Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň hyzmatlaryny belledi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň ýeňşine uly goşant goşan türkmen tälimçileriniň hem-de türgenleriniň—milli ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň üstünligini ýokary döwlet sylaglary – “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlar bilen belledi.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen dabaraly çärä Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, tälimçiler, meşhur türgenler gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň sport ulgamyndaky öňdengörüjilikli strategiýasy sport döwleti hökmünde eziz Watanymyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam edýär. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda we bäsleşiklerinde, şol sanda Aziýanyň hem-de dünýäniň çempionatlarynda üstünlikli çykyş etmegi munuň şeýledigini tassyklaýar.

Ildeşlerimiziň “Aşgabat 2017” oýunlarynda gazanan ajaýyp netijeleri munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ýaryşlaryň ilkinji günlerinden olar öňdebaryjylygy eýeläp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldular. Türkmen türgenleri jemi 245 medala, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş hem-de 86 bürünç medallara mynasyp boldular!

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda sport hereketiniň ösdürilmegine ägirt uly üns bermegi netijesinde häzirki wagtda bu ugurda öň görlüp-eşidilmedik derejede ýokary netijeler gazanyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ýurdumyzda iri sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport desgalarynyň we meýdançalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Olarda sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy bolan bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Türkmenistanlylaryň ýüzlerçe müňüsi iň döwrebap sport toplumlarynda hem-de sport mekdeplerinde meşgullanýarlar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bölümler yzygiderli açylýar.

Özüniň daşary syýasat ugrunda parahatçylyk söýüjilik we Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan ynsanperwerlik gatnaşyklaryny, şol sanda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy netijeli diplomatik gurallaryň biri hasaplaýar. Ýurdumyz Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerini eýermek bilen, sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär hem-de bu babatda anyk ädimleri ädýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýygy-ýygydan geçirilýän halkara ýaryşlary arkaly biz dünýä bileleşigine milli medeni hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy, halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlaryny, ykdysady kuwwatymyzy, ylym, bilim, sungat ulgamlarynyň ösüşini görkezmegi başardyk.

Hut döwlet Baştutanymyzyň şahsy başlangyjy Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky çözgüdi kabul etmeginiň möhüm şerti boldy. Şeýle derejedäki giň möçberli çäreleri kabul etmek – bu örän jogapkärli wezipedir, ýöne biziň ýurdumyz şol wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmegi başaryp, Aşgabadyň medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň hakyky merkezi bolup durýandygyny bütin dünýä görkezdi.

Türkmen paýtagtynda ilkinji gezek guralan şeýle giň möçberli ýaryşlar eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da artdyrdy. “Aşgabat-2017” oýunlarynyň üstünligi hormatly Prezidentimiziň döwlet ösüş strategiýasynyň hem-de daşary syýasatynyň milli bähbitleriň hem-de ählumumy durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň sazlaşygynyň nusgasy bolup durýandygynyň ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

...Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar mähirli mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, şu gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň ýokary netijeleri gazanan türgenlerini we tälimçilerini dabaraly ýagdaýda sylaglamak kararyna gelnendigini aýtdy.

Milli ýygyndy toparymyzyň wekilleri V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç, jemi 245 medal gazanyp, berkarar döwletimizde sportuň hem güýçli ösendigini bütin dünýä görkezdiler diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.

Bu Oýunlar parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz döwletimiz üçin hem, dünýä bileleşigi üçin, hem aýratyn ähmiýetli taryhy wakalaryň biri boldy. Aziýa sebitinde iň gözel hem-de abadan şäherleriň birine öwrülen Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlary sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Garaşsyz Watanymyzyň tutuş dünýä açyklygyny ýene-de bir gezek aýdyň äşgär etdi.

Bu ýaryşlar ýurdumyzyň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny açyp görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we türgenlerimiziň ýeňişleri V Aziýa oýunlaryny has belent derejelere çykarandygyny nygtady. Bitarap döwletimiziň halkara sport abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk eden bu taryhy wakalar merdana halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Biziň her birimizde şatlykly duýgulary döredip, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň türgenlerine we tälimçilerine geljekde hem halkara hem-de dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyza mynasyp wekilçilik etmegi ak ýürekden arzuw edip, Olimpiýa hereketini ösdürmek, dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmak babatda hem olara uly tagalla etmegi wesýet etdi.

