministrligiň garamagyndaky edara-karhanalaryň işgärleriniň arasynda her hepdäniň dynç günleri milli baýramçylyklara bagyşlanyp köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Munuň özi işgärleriň sporta ýakynlaşmagyna we olaryň zähmet ukyplarynyň artmagyna oňaýly täsir edýär. Paýtagtymyzda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem sport klubumyzyň ussat türgenleriniň üstünlikli çykyş

etjekdiklerine berk ynanýarys – diýip, bu sport klubuň başlygy Baýrammuhammet Baýramow gürrüň berýär.

 

“Bedenterbiwe we sport”, №3 (29), 2017.