Demirgazyk sebitde gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň möçberi artýar

Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň döwlet maksatnamalary gurluşyk materiallaryny öndürmek ulgamynyň çalt depginlerde ösmegine getirdi, ol daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlary ýurdumyzda öndürmegiň esasy ugry boldy.Ýurtda ekologiýa taýdan howpsuz, ýokary hilli gurluşyk we bezeg materilallaryny, dürli ähmiýetli turbalary, demir gurnamalary we başga-da ençeme zatlary öndürmek üçin baý çig mal binýady bar. Tutuş ýurtda bazaryň talaplaryna görä täze kärhanalar gurulýar, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenilýär we ugry üýtgedilýär. 

Daşoguzyň demir-beton önümleri zawody suw geçirijileri öndürmäge iri tabşyryk aldy. Kärhanada ýörüte enjamyň-awtomatik usulda işleýän ýokary öndürijilikli multikastyň işe girizilmegi bilen suw, oba we jemagat hojalyklarynda, senagat önümçilignde gerekli önümleri öndürmäge mümkinçilik berdi. 

Demir-beton önümleri zawody döwrebap talaplara laýyk gelýän harytlaryň ençeme görnüşini teklip edýär. Geçen ýyl kärhanada geçirilen düýpli abatlaýyş işleriniň barşynda Ýewropanyň öňdebaryjy firmalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli enjamlaryň oturdylmagy muňa ýardam etdi. Kärhananyň sehleriniň ählisniň durkunyň täzelenmegi önümleriň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. 

Kärhanada sebitiň gurluşyk edaralarynyň talabyna görä köp dürli önümleri öndürmäge we olaryň möçberini artdyrmaga mümkinçilik döredi. Tehnologik işiň gowulanmagy netijesinde şu ýylyň alty aýynda 15 müň kub metrden gowrak demir-beton önümleri çykaryldy, bu bolsa bellenilendäkiden artykdyr. Kärhanada bu görkezijini ýylyň ahyryna çenli 25 müň kub metre ýetirmek göz öňünde tutulýar.

 

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=9471