Türkmenistanyň Prezidenti ýaşuly nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Yaşulularyň halkara güni bilen gutlady

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler! 

Gadyrly watandaşlar! 

Sizi bütindünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda giňden bellenýän Yaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýaşululara hormat-sarpa goýmak, mertebesini belende götermek biziň milli ýörelgämiziň esasydyr. Şoňa görä-de, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýan bu halkara baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban halkymyzy, aýratyn hem ýaşuly nesillerimizi galkyndyryp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn! 

Ýaşulularyň halkara güni adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýan möhüm ähmiýetli sene hökmünde ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun aldy. Bu halkara baýramynyň many- mazmunynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen paýhasy, watansöýüjilige we ynsanperwerlige esaslanýan durmuş ýörelgeleri jemlenendir. Şoňa görä-de, bu baýrama bagyşlanyp, pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşuly nesillerimiziň hormatyna paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Garaşsyz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde baý mazmunly medeni- jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. 

Ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän bu halkara baýramynyň göwün galkyndyryjy dabaralary il sylagly ýaşulularymyzy, mähriban enelerimizi, ähli watandaşlarymyzy beýik maksatlarymyzyň töweregine mäkäm jebisleşdirýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe watansöýüjilik, dostluk, hoşniýetlilik, ululara hormat goýmak, ata-enäni sylamak ýaly durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ynsanperwer ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýändigimize şaýatlyk edýär. 

Mähriban halkym! 

Biziň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyza laýyklykda zähmetsöýer, gujur-gaýratly, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy, Garaşsyz ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwletleriň biri hökmünde dünýäde doly ykrar edilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. 

Biz ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, ýaşuly nesillerimiz hakynda uly alada edýäris. Ýaşuly nesillerimiziň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris. Şoňa görä-de, iň öňdebaryjy dünýä tejribeleri esasynda gurlan dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda halkymyza, şol sanda ýaşuly nesillerimize ýokary derejede hyzmat edilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisinde abraýly halkara Guramasynyň «2017-2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna», «2016-2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna», şeýle hem «2017-2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna» Türkmenistanyň saýlanmagy bu ugurda bizi has-da guwandyrýar. 

Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň beýik ýörelgelerine esaslanýan syýasatymyzy, döredijilik başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmekde hormata mynasyp ýaşulularymyz daýanjymyz bolup durýar. Jebisligimizi, agzybirligimizi pugtalandyrmakda, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde hem ýaşuly nesliň hyzmaty örän uludyr. Biz eziz Diýarymyzda amala aşyrýan tutumly işlerimize, beýik başlangyçlarymyza, toý-baýramlarymyza ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýäris. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýaňy-ýakynda üstünlikli geçirilen hem-de dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem muňa doly şaýatlyk edýär. 

Şoňa görä-de, eziz Watanymyza ak ýürekli we yhlasly hyzmat etmek, özbaşdak, erkin, garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini hem- de rowaçlyklaryny berkitmek, ýaş nesillerde şöhratly geçmişimize we şu günümize buýsanjy artdyrmak, geljegimize beýik ynamy döretmek, jemgyýetimiziň kämilleşmegine ýardam edýän milli däplerimizi mynasyp dowam etmek, mähriban halkymyzy beýik işlere hem-de ösüşlere galkyndyrmak, ýaşuly nesiller barada hemişe alada etmek biziň mukaddes borjumyzdyr. 

Garaşsyz döwletimizde, her bir maşgalada asudalygy hem-de agzybirligi pugtalandyrmakda, Watana, il-güne wepaly, ak ýürekli, zähmetsöýer, belent ahlakly, ýaşuly nesle sarpa goýýan nesilleri terbiýelemekde baý tejribe toplan parasatly ýaşulularymyz, maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiz özboluşly durmuş mekdebidir. Türkmen jemgyýetinde olaryň sarpasy hemişe belentdir! 

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler! 

Gadyrly watandaşlar! 

Sizi Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! 

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, ýurt parahatçylygyny, Garaşsyz Watanymyzyft gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri hem-de rowaçlyklary arzuw edýärin!