“Biz Garaşsyz ýurdumyzda sportuň beýik geljegine merdana ýaşlarymyzyň ynamynyň berkdigine çäksiz buýsanýarys!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr. Ynsany beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, onuň dünýägaraýşyny hem kämilleşdirýän bu gymmatlyklar biziň döwletimiziň durmuş we ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Öň hem belläp geçişim ýaly, biz bedenterbiýä we sporta agzybir jemgyýetimizi has-da jebisleşdirýän, merdana halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şoňa görä-de, bu ulgamlary ösdürmegi, raýatlarymyzyň ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdynlygyny gazanmagy döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şu wezipelerden ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalary kabul edildi, ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sportuň berk binýatly, ösen ulgamy döredildi. Kabul edilen milli maksatnamalary we özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sportda gazanylan ýokary netijeleri ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlary, paýtagtymyz Aşgabatda bolsa, ajaýyp Olimpiýa şäherjigi guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerimizi dünýä ýaýmak, parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sporty ösdürmek arkaly jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly öňe gitmegini gazanmagy, Garaşsyz Watanymyzy düýpli özgertmegi döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplaýarys.

Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda «Aziada − 2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresiniň Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilendigini buýsanç bilen belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen 36-njy mejlisinde bolsa, biziň öňe süren başlangyjymyz boýunça «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky» Jarnama biragyzdan kabul edildi. Bularyň ählisi Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygyny, halkara sport giňişliginde aýgytly gadam urýandygyny ykrar edýän taryhy wakalardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu ýerde milli Liderimiz meýletinçileriň işini hem aýratyn belläp geçdi. V Aziýa oýunlaryny geçirmekde meýletinçileriň paýyna işleriň agramly bölegi düşdi diýsem, ýalňyş bolmasa gerek. V Aziýa oýunlarynyň geçýän döwründe müňlerçe meýletinçiler gije-gündiziň dowamynda ussatlyk we başarjaňlyk bilen işläp, daşary ýurtly türgenlere we myhmanlara uly medeniýetlilik, sylag-hormat, halkymyza mahsus myhmansöýerlik we göwnaçyklyk görkezdiler.

Men bütin durky bilen Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özlerine ýörelge edinen ýaşlarymyzyň berkarar döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni we sport durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny we bu ýeňişli başlangyçlaryny doly goldaýaryn hem-de olara ýokary baha berýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym – sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr! Sporta söýgi -- durmuşa söýgüdir!” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Beden we ruhy sagdynlyk adamda ýaşaýşa ynamy has-da güýçlendirýär. Päk göwünli, berk bedenli, maksatlary aýdyň ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň ýaşlykdan sporta bolan endigi özlerinde terbiýelemegi olaryň uzak hem-de sagdyn ömür sürmegi üçin zerurdyr. Sport siziň beden we ruhy gözelligiňiziň sazlaşmagy, jemgyýetimiziň sagdynlygy üçin örän möhümdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Biz öňde goýan beýik maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys. Beýik maksatlara bolsa, diňe oýlanyşykly, döredijilikli işler, bedeniň we ruhuň kämilligi, ýeňişlere hem-de üstünliklere bolan uly ynam bilen ýetip bolar. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesiller bilen ýetilmejek menzil, bitirilmejek iş ýokdur diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Sportda her bir üstünlik berk binýadyň esasynda gazanylýar. Biz uzak ýyllardan bäri ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen örän çynlakaý meşgullanyp gelýäris. Türgenler, sport jemgyýetleri, Milli Olimpiýa komiteti we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, biziň ählimiz bilelikde türkmen sportuny ösdürmek ugrunda uly tagalla edýäris. Halkara derejesinde birinjilik ugrundaky ýaryşlarda biziň türgenlerimiziň hormatly münberiň iň ýokary basgançagyna çykýandygy tötänden däldir. Bularyň ählisi biziň bilelikde edýän şu tagallalarymyzyň guwandyryjy netijesidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Millionlarça adamlary birleşdiren V Aziýa oýunlary ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende göterdi. Dünýäde parahatçylygy we dostlugy berkarar etmäge goşýan ägirt goşandymyzy aýdyň görkezdi.

Nesip bolsa, Garaşsyz Watanymyzda bedenterbiýe we sport geljekde hem güýçli depginler bilen ösdüriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýaşlarymyzyň halkara derejesindäki ýaryşlarda ýurdumyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Türkmenistan ähli ugurlarda ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Geljekde bize mundan hem uly üstünlikler we şanly ýeňişler garaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ýygnananlary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziva oýunlarynda gazanan deňsiz-taýsyz ajaýyp üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

“Goý, halkara sport giňişliginde Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugy mundan beýläk-de belentde parlasyn!” diýip, milli Liderimiz çykyşyny tamamlady.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy üns bilen diňlenildi we şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabaraly çäräniň dowamynda milli Liderimiz ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň tälimçilerine hem-de türgenlerine “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” we “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlary dakmak hakyndaky Permanlara gol çekýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Permany okaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda tälimçilere “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly adyň dakylandygy hakyndaky altyn nyşanlary hem-de şahadatnamalary gowşurýar.

