Türkmen türgenleriniň döwlet baştutanyna sowgady Prezident muzeyine tabşyryldy

Aşgabat Aziadasynda Watanymyza wekilçilik eden türgenleriň we tälimçileriň adyndan milli köpçülikleýin sport we bedenterbiýe, olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan, “Aşgabat 2017” oýunlary geçirmek başlangyjy bilen çykyş edip, Aziada taýýarlyk döwrüniň tutuş dowamynda oňa gönüden-göni ýolbaşçylyk eden, sagdan durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyzçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berlen welosiped Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň Prezident muzeýine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu ýerde geçirilen dabara paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de sport jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar. 

Mälim bolşy ýaly, dünýä ýaň salan oýunlar tamamlanandan soň, ertesi güni hormatly Prezidentimiz säher bilen ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türgenlerimizi we olaryň tälimçilerini gutlap, hormatly atlary we şa serpaýlaryny gowşurdy. Ýurdumyzyň sport jemgyýetçiligi bolsa bu belent hormata çäksiz hoşallyk bilen milli Liderimize döwrebap sport welosipedi sowgat berdi. Hormatly Prezidentimiz sowgady minnetdarlyk bilen kabul edip, ony muzeýe berýändigini aýtdy. Türkmen tälimçileri we türgenleri bu gymmatly sowgady Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýerleşýän Prezident muzeýine gowşurdylar. Indi ol muzeýiň milli sport bölüminiň ajaýyp gymmatlarynyň hatarynda orun aldy. 

Bu bölümde hormatly Prezidentimize ozal hem sowgat berlen sport lybaslarydyr ulaglarynyň ençemesi bar. Meşhur «Volkicar»ýaryş ulagynyň sürüjisi üçin niýetlenen sport lybasy muzeýiň görnükli ýerinde ýerleşdirilipdir. Ol hormatly Prezidentimiziň Içeri işler ministrligine degişli Sport-ulag merkeziniň açylyş dabarasynda «Volkicara»ussatlyk bilen erk edende geýen lybasydyr. Italiýanyň meşhur kompaniýalarynyň birinde öndürilen lybas oňaýlylygy we her dürli ýagdaýa hem çydamlylygy bilen tapawutlanýar. 

Milli sport bölüminiň gymmatly eksponatlarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiziň erk eden «Volkicary»hem bar. Mälim bolşy ýaly, «7-lik» belgili bu sport ulagynda hormatly Prezidentimiz ussatlygyny görkezip, geçirilen ýaryşyň ýeňijisi bolupdy. 

Bölümi milli Liderimiziň ýaşlaryň arasyndaky çempionatyň jemleýji duşuşygynda geýen hokkeýçi lybasy we hokkeý taýagy hem bar. Şol taryhy günde hormatly Prezidentimiz şaýba gol çekip, ýaş hokkeýçilere sowgat beripdi we hokkeý boýunça ussatlygyny görkezipdi. Bölümi şu agzan pursatlarymyzdan alnan suratlar we maglumatlar hem bezeýär. Suratlaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň «Alfa-Romeo», «BMW» sport ulaglaryna ussatlyk bilen erk edýän görnüşlerinde düşürilenleri hem bar. Mälim bolşy ýaly, mundan üç-dört ýyl ozal 5 ulagyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýoly — Gökdere aralygynda ýaryş geçirildi. Şol ýaryşda hormatly Prezidentimiz «Alfa-Romeo» sport ulagyna erk edip, birinji orna mynasyp boldy. 

«Türkmenistan» kysymly täze welosipediň getirilmegi bilen, Prezident muzeýindäki welosipedleriň sany 5-e ýetdi. Ol, esasan, gymmat bahaly karbon metalyndan we bambuk agajyndan ýasalyp, altyn çaýylandyr. Karbon we bambuk welosipediň has ýeňil hereket etmegine we çydamlylygyna oňat täsirini ýetirýär. Täze welosiped muzeýiň iň gymmatly eksponatlarynyň biri bolar — diýip, Döwlet muzeýiniň ýolbaşçysy Öwezmuhammet Mämmetnurdow gürrüň berýär. 

Dabara «Aşgabat 2017-de» üstünlik gazanan we milli Liderimiziň şa serpaýyna, hormatly adyna mynasyp bolan türgenleriň hem birnäçesi gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylar türkmen sportunyň gysga wagtyň dowamynda görlüp-eşidilmedik derejede ösdürilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler.