Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we onuň töwereklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Şu gün ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekiş möwsümine taýýarlyk, şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň barşy bilen tanyşdy. Uçuş mahaly döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew boldy. 

Ir bilen milli Liderimiz säheriň sergin çagynda welosipedli dikuçar meýdançasyna tarap ugrady. Tomsuň soňky günleriniň säheri aýratyn ýakymly. Sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän Aşgabadyň keşbi gün-günden gözelleşýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabat häzirki zaman köpugurly usullary, sazlaşykly ösýän şäheriň depginlerini özünde jemlemelidir. Bu ýerde gözellik, amatlylyk, täzeçil we binagärlik çözgüdiniň öňdebaryjy ýörelgeleri hem-de milli binagärlik däpleri ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidir. Soňky ýyllarda Watanymyzyň paýtagty sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň iri merkezi hökmündäki derejesini ykrar edýär. V Aziada bolsa paýtagtymyzyň halkara sport merkezine öwrülýändigini tassyklaýar. Yklymlaýyn oýunlaryň başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galdy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäheri abraýly sport bäsleşiklerini geçirmäge we ony ýokary derejede kabul etmäge taýýarlyk görýär. 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi aýratyn işjeň häsiýete eýe boldy. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýän Arkadag Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini, oňa ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Munuň özi oňyn netije berýär. Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgelerine tarapdarlaryň, aýratyn-da sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hasaplanýan welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy. 

Döwlet Baştutanymyz Aşgabady ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçary özi dolandyryp, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň depginleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm tapgyryny alamatlandyrýan we “Aşgabat 2017”-niň oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň binalaryny synlady. 

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Aşgabadyň Merkezi Aziýa sebitinde iň iri hasaplanýan Olimpiýa şäherjiginiň üstünden öwrüm etdi. Mälim bolşy ýaly, desgalaryň 30-dan gowragyny özünde jemleýän bu şäherjigiň binagärlik aýratynlygy, onuň özboluşly gözelligi görenleri haýran galdyrýar. “Aşgabat 2017”-niň esasy nyşany bolan bedewiň çeper-monumental keşbi bu toplumyň özboluşly, gaýtalanmajak binagärlik alamatyna öwrüldi. Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň esasy bezegi bolan ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şu ýerde ýene bir maglumaty bellemeli, ol hem paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegidir. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan — Merkezi Aziýanyň göwheri, Aşgabat — onuň merjen şäheri. 

Munuň özi Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Bir şäheriň, has takygy, bir binalar toplumynyň desgalarynyň birbada ikisiniň dünýä ähmiýetli Rekordlar kitabyna girizilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işleriň, hususan-da, binagärlik ýörelgeleriniň dünýä derejesinde giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Munuň özi binagärlik boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýan milli Liderimiziň başlangyçlarynyň oňyn netije berýändigini we olaryň halkara derejesinde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Şu ýerde bir zady aýratyn bellemeli, ol hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda we yzygiderli tagalla etmeginde täze taryhy eýýamda Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik işleriň dünýä derejesinde giň goldawa eýe bolýanlygydyr. 

Uçuş mahaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, onda arassaçylygyň, tertip-düzgüniň nusgalyk derejesini üpjün etmek, şäheri, hususan-da, paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Munuň özi Türkmenistanyň Aziýanyň göwheri, Aşgabadyň bolsa merjeni diýlip ykrar edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerini, Parahat —7 ýaşaýyş jaý toplumynda ýerine ýetirilýän işleri synlady. Bu ýerde ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dürli maksatly desgalary bina etmek işleri bilen utgaşyklylykda toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Munuň özi şäheriň ähli künjekleriniň sazlaşykly ösüşe eýe bolmagynda aýratyn ähmiýetlidir. 

Milli Liderimiz paýtagtymyzdan gündogarlygyna tarap uçup barşyna şäheriň ýol-ulag düzüminiň kämilleşdirilişi, degişli desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleri, ekinleriň häzirki ýagdaýyny synlady. Bu ýerde aýratyn-da güýzki bugdaý ekişine taýýarlyk işlerine has-da giň gerim berlipdir. 

Arkadag Prezidentimiziň dikuçary etrabyň gözel künjekleriniň biri bolan “Nowruz ýaýlasynyň” çäginde gurlan “Ak öý” binasynyň üstünden öwrüm etdi. Häzirki döwürde ajaýyp künjekde bina edilen täze desgada soňky abatlaýyş işleri alnyp barylýar. Täze desga milli binagärlik ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň we onuň häzirki zamanyň ösen tejribeleri bilen degişli derejede utgaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Milli Liderimiziň dikuçary binanyň golaýynda gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary O.Gurbannazarow, Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew we beýlekiler garşyladylar. 

Döwlet Baştutanymyz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan “Ak öý” binasynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşlygy bu ýerdäki derwezäniň binagärlik aýratynlyklaryndan we desganyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyndan başlady. 

