“Gurluşyk senagatynyň kuwwaty türkmen ykdysadyýetiniň ösüşiniň aýdyň görkezijisidir”

Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly möçberli goşulyşmak ugruna eýermek bilen, häzirki wagtda okgunly ösýän döwletleriň sanawynda mynasyp orun eýeledi. Tutuş halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion ýoly bilen ösdürmek syýasatynyň esasyny düzýär. 

Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň şu ýylyň birinji ýarymynda ösüşiniň jemlerine bagyşlanyp 7-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz senagat syýasaty ulgamynda öňde duran wezipeler barada aýdyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini, eksport ugurly harytlarynyň möçberlerini artdyrmagy, bilelikdäki senagat kärhanalaryny döretmegi esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan durmuş-ykdysady maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerinde hem-de paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Beýan edilen maglumatlara laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda iri desgalaryň 1900-e golaýy gurulýar. Olaryň 1800-si ýurdumyzyň kärhanalary tarapyndan bina edilýär. Senagat ministrligi boýunça umumy öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112,6 göterim ýerine ýetirildi. 

Gurluşyk işleriniň möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagy bu pudagy gurluşyk materiallary bilen bökdençsiz üpjün etmegi talap edýär. Bu wezipe täze degişli kärhanalary gurmak, öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak arkaly çözülýär. Döwrebap hem-de kuwwatly önümçilik desgalarynyň ýokary hilli önümleri milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk we senagat pudaklarynyň maddy binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edýär. 

Sementiň öndürilişi gurluşyk materiallary senagatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň zawodlarynda sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri çykarylýar. Şeýlelikde, içerki bazary şu gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek wezipesi iş ýüzünde çözüldi. Kärhanalarda örän berk we ýokary hilli portland sementi öndürilýär. Ol seýsmiki zolakda köp gatly binalary hem-de beýleki desgalary gurmakda ulanylýar. Mundan başga-da, nebit we gaz pudaklary üçin zerur bolan tamponaž sementiniň, şeýle hem binalaryň binýadyny goýmakda, köprüleriň sütünlerini we beýleki gidrotehniki desgalary gurmakda ulanylýan sulfat durnukly sementiň öndürilişi ýola goýuldy. 

Beýleki pudaklaýyn kärhanalar, hususan-da, Owadandepedäki metallurgiýa we gazbeton zawodlary hem milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge saldamly goşant goşýarlar. Bu gazbeton zawody 2010-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. 

Gazbeton öndürmek üçin zerur bolan çig mal — sement, kwars çägesi, hek, gips ýurdumyzyň ýataklaryndan we kärhanalaryndan zerur bolan möçberde getirilýär. 

Beýleki gurluşyk serişdeleri bilen deňeşdirilende, gazbetondan taýýarlanan gurluşlar ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar üçin birnäçe artykmaçlyklary üpjün edýär. Mysal üçin, ýylylyk saklaýjy häsiýetleri boýunça gazbetonyň 30 santimetrlik gatlagy keramzitbetonyň 75-90 santimetrine ýa-da kerpiçiň 1,5 metrden gowragyna barabardyr. Gurluşyk serişdesiniň şeýle täsin häsiýetleri netijesinde ondan gurlan binalarda tomsuna salkyn we gyşyna ýyly bolýar. Şoňa görä-de, kadaly howa ýagdaýyny saklamak üçin uly tagallalaryň zerurlygy aradan aýrylýar. Munuň özi bolsa desgalary ulanmakda uly tygşytlylyk gazanmaga mümkinçilik berýär. 

Metallurgiýa zawodynda metalloprokat, dürli diametrli gurluşyk armaturalary öndürilýär. “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň kärhanalary diwar panellerini hem-de armirlenen bloklary, keramzit, ýygnalýan demirbeton önümlerini, keramiki kerpiçleri, betondan ýasalan diwar daşlaryny, binalaryň diwarlaryny örtmek üçin ulanylýan plitalary we beýleki önümleri çykarýarlar hem-de barha giňelýän gurluşyk bazarlaryna iberýärler. 

Aşgabadyň hem-de Abadanyň iri panelli jaý gurluşyk zawodlary özleriniň kuwwatyny ep-esli artdyrdylar. Bu kärhanalar köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny hem-de kottej görnüşli jaýlary gurmak üçin demirbeton gurluşlaryny öndürmäge niýetlenendir. Olaryň doly önümçilik kuwwatyna çykmagy bilen, her ýyl 1 müň we şondan hem gowrak öýleri köp gurmaga we şeýlelikde, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik döredi. 