Türkmenistanyň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlaryň hatarynda Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan we Ýaponiýadan meşhur türgenler bar. Olar türgenlerimiziň konkur, agyr atletika, kuraş, futzal boýunça iň ýokary netijeleri gazanmagyna saldamly goşant goşdular.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katerina – Irena Anna-Margareta Ýakob Geb Şraýner “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly ady berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, 
şu günki senäniň özi üçin ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrülendigini belledi.

Çykyş eden tälimçi türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça şöhratly sport ussatlarynyň hem-de tälimçileriň gatnaşmagynda ruhubelentlik ýagdaýynda Aşgabat şäherinde 17-27-nji sentýabr aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ähmiýetini nygtady. Bu halkara sport çäresi bütin dünýäde uly gyzyklanma döretdi diýip, Katerina Ýakob aýtdy.

Germaniýaly tälimçi Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen sportuny, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, ak mermerli Aşgabatda gurlan hem-de käbir desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Olimpiýa şäherçesine haýran galýandygyny aýtdy.

Myhmanyň belleýşi ýaly, milli binagärlik däplerine laýyklykda gurlan hem-de ýurdumyzyň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan Olimpiýa şäherçesi bütin dünýäni haýran galdyrdy. Katerina Ýakob Türkmenistanyň ähli ulgamlarda çalt depginler bilen ösýändigini belläp, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda V Aziýa oýunlarynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady.

“Bu ýerde sport ýaryşlaryna tälimçi hökmünde gatnaşmak hem-de türkmen türgenlerini konkur boýunça taýýarlamak, hut hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan ýokary sylagy almak mende ägirt uly buýsanç duýgusyny döredýär” – diýip, nemes tälimçisi aýtdy.

Özüniň işine ýokary baha berlendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Katerina Ýakob döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we parahatçylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz milli ýygyndy toparymyzyň tälimçilerini hormatly atlaryň dakylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olaryň mundan beýläk-de ýurdumyzyň sportunyň abraýyny belende göterjekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda “Aşgabat 2017” oýunlarynda altyn medallara mynasyp bolan türkmen türgenlerine ýadygärlik altyn nyşanlary hem-de “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen adyň dakylandygy hakyndaky şahadatnamalary gowşurýar.

V Aziýa oýunlaryna gatnaşan türgenlerimiziň adyndan türkmen milli göreşi, guşakly göreş we alyş göreşi boýunça ýaryşlarda 6 sany altyn medala eýe bolan Seýdi Batyrow şeýle ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Çykyş eden beýleki türgenlerimiz bilen birlikde, eziz Watanymyza bu abraýly sport ýaryşlarynda wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belläp, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazanan üstünliginiň hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde döredilen ajaýyp şertleriň hem-de iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen sport toplumlarynda, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk olimpiýa şäherçesinde yzygiderli türgenleşikleriň aýdyň netijesidigini nygtady.

S.Batyrow sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň tarapdary hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyzçysy bolan milli Liderimiziň bu babatda ýurdumyzyň ýaşlary üçin görelde bolup durýandygyny belledi. Çykyş eden türgen hormatly Prezidentimizden sylaglary kabul etmegiň ýurdumyzyň ähli türgenleri üçin uly hormatdygyny aýdyp, olaryň dünýäniň sport giňişliginde täze ýeňişleri gazanyp, ýurdumyzyň sportunyň abraýyny has-da belende galdyrjakdygyna ynandyrdy.

Ýurdumyzyň tälimçileriniň hem-de türgenleriniň adyndan S.Batyrow döwlet Baştutanymyza welosiped gowşurdy.

Milli Liderimiz bu gymmatly sowgady muzeýe sowgat berýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem aýratyn tapawutlanan türgenlere has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň berilýändigini habar berdi.

Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary netijeler görkezen Türkmenistanyň ýygyndy toparyny sylaglar bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň – sagdynlygyň we bagtyýarlyk ýurdunyň halkara abraýyny artdyrmak boýunça alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

“Goý, dünýäniň sport hereketine üstünlikli goşulyşýan hem-de täze ýeňişleri gazanýan Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki mertebesi has-da beýgelsin!” diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hoşlaşanlarynda türgenlerimiz döwlet Baştutanymyza atalyk aladasy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdiler we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşy ugrunda alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Döwlet Baştutanymyz sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik üçin surata düşüp, bu ýerden ugrady.

***

Şeýle hem şu gün paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda kümüş we bürünç medallaryny gazanan türgenlere sylaglary hem-de ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçen bu dabaraly çäre netijeli işlemek üçin iň oňat şertleri döretmäge, olaryň başlangyçlaryny goldamaga hem-de öz borjuny jogapkärli ýerine ýetirmegi, Watana wepalylygy üçin höweslendirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuş taýdan ileri tutuýlan ugurlaryny bütin aýdyňlygy bilen ýene-de bir gezek ýüze çykardy.