Gündogar halklarynyň milli baýramçylygy hasaplanylýan Nowruz baýramçylygyna halkara derejesiniň berilmegi gadymy milli däpleriň häzirki döwürde giň goldawa eýe bolýandygyny we onuň halkara derejesinde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Bu bolsa Nowruz baýramçylygynyň milli ýörelgeleri ösdürmekde, onuň nesilden-nesle geçirijiligini, döwürleriň arabaglanyşygyny üpjün etmekde ähmiýetini has-da artdyrýar. 

Döwlet Baştutanymyz täze desganyň binagärlik we bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekip, onda milli ýörelgeleriň, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän binagärlik tejribesiniň öz beýanyny tapmalydygyny, her bir ulanylýan bezegleriň özboluşly mana eýe bolmalydygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz täze bina, onuň daşky bezeg aýratynlyklary bilen tanyşlykdan soň, binanyň içine girdi. Onuň eýwanynda Ak öý binasyna, onuň enjamlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklaryna degişli birnäçe taslamalar görkezildi. Milli Liderimiz görkezilýän taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we onda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýar. 

Şeýle hem binanyň 3 müň orunlyk maslahat jaýy degişli derejede enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde diňe bir maslahatlary , giň möçberli syýasy çäreleri däl, eýsem giň möçberli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak üçin hem zerur şertler döredilipdir. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurulýan desgalarda ähli zerur şertleriň döredilýändiginiň we olaryň toplumlaýyn häsiýetde bina edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde maslahatlara gatnaşyjylar, medeni çärelere tomaşa edýänler we köpçülikleýin syýasy çäreleri guramak üçin döredilýän mümkinçilikleriň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi hem-de bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy. 

Soňra milli Liderimiz binanyň ýanaşyk ýerinde ýerleşýän jemgyýetçilik çäreleri geçirmek üçin niýetlenen desga bilen tanyşdy we ony enjamlaşdyrmak, zerur mümkinçilikleri döretmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentmiz “Ak öý” binasynyň enjamlaşdyrylyşy, onuň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygy tamamlap, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işleriň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy we dikuçara tarap ugrady. 

Döwlet Baştutanymyz dikuçary ussatlyk bilen dolandyryp, paýtagtymyza tarap ugur aldy. Milli Liderimiz guşuçar belentlikden Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýaýbaňlandyrylan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. 

Hususan-da, häzirki döwürde Aşgabat-Mary ýolunyň ugrunda umumy meýdany 12 gektar bolan 1258 orunlyk awtoduralga gurlup ulanmaga berildi. Şeýle hem Ak bugdaý etrabynyň çäginde 1400 orunlyk awtoduralga hereket edýär. 

Munuň özi paýtagtymyzyň ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmekde, pyýada ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur şertleri döretmekde aýratyn ähmiýetlidir. Bu ýerde ulaglaryny goýan ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden gelen sürüjileriň jemgyýetçilik ulaglarynda paýtagtymyzyň islendik künjegine barmaklary üçin şertler döredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlap, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişine ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň çäginde şäheri toplumlaýyn ösdürmek, onuň ýol-ulag we inženerçilik-tehniki düzümlerini, yşyklandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, täze ýollary gurmak we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak, dürli maksatly desgalary bina etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. 

Ýol-ulag hereketini kadalaşdyrmak, onuň oňaýly düzümini üpjün etmek maksady bilen, Aşgabatda umumy 88 müň 139 awtoulaga niýetlenen duralgalaryň 615-si ulanmaga berildi. Olardan 34-si köp derejeli, 249-sy bolsa açyk görnüşli awtoduralgalardyr. Şeýle hem awtoduralgalaryň 332-si belent we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň aşaky gatynda ýerleşýär. 

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde, Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrunda umumy meýdany 8 gektara barabar bolan 759 orunlyk awtoduralga guruldy. 

Mundan başga-da, paýtagtymyzyň Berkararlyk, Köpetdag, Bagtyýarlyk we Arçabil etraplarynyň çäklerinde 21 müň 294 ulaga niýetlenen 42 awtoduralga bina edildi. 

Aşgabat şäherinde ulag eýelerini degişli duralgalar bilen üpjün etmek maksady bilen awtoduralgalaryň gerimi yzygiderli giňeldilýär. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmeleriň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda şäher ilatynyň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan ekologiýa we gözellik derejeleriniň göz öňünde tutulmagynyň wajypdygyny aýdýar. 

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda gurlup ulanmaga berilýän binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, bu ýerdäki kottej jaýlarynda ähli amatlyklary üpjün etmek işlerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýolagçy awtobuslarynyň duralgalarynyň ýerleşdirilişine, awtoulaglaryň sürüjileri we pyýada ýolagçylar üçin zerur amatlyklary döretmäge gönükdirilen ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurluşygyna örän jogapkärli çemeleşmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ünsi çekdi. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze Golf merkeziniň gurluşyk aýratynlyklary, häzirki döwürde onuň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy esasynda gurulýan bu merkezde işler tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. 

Döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan, häzirki döwürde abatlaýyş-bezeg işleri ýerine ýetirilýän Jemagat hojalygy institutynyň binalaryny synlady. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde binalaryň gurluşygy toplumlaýyn esasda ýerine ýetirildi. Institutyň binalar toplumynyň çäklerinde talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaý binalary, mugallymlara niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, okuw binalary we institutyň merkezi binasy, şeýle hem degişli desgalar bar. Munuň özi ýurdumyzda gurluşyk işleriniň hemmetaraplaýyn esasda ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 

Milli Liderimiz guşuçar belentlikden paýtagtymyzyň günbatar künjeginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýerde, ýurdumyzyň baş şäherine girilýän künjekde 20 gektar meýdany bolan 14400 orunlyk awtoduralga guruldy. 

Arkadag Prezidentimiz bu ýerlerde alnyp barylýan meýdan işlerini synlady. Garagum derýasynyň ýakasynda ýaýbaňlandyrylan ekerançylyk meýdanlarynda giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Halal zähmetiň hözirini görüp, ene ýerden bol hasyl alýan daýhanlar bu künjekde dürli ekinleri ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 

Soňra milli Liderimiz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde bina edilýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny synlap, ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz degişli birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda ýerlerdäki ýaşaýyş-durmuş düzümlerini kämilleşdirmek boýunça görkezmeleri berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň günorta künjegine öwrüm etdi. Arkadag Prezidentimiz bu ýerde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalary, olaryň binagärlik aýratynlyklaryny synlady. Dünýäde iň kämil hem-de häzirki zaman hasaplanylýan enjamlar bilen üpjün edilen bu binalar toplumynda keselleri anyklamaga, olaryň öňüni almaga we saglygy berkitmäge gönükdirilen giň möçberli işler alnyp barylýar. 

Bu ýerde hereket edýän döwrebap ylmy-kliniki merkezler bilen bir hatarda olaryň täze görnüşleriniň gurluşygynyň batly depginlerde dowam edýändigini bellemeli. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändiginiň, olaryň üstüniň täze, döwrebap desgalar toplumy bilen ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy we yzygiderli tagallasy netijesinde alnyp barylýan giň möçberli işler paýtagtymyzyň keşbiniň tanalmaz derejede özgermegini we Aşgabadyň dünýäniň iň owadan hem-de ýaşaýyş üçin amatly şertleriň döredilýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny berkitmegini üpjün edýär. Şunlukda, ýurdumyzyň baş şäheri we onuň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar özüniň döwrebaplygy, özboluşly binagärlik çözgüdi we bezeg aýratynlyklary bilen halkara derejesinde ykrar edilýär. 

Munuň özi paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň birbada iki desgasynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginiň halkymyz üçin uly buýsançdygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Ýeri gelende aýtsak, ägirt uly “Altyn asyr” halysy, 2008-nji ýylyň iýun aýynda Baýdak sütüni, 2010-njy ýylyň awgust aýynda Oguz han suw çüwdürimler toplumy, 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň gurluşyna girýän Oguz hanyň ýyldyzynyň iň uly binagärlik ýyldyzy hökmünde, 2012-nji ýylyň maýynda açylan “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň iň uly ýapyk görnüşli syn ediş çarhy, 2013-nji ýylyň maý aýynda dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Aşgabat şäheri, 2016-njy ýylyň sentýabrynda esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly gölüň (705 inedördül metr) şekillendirilmegi netijesinde Aşgabadyň täze Halkara howa menzili “Iň uly göl” adyna eýe bolan binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildiler. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 

2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary şäherindäki Ak öý binasynyň açylyşynda 4 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda ägirt uly baýramçylyk dabarasy boldy. Olar bilelikde hormatly Prezidentimiziň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymyny ýerine ýetirdiler. Bu ýaňlanan aýdym ony ýerine ýetirenleriň sanynyň köplügi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy. 

Munuň özi Türkmenistany we halkymyzy bagtyýar zamananyň belent ýeňişlerine, ajaýyp ösüşlerine tarap ynamly alyp barýan milli Liderimiziň ýürek owazy bolup ýaňlandy. Bu aýdym halkymyzyň we Arkadag Prezidentimiziň bitewiligini, halk bilen Arkadag Prezidentiň jebisligini bütin dünýä äşgär etdi. Bu bolsa döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan hem-de Arkadag Prezidentimiziň gatnaşýan şanly wakalarynyň belent ruhy dabaralara beslenýändiginiň, oňa halk köpçüliginiň işjeň gatnaşyp, milli Liderimiziň asylly başlangyçlaryny özüne baş ýörelge edinýändiginiň, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýarlygyna we ýurdumyzyň abadançylygyna gönükdirilen çäreleriniň rowaçlyga beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparyny tamamlap, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk derejede bolmalydygyny, onda täze taryhy eýýamda Watanymyzyň ýeten derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreler görülmelidir. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň berkemegini, onuň sport ýurdy hökmündäki derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirer we ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz uçuşy tamamlap, “Aşgabat 2017”-niň oýunlaryna taýýarlyk we ony degişli derejede geçirmek, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda çözülmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini, ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy we bu ýerden ugrady.

 

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=9596