Welaýatlaryň köpugurly gurluşyk senagatynyň mümkinçilikleriniň hem köp esse artandygyny bellemelidiris. Deňiz kenaryndan Türkmenbaşy etrabynyň asfalt-beton zawody sebitde gurulýan desgalara gije-gündiziň dowamynda önümleriň onlarça müň tonnasyny ugradýar. Bu döwrebap, doly kompýuterleşdirilen senagat toplumynda ýokary hilli önümler öndürilýär. Kuwwaty sagatda 150 tonna gyzgyn asfalty öndürmäge barabar bolan desgadan başga-da, onuň düzümine dag-magdan karýeri hem-de daşy owradyjy we saýlaýjy desgasy girýär. 

Türkmenbaşynyň magdan däl we gurluşyk serişdeleri kärhanasynda täze tehnologik ulgamlar ornaşdyryldy. Bu kärhanada çagyl, ýuwlan çäge, binalaryň daşyny bezemek üçin ulanylýan daş, şeýle hem ýollaryň, gatlalaryň, gaçylaryň, kenarlary goraýjy we beýleki desgalaryň gurluşygynda zerur bolan serişdeler öndürilýär. Kärhananyň harytlarynyň sanawynda keramiki kerpiç, jaýlaryň üçekleriniň gurluşygynda ulanylýan çerepisa, gips hem bar. Onuň öndürýän heki hem uly islegden peýdalanýar. Bu önümi öndürmek üçin karbonat hek daşy ulanylýar. 

Keramiki kerpijiň, armaturanyň, metal profilleriň, plastmas we aýna süýümli turbalaryň çykarylýan möçberleri artdyryldy. Döwletimiziň tebigy serişdeleriniň baý gorlary keramzitiň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Balkan welaýatyndaky Ýagman ýatagyndan alynýan argillit onuň üçin esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Jebel şäherçesiniň golaýynda çerepisa we kaolin zawodlary guruldy. 

Türkmenabat we Daşoguz şäherlerinde “Demirbetonönümleriniň” degişli zawodlary işleýär. Olaryň kuwwaty ýylda ýygnalýan demirbetonyň 50 müň kub metrine çenli barabardyr. 

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, gidrogorag serişdelerini öndürýän senagat toplumynda izogam we folgaizol öndürilýär. Bu önümleriň önümçiliginde ýurdumyzyň çig maly ulanylýar. Kärhananyň taslama kuwwaty ýylda 10 million inedördül metr önüme barabardyr. Munuň özi içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde telekeçilik işi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň has netijeli uçurlarynyň birine öwrüldi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan senagat desgalarynyň ençemesi munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky ýyllyk kuwwaty 70 müň kub metr önüme barabar bolan inert gurluşyk serişdelerini öndürýän zawod bar. Bu ýerde özleşdirilýän ýatagyň karýerleri kärhanany ýuwlan çägäni we beýleki degişli önümleri çykarmak üçin çig mal bilen üpjün edýär. Bu önümlere ýurdumyzyň gurluşyk meýdançalarynda uly isleg bildirilýär. 

Welaýatlaryň ählisinde diýen ýaly kiçi sement zawodlary guruldy. Olarda sarp edijileriň bu önüme bolan isleglerini doly we öz wagtynda kanagatlandyrmak maksady bilen, sementi bellenen bahadan ýerlemek boýunça söwda nokatlarynyň ulgamy döredildi. 

Ähli ýerlerde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan gurluşyk serişdeleriniň, dokma, mineral, himiýa önümleriniň, mebelleriň köp görnüşlerini öndürmek boýunça döwrebap kärhanalar we sehler açylýar. 

Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde gurluşyk işleri üçin timarlaýyş serişdelerini öndürýän täze kärhana dörediler. Bu kärhananyň işe girizilmegi bilen, ýylda otaglary timarlamak üçin gury garyndylaryň 100 müň tonnasyny hem-de gipsokartonyň 12 million inedördül metrini çykarmak meýilleşdirilýär. 

Esasan hem “alçipan” ady bilen belli bolan gipsokarton listleri gurluşykda giňden ulanylýar, çünki bu serişdeler berkdir we uzak ýyllaryň dowamynda özüniň ilkibaşdaky durkuny saklap galmaga ukyplydyr. Gipsokarton profilleri, diwarlar üçin niýetlenen gipsokarton, çyglylyga durnukly gipsokarton uly islegden peýdalanýar. Ýerli çig maldan bu gurluşyk serişdesiniň öndürilmegi ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Ol daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan esasy önümleriň birine öwrüler. 

Float usuly arkaly aýna önümlerini öndürmek ýurdumyzyň senagat tehnologiýalarynyň täze ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu tehnologiýa kärhanalaryň uly toplumyny – aýna önümçiligi üçin esasy çig mal hökmünde ulanylýan kwars çägesini öndürmek boýunça kärhanany we zawody gurmagyň taslamasynyň esasyny düzdi. 

