BEÝIK ÝEŇIŞLERIŇ ŞATLYGY

Türkmenistanyň Gurluşyk  we  binagärlik ministrliginiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň ussat türgenleriniň “Aşgabat 2017” oýunlarynda gazanan ýeňişleri  bütin dünýäniň sport janköýerlerini buýsanja besledi

Dünýä giňişliginde erkinligiň, dost-doganlygyň, gülläp ösüşiň we sportuň mekany bolan ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V Aziýa oýunlary dünýä sportunda täze sahypany açdy. Paýtagtymyzda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylmagy Aşgabadyň parahatçylyk dörediji we iri halkara derejedäki sport merkezi hökmünde ykrar edilmegi üçin giň mümkinçilikleri açdy. Paýtagtymyzyň jümmüşinde bina edilen deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi sebitde iri toplum bolmak bilen, ýurdumyzyň täze belentliklerine we sport ulgamyndaky üstünliklere bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

“Aşgabat 2017” oýunlary oňa gatnaşýanlaryň düzümi we sport ýaryşlarynyň sanawy boýunça özboluşly häsiýete eýedir. Olar Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji gezek geçirilmek bilen, sebitde sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Bu ýaryşlaryň taryhynda ilkinji gezek Aziýa yklymyndan başga-da Okeaniýa döwletleriniň 19-syndan türgenler gatnaşyp, umuman, 65 topar sportuň 21 görnüşi boýunça güýç synanyşdylar.

Bütin dünýäde gyzgyn goldaw tapan “Aşgabat 2017” oýunlarynyň  dowamynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň umumy hasapda uly tapawut bilen öňdeligi ynamly eýelemegi ýurdumyzda sport forumyna düýpli taýýarlyk görlendigini äleme aýan etdi.

Şeýle belent ýeňişleri gazanmakda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň işjeň gatnaşandygyny belläp geçmek möhümdir. Olaryň hatarynda özünde başarjaň, ezber we tutanýerli türgenleriň ençemesini birleşdirýän Türkmenistanyň Gurluşyk  we  binagärlik ministrliginiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň ussat türgenleri-de bar.

“Aşgabat 2017” oýunlary adamzat jemgyýetini hereketlendiriji güýje eýe edýän sportuň ýaýbaňlanmagyna, adam mümkinçilikleriniň doly açylmagyna ýardam etdi. Şeýle giň mümkinçilikleriň çäginde “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň ussat türgenleri sport forumynyň şowhunly dowamynda dürli ugurlarda üstünlikli çykyş edip, dünýä türgenleriniň arasynda özleriniň ýokary başarjaňlygyny görkezdiler.

Bilşimiz ýaly, göreş türgenlerden güýjermenligi, erjelligi we tutanýerliligi talap edýär. Bu gyzykly göreş hemişe erjel pälwanlary saýlaýar. Şeýle ýaryşda “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň ussat türgeni Gylyç Jumaýew (90 kg) ussatlyk görkezmegi başardy. Ol türkmen milli göreşiniň nusgawy görnüşi boýunça taýsyz pälwanlygyny görkezip, altyn medala mynasyp bolmak bilen, hormat münberiniň birinji basgançagyna çykmagy başardy. Guşakly göreşiň erkin usuly boýunça geçirilen bäsleşikde bolsa ol bürnç medala mynasyp boldy.

Çekeleşikli geçen türkmen milli göreşi “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň ýene bir ussat türgenine üstünlik getirdi. Ol ezber pälwan  Mälik Annabaýew. Çekeleşikli oýunda Mälik (55 kg) kümüş medala mynasyp boldy.

Aşgabat Aziadasynda ýurdumyzyň 3х3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy ýaryşyň bürünç medalyna eýe boldy. Munuň özi   “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň bu toparynyň diňe bir basketbol boýunça däl, eýsem, toparlaýyn ýaryşlaryň ählisindäki ilkinji medalydyr. Şeýlelikde, toparyň ezber oýunçylary Aýna Gökowa, Bahar Mahmutowa, Watentina Meredowa bürünç medal gowşuryldy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda futzal boýunça ýaryş hem diýseň çekeleşikli geçdi. Bu oýunlarda Türkmenistanyň ýygyndysynda çykyş eden “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň oýunçylary Serdar Rejepow, Allaberdi Meredow, Ahmet Allaberdiýew, Şöhrat Baýramow, Watan Ataýew aýratyn tapawutlandylar. Şeýlelikde futzalçylar umumy oýunlaryň jemi boýunça 5-nji orny eýelediler.

Şu ýerde “Aşgabat 2017” oýunlaryny şowhunly pursatlara beslän kuraş oýnuna Türkmenistanyň Gurluşyk  we  binagärlik ministrligi hemaýatkärlik edendigini belläp geçmek möhümdir. Bu oýunda dünýä türgenleri 2 altyn medal, 7 kümüş medal hem-de 11 sany bürünç medal gazandylar.

Her bir üstünlik ynsan ruhuny buýsanja we şatlyga besleýär. Biz geljekde hem Türkmenistanyň Gurluşyk  we  binagärlik ministrliginiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň ussat türgenlerine ýeňişli menzilleri arzuw edýäris.

 

Atamyrat ŞAGULYÝEW,

                                           “Türkmenistanyň gurluşygy we binagarligi”