Kuwwaty ýylda aýnanyň 7,2 million inedördül metrine barabar bolan zawod önümleriň ýedi görnüşini çykarmaga, şol sanda aýna paketlerini taýýarlamak üçin aňyrsy görünýän we tonirlenen, laminirlenen hem-de taplanan aýnalary, şeýle hem dürli gaplary, şol sanda lukmançylyk serişdeleri üçin gaplary öndürmäge niýetlenendir. Bu kärhananyň netijeli işlemegi daşary ýurtlardan getirilýän degişli harytlaryň möçberlerini ep-esli azaltmaga we wagtyň geçmegi bilen bu önümleriň eksportuny ýola goýmaga mümkinçilik berer. 

Ýerli çig malyň esasynda ýurdumyz üçin täze önümleri – örän ýuka bazalt süýümini we ondan taýýarlanylýan ýylylyk saklaýjy we kompozit gurluşyk serişdelerini çykarýan senagat önümçiliklerini döretmek boýunça işler dowam etdirilýär. Bu önümler diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň bazarynda hem uly islegden peýdalanýar. 

Bazalt süýümi örän berkligi bilen häsiýetlendirilýär. Onuň berkligi poladyňkydan 2,5 esse, aýna süýüminkiden 1,5 esse ýokarydyr. Bu önüm ýeňilligi, örän ýokary we pes temperaturalara, şeýle hem poslamalara, aşgarlaryň, kislotalaryň we beýleki himiki maddalaryň täsirine durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Şu häsiýetlere eýe bolmagy netijesinde bazalt süýümi we onuň esasynda taýýarlanylan, ses geçirmeýän hem-de ýylylygy saklaýan serişdeler häzirki wagtda dürli işlerde giňden ulanylýar. Bu serişdeleriň ulanyş möhleti 100 ýyldan hem geçýär. 

Hususan-da, olar senagat we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda ulanylýar. Bazalt süýüminden öndürilen önümler ekologiýa taýdan howsuz serişdeleriň hataryna girýär we häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda olaryň önümçiligi okgunly ösdürilýär. 

Milli Liderimiz elektron senagatyny mundan beýläk-de ýokary depginde ösdürmegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda elektron tehnikasynyň we ýokary tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň zerur bolup durýandygyny öwran-öwran nygtaýar. Olary satyn almak we ornaşdyrmak üçin ägirt uly serişdeler sarp edilýär. 

Elektron, elektrotehniki harytlary we daşary ýurtlardan getirilýän beýleki önümleri çykarýan önümçilikler döredilýär. Bu ulgamda hem ýurdumyzyň telekeçilerine möhüm orun berilýär. Olar öz işlerinde ýerli çig maly hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanmaga aýratyn üns berýärler. 

Şeýlelikde, ýurdumyzda senagat ulgamynyň ösdürilmegi türkmen harytlarynyň möçberlerini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge, diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary bazarlarda hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän netijeli durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy wezipeleriniň biridir. Bu strategiýa bolsa ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň esasy gurallaryny – daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, önümçiligiň eksport ugurlylygyny üpjün etmek ýaly ugurlary özüne birleşdirýär. 

Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyna, ilkinji nobatda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini özleşdirmek, ylmy-tehniki barlaglary höweslendirmek, serişdeleri tygşytlaýjy, ekologýia taýdan howpsuz döwrebap tehnologiýalary ulanmak, özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek, maýa goýumlaryny, şol sanda daşary ýurt maýalaryny goýmak ulgamynda hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady pudaklaryny innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga ugrukdyryp, ylmyň we tejribäniň ýakynlaşmagynyň, gurluşyk pudagynyň maglumat binýadyny döretmegiň, iň täze kompýuter maksatnamalaryny ulanmak arkaly amaly ylymlary ösdürmegiň, işgärleri taýýarlamak işini kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtaýar. 

Bu ugurda eýýäm köp işler ýerine ýetirildi, ýokary netijeler gazanyldy. Munuň özi ähli babatda netijeli we daşky şertlere bagly bolmadyk köpugurly senagat düzümini döretmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna şaýatlyk edýär. Bu ugurda täsirli çäreleriň görülmegi köp ulgamlarda hem-de geljegi uly pudaklarda ummasyz serişdeleri – çig mal, önümçilik, maýa goýum serişdelerini mundan beýläk-de netijeli özleşdirmäge mümkinçilik berer. Bu pudaklaryň kuwwaty bolsa şol mümkinçiliklerden netijeli we doly peýdalanmaga ýardam berer.